Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25 Mart 2024
203

23-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlar esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.