Ýaşyl baglar — baky bahar, baky bagt

21 Mart 2024
458

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde, has takygy, 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.
Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde, Arçabil şaýolunyň ugrunda, şeýle hem Köpetdagyň eteginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň belent ýadygärliginiň töwereginde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz 7 sany bag nahalyny oturtdylar. Mälim bolşy ýaly, ýedilik san türkmenlerde şowlulygyň we rowaçlygyň nyşany hasaplanylýar.

Ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň 594 müň 892 düýbi oturdyldy. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million 376 müň 204 düýp agaja ideg işleri geçirildi. Bu asylly iş Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hezreti Muhammet örän rehimdar bolupdyr, diňe ynsanlara däl, haýwanlara-da, ähli zada rehimli bolmagy ündäpdir. Bu babatda öz hereketleri bilen görelde bolupdyr. Ýeke galan, üşeýän, açlyk çekýän, kesele ýolugan haýwanlar barada alada edipdir. Agaç ekene, teşne agajy suwarana sogap ýazylýandygyny aýdypdyr» diýen sözlerini ýatladýar.

«Adalat».