Tutanýerli zähmet: maksadymyz we wezipämiz

21 Mart 2024
370

Halkymyz täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly buýsançly şygara beslenen ýylyny belent maksatlara, täze üstünliklere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesini «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir tutumly başlangyjy jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine uly itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda zähmete we zähmet çekýän adamlara aýratyn sylag-sarpa goýulýar. Zähmeti goramaga we goldamaga, zähmetiň konstitusion ýagdaýyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine geçiş döwründe raýatlaryň zähmet hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepilliklerini kesgitlemek zähmet kanunçylygynyň wajyp maksady bolup durýar. Bu meseleleriň ähmiýetiniň örän wajypdygy sebäpli, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 1-nji maddasynda  ýurdumyzyň zähmet kanunçylygynyň maksatlary we esasy wezipeleri göz öňünde tutulandyr.

Begenç REJEPOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.