Senagatyň köptaraplaýyn ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge mümkinçilik döredýär. Ýerli mineral çig mal serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Çünki biziň ýurdumyzda metal we metal däl, dag-magdan, gidromineral we beýleki gazylyp alynýan baýlyk känleri bar. Olaryň arasynda geljegi uly, gymmatly, seýrek duş gelýän we dagynyk elementleriň çig mal serişdeleri hem aýratyn orun tutýar.
Dagynyk elementler öz arasynda dürli toparlara bölünýär. Ýöne bu toparlama örän şertli, sebäbi elementleriň köpüsi dürli toparlara degişli bolup bilýär. «Seýrek duş gelýän elementler» diýlip, taryhy nukdaýnazardan düzülen we köplenç täze tehnikada ýa-da az mukdarda ulanylýan hem-de özleşdirilýän elementlere düşünilýär. Tehniki taýdan ösüş derejesiniň we ulanylyşynyň artmagy bilen, käbir seýrek elementler indi adatylara degişli edilýär. Dagynyklar hususy ýataklary bolmadyk we köplenç reňkli metallaryň ýa-da beýleki seýrek elementleriň magdanlarynda örän az mukdarda garyndy görnüşinde tapylýar. Şonuň üçin seýrek we dagynyk elementleri ýüze çykarmak hem-de öwrenmek, mineral çig malyň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, örän çylşyrymly we barlagyň takyk usulyny ulanmagy talap edýär. Eger-de metallaryň köpüsi gadymdan tanyş ýagdaýda ulanylyp gelinýän bolsa, onda seýrek elementler soňky ýyllardan bäri bellidir. Olar senagatda diňe 60 — 80 ýyl mundan öň, esasan, häzirki zaman tehnikasynda, mikroelektronikada, optiki linzalary, katalizatorlary öndürmekde we beýleki köp sanly maksatlarda ulanylyp başlandy. Skandiý, ittriý, lantan, seriý ýaly seýrek birleşmeler tele we wideotehnikada giňden peýdalanylýar.