Düzüminde adama gowy täsir edýän biologik işjeň serişdeler bolan ösümlikler dermanlyk otlar hasaplanylýar. Dermanlyk ösümlikleriň 250-si farmakologiýa synaglaryndan geçip, lukmançylykda resmi taýdan kesel bejermäge ukyply diýlip ykrar edildi. Olaryň has peýdalylary lukmançylykda sintetiki dermanlar bilen bilelikde ulanylýar. Ýapraklarda, gabyklarda, gunçalarda we ençeme beýleki ösümliklerde has gymmatly maddalar bar.
Otlar antibiotikleriň, çişe garşy serişdeleriň ýerini tutup bilmeýärler. Lukmanlar özbaşdak ýasalan dermanlaryň käbir ösümlige bolan allergiýa, garaşylmadyk reaksiýa, dermanyň nädogry möçberde berilmegi, ýalňyşlyk bilen berlen dermanyň bedeni zäherlemegi, beýleki keselleriň has möwjemegi ýaly ters ýagdaýlara getirip bilýändigini belleýärler. Dermanlyk ösümlikler bilen meşgullanmak üçin giňişleýin bilim gerek. Haýsy ösümligiň haýsy kesele emdigini bilmekden başga-da, onuň bedeniň beýleki ýerlerine edip biläýjek täsirlerini hem ýatdan çykarmaly däl.