«7/24. tm» № 08 (195), 19.02.2024
Bagy-bossanlykda şeýle bir täsin jady bar. Tebigatyň bu gözel ýeri adamlarda ýakymly duýgulary oýarýar. Bagyň bar ýerinde sergin, tämiz howa bar. Bagyň bar ýerinde guşjagazlar bar, owaz bar. Bagyň bar ýerinde ba:r bar. «Bagy-bossanlyk» edebiýat meýdanynda göçme mana hem eýe bolupdyr. Bu söz ajaýyp durmuşyň, bagtyýar ýaşaýşyň aňladylmasy hökmünde söz ussatlary tarapyndan häzir hem işjeň ulanylýar.