Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr. Onuň gurlan senesi binanyň öň tarapynda, girelgesinde ýazylypdyr. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinden soň, gynansak-da, metjit weýran bolýar. Onuň ozal nähili bolandygyny diňe galan suratlardan görüp bolýar. Ýene-de bu metjidiň öz rowaýaty hem bar, ondaky geň-taň şekilleriň taryhyny hem şol rowaýat gürrüň berýär. Metjidiň esasy girelgesiniň ýokarsynda iki sany aždarhanyň şekili bar. Bu metjit il içinde hormatlanylýan adam, dini ylymlaryň ussady Seýit Jemaleddiniň guburynyň öňünde gurlupdyr. Seýit Jemaleddin barada onuň oglunyň soltan Abul Kasym Baburyň dikmesi — ýerli emir bolandygyndan başga maglumat galmandyr.
Änewliler metjitde aždarhanyň şekillendirilmeginiň sebäbini düşündirýän şu rowaýaty gadymdan bäri gürrüň berýärler: «Has gadym zamanlarda bu ýerde kuwwatly gala hem-de şäher bolup, oňa Jemal atly zenan maşgala (rowaýatyň beýleki bir nusgasynda Seýit Jemal atly erkek kişiniň hökümdar bolandygy hem aýdylýar) hökümdarlyk edipdir. Ol hökümdar örän pähimli hem-de adalatly ekeni. Gala diwarynyň düýbünde, metjidiň häzirki duran ýerinde jaňjagaz asylgy bag ösüp oturanmyş. Möhümi bolan her bir ötegçi şol agajy yralap bilýärmiş. Jaňyň sesini eşiden hökümdaryň nökerleri derrew gelipdirler hem-de mätäje kömek edipdirler.