Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň «Kerki» döwlet medeni-taryhy goraghanasynyň hünärmenleri indi birnäçe ýyldan bäri Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş we rejeleýiş işlerini alyp barýarlar. Netijede, bu orta asyr ýadygärliginiň uzak asyrlaryň dowamynda howa şertleriniň täsiri bilen asyl durkuny üýtgeden baş girelgesiniň gurluşy dolulygyna dikeldildi. Kerwensaraýyň howlusy arassalanyp, geçirilen ylmy-gözleg işleriniň netijesinde, içki otaglary öwrenilip, asylky nusgasynda rejelenýär.
Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda köp sanly şäherler, bazarlar, kerwensaraýlar, myhmanhanalar, sardobalar, çaýhanalar we argyşçylar üçin dynç almaga hem-de söwda etmäge niýetlenen howlular, harby berkitmeler gurlupdyr. Çünki orta asyr ykdysadyýetinde bu ýoluň ugry boýunça kerwenler arkaly amala aşyrylan söwdanyň aýratyn möhüm orny bolupdyr. Kerwenleriň oňat dynç almagyny we howpsuzlygyny üpjün etjek kerwensaraýlara uly üns berlipdir. Kerwensaraýlar, adatça, uly şäherlerden uzakda ýerleşipdir. Howply ýerlerdäki şeýle binalaryň daşyna berk goranyş diwarlary aýlanyp, olar ýokary taýýarlykly harbylar tarapyndan goralypdyr. Daýahatyn hem şeýle wezipäni berjaý eden kerwensaraýlaryň biri hökmünde IX asyrda, Amuldan Köneürgenje barýan söwda ýolunyň ugrunda gurlupdyr. Onuň täsin binagärlik gurluşy bilen häzirki wagta çenli saklanyp gelýän gurluşyk toplumy haýran galdyrýar. Kerwensaraý Türkmenabat — Darganata awtomobil ýolunyň 173 kilometrliginde Halkabat demir ýol menzilinden uzak bolmadyk ýerde, Gabakly obasynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýerde Amyderýanyň ugry boýunça gatnaýan täjirleriň gyzgalaňly söwdasy hem amala aşyrylypdyr.