Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik.
1947-nji ýylda, Aýhan Hajyýewiň Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň 3-nji ýyllygynda bilim alýan wagty Aşgabatda Magtymgulynyň keşbini döretmek ugrunda bäsleşik yglan edilýär, oňa gatnaşmaga ýaş suratkeş hem çagyrylýar. Emma beýik türkmen şahyrynyň suratyny çekmek pikiri onda bäsleşikden kän wagt ozal döräpdi. Bäsleşige A.Hajyýew soňky çeken suratynyň eskiz görnüşini ugradýar, şol surata hem bäsleşigiň birinji baýragy gowşurylypdyr. Bu waka ýaş suratkeşiň göwnüni ganatlandyrýar, ol esasy portreti döretmäge girişýär.