Mukaddes borç

30 Ýanwar 2024
1081

Biz durmuş hakynda köp oýlanýarys. Onuň synagly ýollary adamlary taplaýan bolsa, ýapýan serpaýlary guwandyrýar, özüne müdimilik aşyk edýär. Durmuş hakynda oýlandygyňça-da, nämüçindir oý-pikirleriň soňy hökman enelere syrygyp gidýär.

Eneler dünýäniň başlangyjy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Çünki Watan goraýan ärleri, ylymdar pirleri, söz daragtynyň gülüni tiren Magtymguly Pyragy deý zorlary dünýä inderen hem eneler. Enäniň kalby bakylygyň altyn gapysyna meňzeýär. Ene kalbynda ýerlän ogul-gyzlar ömrüni şol kalbyň töründe ezizlenip geçirýärler. Ene söýgüsi mizemez, ol söýgi öz ornuny hiç bir zat bilen çalyşmaýar. Ähli zady özgerdip bilýän wagt hem ene söýgüsini özgerdip bilmeýär. Ene diňe öz dünýä inderen balalaryna enelik edeni bilen kanagatlanmaýar. Ol balalarynyň balasyna-da, olaryň nesillerine-de enelik mährini bolluk bilen eçilip bilýär.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy.