Darganata galasy

24 Ýanwar 2024
1256

Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi saklanyp galypdyr. Şeýle medeni gymmatlyklaryň biri-de Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän adybir galadyr. Bu ýadygärlik Darganata şäheriniň merkezinden 4,5 kilometr günorta-gündogarda, tebigy beýikligiň üstünde ýerleşýär.

alanyň meýdany 9 gektara barabar bolup, günorta-gündogardan demirgazyk-günbatar tarapa uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy 380, ini 230 metr, umumy beýikligi bolsa 15 metre golaý. Ýadygärligiň welaýatymyzyň çäginde saklanyp galan arheologiki ýadygärliklerden üýtgeşik tarapy daşky gorag diwarlarynyň esasy böleginiň biziň günlerimize çenli gowy saklanyp galandygydyr.

Solmaz ÝUSUPOWA,
«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.