Döwrüň wajyp meselesine bagyşlanýar

19 Ýanwar 2024
1399

Şu günler etrap zenanlar guramasy bilen edara-guramalarda, raýatlar toparlarynyň arasynda bolup, maşgala abadançylygyny berkitmeklige bagyşlanan wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmeklige giň gerim berýäris. Jemgyýetde asudalygy we bagtyýarlygy üpjün etmäge bagyşlanýan şeýle ähmiýetli çärelere kümüş saçly enelerimiz we döwrümiziň bagtyýar zenanlary, okuwçy gyzlar gatnaşýarlar.

Wagyz-nesihat çärelerinde jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryny berkitmeklige, sagdynlyk ýörelgelerine eýermeklige, çaga terbiýesiniň ähmiýetine gönükdirilýän çykyşlara giň orun berilýär. Şeýle hem bagtyýar zamanamyzda raýat jemgyýetini berkarar ekmek, gender deňligini saklamak, ýaş we köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek, zenanlara durmuş ýeňilliklerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda buýsançly çykyşlar diňlenilýär. Mährem enelerimiz öz çykyşlarynda Watana, il-güne we maşgala ojagyna wepaly nesilleriň kemala gelmeginde zenanlara aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýarlar.

Bahargül KADYROWA,
Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy.