Ýol üçin ýelim
Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň alymlary ýörite ýelimiň kömegi bilen berk ýol örtügini döretmäge mümkinçilik berýän üýtgeşik tehnologiýany işläp düzdüler. «Superýelim» diýlip atlandyrylýan ýelim suwda eredilen mikron ölçegli polimer bölekleriniň esasynda döredildi. Alymlaryň bu açyşy ýol gurluşygy pudagynda hil babatynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga ýardam berer. Adaty ýelimler ýol örtüginde ulanylanda, pugtalygy bilen tapawutlanmaýar. Ýöne russiýaly alymlaryň oýlap tapan ýelimi topragyň dürli görnüşlerini birleşdirip, olary örän berk ýol örtügine öwürmäge ukyplydyr. Bu tehnologiýanyň ulanylmagy täze ýollary gurmagyň we ozaldan barlaryny abatlamagyň bahasynyň arzanlamagyna hem ýardam berer.