Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda orta mekdeplerde alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp, dünýäniň ösen ylmy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen has-da kämilleşdirilýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly okuwyň interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyna, çuňňur özleşdirilmegine we ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiliklerine akyl ýetirmeklerine ýardam edýär.