Ýaşlaryň uly üstünliklerine beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 8-si — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty «UI GreenMetric World University Rankings» sanawyna goşuldy. Muny tassyklaýan şahadatnamany golaýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari gowşurdy. Bu abraýly sanawyň aýratynlyklary, ýurdumyzyň oňa goşulan ýokary okuw mekdepleriniň gazananlary hakynda professor, doktor Riri Fitri SARI şeýle gürrüň berdi:
— Ýokary hünär bilimi ulgamy ýurduň, dünýä hojalygynyň ösüşinde, öňde duran wezipeleriň, möhüm çagyryşlaryň çözülmeginde, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýän Indoneziýa uniwersiteti (UI) 2010-njy ýylda «UI GreenMetric World University Ranking» bütindünýä uniwersitetler reýtingini esaslandyrdy. Onuň esasy maksady hünär okuw mekdepleriniň durnukly ösüş, ekologiýa babatdaky tagallalaryny, ýeten sepgitlerini bahalandyrmakdan ybaratdyr.