Bu köpler üçin gyzykly bolsa gerek. Bereketli türkmen topragynda Täze ýyl uly şatlyk-şowhun bilen garşy alynýar. Aýratyn-da, bu baýram çagalar üçin örän gyzykly bolýar. Çünki bagtly çagalygyň ýurdunda körpe nesliň ähli arzuwlary wysal tapýar. Onuň üçin Aýazbaba hat ýazyp, Täze ýyl arçasynyň aşagynda goýaýmaly. Hatymyzy taýýarlaýançak, dünýä halklarynda Täze ýylyň garşy alnyşy bilen tanyş bolaýalyň.
Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip garşy almak bu baýramyň esasy aýratynlygy bolsa gerek. Bu dünýä halklarynda-da şeýle. Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýada bu baýram 25-nji dekabrda başlanyp, bir aýa çenli dowam edýär. Ýapon halky Täze ýylyň öňüsyrasynda ybadathana zyýarata baryp, öý-içerisine, ýakynlaryna bagt, saglyk, abadançylyk dileg edýär. Olar öýlerini bambuk, erik, arça agaçlarynyň şahalary bilen bezeýärler. Çünki bu agaçlaryň baýlyk, abadanlyk, rowaçlyk, söýgi getirýändigine ynanýarlar. Täze ýyl gijesinde tüwi unundan köke taýýarlap, biri-birlerine hödür edýärler. Ýapon halky «Ak we gülgüne reňkli kökeler şowlulyk getirýär» diýen ynanja uýýar.