Toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem tamamlanyp barýar. Täze — 2024-nji ýylyň öň ýanynda Arkadag şäheriniň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde ýaňlanan bagt toýunyň joşgunly aýdym-sazlary täze durmuşa gadam basýan ýaşlaryň köňül arzuwlarynyň wysaly bolup ýaňlandy.
Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bagynyň hojalyk müdiri Kemalnazar Pirliýew öz göwün beren gözeli — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Aýjahan Taňrygulyýewa bilen bagt nikasyndan geçip, durmuş toýuny tutdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Pirliýewleriň maşgalasyna goşa şatlyk getirendigini bellemek ýakymly. Şäheriň «akylly» öýlerinden paýly bagtyýar maşgalanyň täze jaý toýuny toýlany ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa täze öýe täze gelniň gadamy düşüp, agzybir maşgalanyň şatlygy goşalandy. Maşgala ojagynyň eýesi, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim we terbiýe bölüminiň müdiri Amanjahan Pirliýewanyň şatlyk-begenjiniň çägi ýok: