Arzyly gün

5 Dekabr 2023
1685

Durmuşyň bize eçilýän şatlygy, buýsanjy, üstünligi bir ýa-da iki däl. Men munuň şeýledigine eje bolan günüm has aýdyň göz ýetirdim. Ilkinji perzendimiň jägildäp dünýä inmegi bilen ukudan oýanan ýaly boldum. Ençeme aýlap hut şu pursata garaşan hem bolsam, ýaňy dünýä inen balamyň näzijek sesiniň maňa beýle täsin duýgyny bagyş etjekdigini bilmändim. Ýogsa bala-çaganyň juda süýji bolýandygyny eşide-eşide gelýärdim.

Adam her bir zady öz başyndan geçirmese, aýdylan-diýleni bilen oňa doly düşünip bilmez eken. Şol günden bäri süýji-süýji ukulardan, toý-tomgudan az-kem daşlaşan hem bolsam, dünýäde menden bagtly adam ýok. Körpejämiň sülük ýaly barmajyklary, aglanda kemşerip gidýän dodajyklary, öýde iki ýana ýöresem meni yzarlaýan garaja gözleri meni özüne bendi edip goýupdy. Bu enaýyja perişdejige şeýle bir imrinipdim welin, ol-a ukymy köýdürmek eken, hut öz ýüregim gerek bolsa-da pikirlenmän bermäge taýýar boldum.

Oguldursun RUSTAMOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň mugallymy.