Ýokary hilli gurluşyk harytlary

23 Oktýabr 2023
1373

Bu günki gün hususy pudak ýurdumyzda haryt bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginde-de hususy ulgama uly orun degişlidir. Hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalaryň, aýry-aýry telekeçileriň öndürýän önümleri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny birkemsiz tutýar. Türkmen işewürleriniň öndürýän önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar, olaryň daşary döwletlere eksport edilýän möçberi-de ýylsaýyn artýar.

Harytlaryň dürli görnüşlerini öndürmekde ýeterlik tejribe toplan telekeçiler gurluşyk üçin gerek bolan serişdeleri öndürmekde-de yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň çar künjünde gurulýan täze binalardyr desgalary gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň uly goşandy bar. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlar gurluşyklarda giňden ulanylýar.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».