Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berkarar döwletimiz ösüşleriň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam goýdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň depginli ösüşi dowam edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ösüşler bilen öňe tarap hereket etmegiň esasy ýol görkezijisine öwrüldi.
Bu maksatnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak boýunça alnyp barylýan işlere, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni bagly bolup durýar.