Aşgabat — tämizligiň şäheri

2 Awgust 2023
1657

Aziýanyň merjeni bolan türkmen paýtagty ajaýyp keşbi, täsin binagärligi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda Aşgabat bagy-bossanly şäher hökmünde tanalýar. Gök öwsüp oturan baglar, älemgoşar ýaly dürli reňkli güller, süňňüňi ýeňledip, kalbyňa rahatlyk berýän suw çüwdürimleri ak mermerden bina edilen paýtagtymyzyň görküne görk goşup, gaýtalanmajak gözelligi emele getirýär. Dünýäniň çar künjeginden şeýle gözelligi synlamaga gelýänleriň sany barha artýar. Paýtagtymyzyň gün-günden özgerip, ajaýyp keşbe eýe bolmagynyň sakasynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň irginsiz aladalary ýatyr.

«Watan».