Uýalardan tama uly

28 Iýul 2023
506

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän şanly wakalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine sary bedew bady bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. «Biz ýaşlarymyzyň sagdyn we berk bedenli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri, olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, ýaramaz endiklerden daşda durmaklary, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmaklary, sport äleminde ýokary netijeleri gazanmaklary üçin geljekde-de ähli şertleri dörederis. Ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, çempionatlardyr Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap meýdançasyna öwreris. Täze sport düzümlerini döretmek arkaly hakyky sport söýüjileriň, ussat türgenleriň döwrebap neslini kemala getireris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli sport ulgamyny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap almagyny gazanmakda alnyp barylýan işleriň gerimini barha giňeldýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle ajaýyp döwürde türgenleriň kemala gelýän täze nesli hakynda söhbet etmegiň hem özboluşly lezzeti bar.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 3-nji sport mekdebinde sportuň beýleki birnäçe görnüşleri bilen birlikde, türkmen milli göreşi hem-de guşakly göreş boýunça hem ýaşlara tälim berilýär. Mekdebiň türkmen milli göreşi boýunça tälimçisi Gurbangeldi Arazgeldiýewiň halypalyk edýän gurnagyna gatnaýan oglanlar bilen birlikde, gyzlaryň sanynyň-da ýyl-ýyldan artmagy sportuň göreş görnüşine isleg bildirýänleriň barha köpelýändiginiň güwäsi bolup durýar. Munuň sebäbi öz-özünden düşnükli, çünki göreş tutmak ata-babalarymyzdan bize miras galan iň ýörgünli sport görnüşleriniň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň bilen meşgullanmak üçin ýaşlara ähli şert-mümkinçilikler döredilendir.

Aşyrberdi GURBANOW.
Beýleki habarlar