Ýeňijiler sarpalandy

28 Iýul 2023
613

Bu günki gün halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenlerimizi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Golaýda Türkmenabat şäherinde halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Dabarada şu aýyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisinde ― Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Lebap welaýatynyň türgenleri sylaglanyldy. Bu iki ýaryşda welaýatyň türgenleriniň bäşisi medallaryň ýedisine mynasyp boldular. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar