Ikinji aýlaw awgustda başlanar

28 Iýul 2023
524

4-nji awgustda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji aýlawyna badalga berler. Şol gün üç duşuşyk geçirilip, onda «Şagadam» – «Köpetdag», «Aşgabat» – «Merw» hem-de «Energetik» – «Ahal» toparlary duşuşarlar. Çempionatyň 10-njy tapgyry 5-nji awgustda «Nebitçi» bilen «Altyn Asyr» toparlarynyň duşuşygy bilen jemlener.

Çempionatymyzyň birinji aýlawynyň jemi boýunça 24 utuk toplan «Arkadag» toparynyň ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýändigini ýatladýarys. 17 utuk toplan «Altyn Asyr» ikinji, 16 utugy bolan «Nebitçi» topary üçünji orunda ornaşdylar.

Beýleki habarlar