Garadiliň taryhy ýeňşi

28 Iýul 2023
614

ýa-da yhlas bilen ýetilen menzil

1998-nji ýylyň güýzki at çapyşygynyň ahyrky güni. Çapuw gününiň soňky çapyşyklary golaýlaşdygyça, janköýerleriň şowhuny hem artýardy. Şeýle bolmazça-da däldi. Çünki bu çapyşykda dört we ulyýaşar atlaryň arasyndaky ýeňiji kesgitlenmelidi. Diňe bir kesgitlenmän, eýsem, şol möwsümiň iň ýyndam aty belli bolmalydy. Çapuw ýodasyna on iki bedewiň çykýandygyna garamazdan, hemmeler diňe iki atyň — möwsümi netijeli geçiren Garaşsyz bilen mundan öňki çapyşyklarda öňüne at geçirmedik Garaderdir Garasaryň neslinden bolan Garadiliň arasyndaky bäsleşige garaşýardy. Saparmyrat Seýitgulyýewiň hojalygyna degişli bolan Garadiliň gazanjak ýeňşiniň şatlygyna şärik bolmak niýeti bilen menem janköýerleriň arasynda ykjam ornaşypdym. Birden howa bulutlaşyp, monjuk ýaly damjalar sepeläp başlady. Ilkinji çapyşyklarda çalaja sepelän ýagyş jemleýji çapyşyga çenli has-da güýjedi. Bu ýagdaýda çapuw ýodasynyň agyr boljakdygy, seýisleriň çapuwa taýýarlan atlarynyň tabyny seljermelidigi düşnüklidi. Sebäbi sähel goýberilen säwlik ukusyz geçirilen gijeleri puja çykaryp biljekdi...

Orazgeldi GELDIÝEW,
sport synçysy.
Beýleki habarlar