Suwda ýüzmegiň peýdasy

27 Iýul 2023
376

Suwda ýüzmegiň aýratynlygy suw gurşawynda fiziki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda adamyň bedenine, bir tarapdan, fiziki maşklar, beýleki tarapdan, suw gurşawy täsir edýär.

Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, suwda ýüzmegiň dem alyş ýollaryna, ähli myşsalaryň berkemegine we bedeniň syrdam bolmagyna peýdasy bardyr. Adam suwda ýüzýän wagty onuň ähli myşsalary herekete gelýär. Suwda ýüzmek ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyryp, el-aýaklary güýçlendirmekde, sagdyn myşsalary kemala getirmekde ähmiýetlidir. Bu bolsa bedeniň sagdynlygy üçin iň gowy türgenleşikdir.

Aknabat BERKELIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň anesteziologiýa we reanimatologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar