Türgenler sylaglandy

27 Iýul 2023
456

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde tamamlanan guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty Ahal welaýatynyň türgenlerine hem şowlulyk getirdi. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden ahally türgenleriň bäşisi medallara mynasyp boldy. Şu mynasybetli, Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda ýerleşýän Ahal welaýat ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Welaýat häkimliginiň, bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda bolan dabara köp sanly ýaşlar, sportuň janköýerleri gatnaşdylar.

Dabarada edilen çykyşlarda täze taryhy döwrümizde sporty ösdürmäge gönükdirilen üns-aladalar, türgenleşmäge, taplanmaga we kämilleşmäge hem-de dürli derejeli ýaryşlara gatnaşmaga döredilýän giň şertlerdir mümkinçilikler barada nygtaldy. Çykyş edenler halkara ýaryşda gazanylan üstünligiň watandaşlarymyzy örän buýsandyrandygyny bellemek bilen, türgenleri ajaýyp ýeňşi bilen gutladylar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar