Türgenleriň paýy — ýeňiş

26 Iýul 2023
439

Ajaýyp döwrümiziň mümkinçilikleri netijesinde halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanýan türgenlerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi. Düýn Türkmenabat şäherinde geçirilen dabara hem şeýle şanly waka bagyşlandy.

Dabarada şu aýyň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlaryň ikisinde — Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de Özbegistanyň Daşkent şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen Aziýanyň çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp bolan Lebap welaýatynyň türgenlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar — ýurdumyzda öndürilen smart telewizorlar gowşuryldy. Bu iki ýaryşda gündogar sebitiň türgenleriniň bäşisi medallaryň ýedisine mynasyp boldular.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.
Beýleki habarlar