Şahyryň arzuwlan zamanasy

16 Maý 2024
911

Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenilýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleri dünýä üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Çünki beýik akyldar, filosof, Gündogaryň pähim-paýhasyny öňe süren, ynsanyýeti başyna täç eden, öz milletini jany-teni bilen söýen watançy şahyr durmuşyň ähli temalary bilen birlikde, Watan we watançylyk duýgularyny has hem täsirli teswirleýär. Söz ussadynyň Watana bolan beýik söýgüsi onuň adyny dünýä edebiýatynda ebedileşdirdi.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyk we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Dana Pyragynyň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun aldy. Çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolup durýar.

Gülşat SAPAROWA,
Aşgabat şäherindäki 65-nji orta mekdebiň müdiri.