Çagalaryň irki ösüşi
Çagalaryň jemgyýetçilik, duýgy, sözleýiş, beden we akyl taýdan ösüşini toplumlaýyn hasaba almak olaryň kemala gelmeginde örän möhümdir. Kiçi ýaşly çagalar üçin oýun oýnamak höwesi tebigydyr. Çagalar oýnuň üsti bilen, daş-töweregindäkiler bilen gürleşmek, aragatnaşygy ýola goýmak ýaly durmuş-jemgyýetçilik endiklerini, nobat boýunça hereket etmegi, başga birine degişli zady almazlygy öwrenýärler. Çagalar oýun oýnaýan wagtlary begenýärler, özlerini bagtly duýýarlar. Olar rahat gurşawda özlerini rahat duýup, öz ukyp-başarnyklaryny ösdürip bilýärler. Bu köplenç, çagalaryň ösüşinde has ýokary netijeleri berýär. Mekdebe çenli çagalar, adatça, fiziki aýratynlyklary, gyzyklanmalary ýa-da duýgulary ýaly göze ilýän hereketler arkaly özlerini sypatlandyrýarlar. Mysal üçin, olar oýun oýnanda özlerini bagtly duýýandyklaryny ýa-da kimdir biri oýnamaga rugsat bermedik wagty gynanýandyklaryny aýdyp bilerler. Bu ýaşdakylar, adatça täze zatlary synap görmek isleýärler, ýöne ulularyň pikirleri olaryň düşünjesini çalt üýtgedip bilýär. Şonuň üçin bu ýaşdaky çagalar üçin daş-töweregindäkiler bilen oňyn tejribe toplamak, beýlekiler bilen oýnamak we olardan öwrenmek, deň-duşlary bilen söhbetdeş bolmagy, hyzmatdaşlyk etmegi, diňlemegi we paýlaşmagy öwrenmek möhümdir.