Dünýäniň iň gymmat brendleri
«Visual Capitalist» kompaniýasy 2024-nji ýylyň iň güýçli kompaniýalaryny mälim etdi. Bu brendler diňe öz iş alyp barýan pudagynda däl, şol bir wagtyň özünde dünýä bazaryndaky beýleki brendlere hem täsir edýär. Sanawda tehnologiýa kompaniýalarynyň öňdeligi eýeleýändigini görmek bolýar. Birinji ýeri «Apple» eýeleýär. Bazar bahasy 3,099 trillion dollar bolan kompaniýa tehnologik ekoulgamy bilen sanly hyzmatlar pudagyna uly täsir edýär. Ikinji we üçünji ýeri «Microsoft» hem-de «Google» eýeleýär. Bölek söwda pudagynda iş alyp barýan «Amazon» dördünji, smartfon öndürmegi bilen tanalýan «Samsung» bäşinji ýeri eýeleýär. «Walmart», «TikTok/Douyin», «Facebook», «Deutsche Telekom» we ICBC ilkinji onlugy jemleýär. Eziz NURMYRADOW,