Ýaşlaryň nurana ýoly
Garaşsyzlyk halkymyzyň berkararlygynyň binýadydyr, asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysala gowuşmagydyr, türkmen ýaşlarynyň nurana ykbalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen, döwletimiziň güýç-kuwwaty hem-de beýik geljegi bolan bagtyýar ýaşlar ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Diýarymyzyň geljegine gönükdirilen maksatlaryň ýoly bilen döredijilikli işlere, täze menzillere ýetmekde, beýik Garaşsyzlygyň giň mümkinçilikleri esasynda gazanylan üstünlikleri dowam etdirmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Şeýle belent ynamdan ruhlanýan türkmen ýaşlary ylymda, bilimde täze sepgitlere ýetýärler. Oýlanyşykly başlangyçlary arkaly berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşlerine goşant goşmakda, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny, oňyn tejribelerini milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlaryna ornaşdyrmakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlary diňe bir döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda alnyp barylýan ilhalar tutumlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýäde dost-doganlygy berkitmek, durnukly ösüşi gazanmak ýaly ählumumy bähbitlere gönükdirilen işleriň rowaçlyklara beslenmeginde hem başarnyklaryny orta goýýarlar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň beren b