"Adalat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-50, 38-62-75, 38-62-38
Email: adalat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bezeg berýän guşlar

Dünýäde köp görnüşliligi, üýtgeşik reňkliligi, beýleki guşlara görä aňynyň ösenligi bilen tapawutlanýan toty guşlaryň üç ýüz görnüşi bar. Käbir öýlerde şol guşlaryň dürli görnüşleri saklanýar. Paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň otaglarynyň birinde bezeg berýän guşlaryň iki sanysy eldekileşdirilipdir. Soňra olar dört-bäş ýyllykda erkinlige seýilgähe goýberilen. Bagyň işgärleriniň aýtmagyna görä, olaryň sany şu wagt on bäş-on alta ýeten bolmaly. Hakyky toty guşlar maşgalasyna degişli bolan Aşgabatda mekan tutan ýaşyl öwüsýän guşlaryň köp görnüşleri yssy howaly ýurtlarda adamlara golaý ýerlerde, şol sanda uly şäherlerde hem ýaşaýarlar. Olar Krameriň monjukly toty guşy diýlip atlandyrylýar. Horazynyň boýnynda gülgüne-gyzyl halka barlygy üçin monjukly diýilýär. 1769-njy ýylda Italýanyň hem Awstriýanyň tebigaty öwrenijisi Jowanni Kopoli bu uzyn guýrukly guşy bir görnüş hökmünde anyklaýar. J.Kopoli zoolog Wilgelm Krameryň adyny ebedileşdirmek maksady bilen bu toty guşa alymyň adyny dakýar. Olaryň Türkmenistanda ýaşaýanlary hindi görnüşidir. Bu owadan guşuň eldekileri elli-altmyş sözi belläp, gaýtalamaga ukyplydyr. Olaryň horazy bilen mäkiýany jübüt bolup otuz ýyla golaý bile ýaşap bilýär. Esasy bölegi ýaşyl reňkli, çüňki gyzyl guşlar mylaýym howany halaýar, ýöne salkyn ýere hem uýgunlaşyp bilýärler. Däneler, tohumlar ir-iýmişler, güller we olaryň şiresi bilen iýmitlenýän guşlar beý

Asmanyň ýedi reňkli ýaýy

Biziň ýagyş ýagmagynyň yzýany asmanda emele gelýän ýarym tegelek görnüşindäki dürli reňkli owadan älemgoşary görmedigimiz ýokdur. Ol Gün şöhleleriniň ýagyş damjalarynda döwülmegi sebäpli emele gelýär. Has aýdyňlaşdyryp aýdanymyzda, bize sary bolup görünýän Gün şöhlesiniň reňki, aslynda ak bolýar. Şol reňkiň özünde beýleki ähli reňkler jemlenendir. Ýagyş damjalary ol reňkleri owadan görnüşe getirýär. Ýagny damjalaryň tebigy optiki prizma aýratynlygyna eýe bolmagy bilen, ýedi dürli reňkiň emele gelmegidir. Bu tebigy hadysa kähalatda ümürli howada Gün şöhlesiniň döwülmegi bilen hem döräp bilýär. Şol ýedi reňk gyzyl, mämişi, sary, ýaşyl, mawy, goýy gök we melewşe görnüşindedir. Adatça, onuň reňkleri şu tertipde bolýar. Bulardan başga-da, diňe inçe gyzyl ýa-da gyzyl-ýaşyl reňkli älemgoşarlar hem bolýar. Ýagşyň damjalary iri bolsa, älemgoşaryň reňki has dury we olaryň tapawudy açyk görünýär. Ownuk ýagyş damjalary has gowşak we giň älemgoşaryň döremegine sebäp bolýar. Şeýle älemgoşar ümürli howada has köp gabat gelýär. Köplenç, ýarymaý görnüşinde peýda bolýan bu hadysa dagyň depesinden we uçardan seredilende, tegelek görnüşde görnüp bilner. Älemgoşaryň emele gelmegi üçin asmanda Günüň bolmagy zerur. Onuň iň köp görünýän wagty ikindinara, güýçli ýagyş ýagandan soňra peýda bolýar. Ol hemişe Günüň gabat garşysynda döreýär. Gün näçe ýokarda bolsa, älemgoşar ýere şonça ýakyn bolýar. Şol se

Tebigy täsinlikleriň dünýäsinde

ýa-da Bathyz goraghanasyna syýahat Bathyz belentligini — baýyrlykdyr sährasyny, ýoluny-ýodasyny paý-u-pyýada geçen bolsam-da, bu ýerlerde ýaşaýan haýwanlary, ösümlikleri tanap, görüp ýörsem-de, Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasyna ilkinji gezek gelşimdi. Goraghananyň ylym bölüminiň hünärmeni, bu ýerleriň aýratynlygy boýunça ylmy iş alyp barýan Maýa Sapargylyjowanyň: «Ilkinji gezek gelýän bolsaňyz, sizi gyzyklandyrjak zatlar has-da köp bolar» diýmegi ugrunda bar eken.

Bereketli topragyň nygmaty

Güneşe baý türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we bakja ekinleri, dürli miweler ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Ýurdumyzda has gadymy döwürden bäri ekilip gelinýän künjüdir zeýtun tebigatyň eçilen täsin ösümlikleri bolup, olaryň ikisinden-de ýag alynýar. Pederlerimiz bu gymmatly ekinleri ösdürip ýetişdirip, ýörite guralyň — juwazyň kömegi bilen olardan ýag alypdyrlar. Ynsan üçin peýdaly bolan künji we zeýtun ýaglary diňe bir iýmitlik üçin däl, eýsem, halk lukmançylygynda-da giňden ulanylypdyr. Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, halkymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek babatda yzygiderli alada edýär. Munuň özi diňe bir mukaddes saçaklarymyzda, ak bazarlarymyzda bereket bolçulygyny döretmek baradaky alada bolman, halkymyzyň saglygy baradaky aladany hem öz içine alýar. Daýhanlarymyza uzakmöhletli ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleriniň goýberilmegi, dökün, suw, tehnika bilen yzygiderli üpjün edilmegi ekerançylaryň, bagbanlaryň ene toprakdan bol hasyl almaklaryna oňaýly şertleri döredýär. Netijede, dürli gök we bakja ekinleri, miweli baglar bilen birlikde, künjüdir zeýtunyň ösdürilip ýetişdirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Tebigata sarpa goýmagy öwretmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa – suw syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny gözelleşdirmek, ösümlik dünýäsini gorap saklamak we suwy tygşytly ulanmak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Şunda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goralyp saklanmagy daşky gurşawyň baýlyklaryna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlarynda, edim-gylymlarynda tebigata aýawly garamak, onuň gözelliklerini goramak ýaly ýörelgeler bar. Ata-babalarymyzyň oturymly ýerlerinde çeşme-çaýlar, derýalar, bulaklar, howdanlar bolan. Bu bolsa ekerançylygy ösdürmäge, daýhançylyk medeniýetiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Şonuň üçin hem türkmen topragy irki döwürlerden ekerançylygyň kemala gelen ýerleri diýlip tanalýar. Munuň özi pähimdar pederlerimiziň tebigata aýawly çemeleşendiginden, suwy tygşytly ulanyp, ekerançylyk medeniýetini döredendiginden habar berýär. Bu bolsa türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamakda, onuň baýlyklaryny goramakda oňat däpleriniň bardygyny aňladýar.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18, 20-nji sanlarynda). Gaplaň bilen ýüzbe-ýüz

Kiçi çille

Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir. Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça - 2, - 6, beýleki ýerlerinde bolsa - 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär. Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 17, 18-nji sanlarynda). SYRTLAN

Tebigatyň goragynda ylmy çemeleşmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler ähli ugurlar boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä, oba hojalyk pudagy, himiýa senagaty depginli ösdürilýär. Bu pudaklarda ülkämiziň gözel tebigatyny, ynsan saglygy üçin zerur bolan daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň baýlyklaryny türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň geljekde gülläp ösmegi üçin ýerlikli peýdalanmak, sahawatly topragymyzyň berekedini artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Güller zemine ýaraşykdyr

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossana öwürmek boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda bägülleriň ýetişdirilişine hem aýratyn üns gönükdirilýär. Bägüller reňkleriniň owadanlygy we anbar saçýan ýakymly yslary bilen tapawutlanýar. Olar şeýle alamatlary boýunça bezeg gülleriniň arasynda birinji orny eýeleýär. Şoňa görä-de, olar ähli halklaryň arasynda uly söýgä we gyzyklanma eýedir. Köpýyllyk gyrymsy agaç bolan bägüller ir wagtlardan bäri seýilgähleri, baglary we ýaşaýyş jaýlarynyň töweregindäki meýdançalary bezeýär.

Bolçulyk ýyly

Baryp-ha, Nuh pygamber döwründe, sygyr janawaryň ady ýagşylykda agzalyp geçilýär. Nuhuň tupany turýar. Dünýäni gaýtgyn alyp duran suw eýeleýär. Emma şeýle närseleriň bolup geçýändigine garamazdan, kalby päk bolan bir garry ene ik egrip oturanmyşyn. Ýagşyzadalaryň biriniň ýoly onuň üstünden düşüp, enä şeýle sowal bilen ýüzlenýär: — Ene, bu Zemindäki apy-tupanlyk näme? Dünýäde nämeler bolup geçýär?

Ýaşyl zümerret

Danalaryň wesýetlerinde: «Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň» diýilýär. Näme üçin ähli gymmatbaha daşlaryň arasynda zümerret daşyna aýratyn üns berildikä?! Megerem, zümerret daşynyň ähli gymmatbaha daşlaryň arasynda iň owadany hem seýrek duş gelýändigi üçindir?! Bu daşyň owadanlygyna söz ýok. Ol ýaşaýşy suratlandyrýan ýaşyl reňkde. Gün şöhlesiniň ýagyş damjalaryna düşüp, ýaldyrap duran älemgoşaryň al-ýaşyl reňklerini äleme dolduryşy ýaly, zümerret daşynyň şuglasynda-da giň jahanyň bir pursatlyk özüni suratlandyrmasyny görmek bolýar. Onuň gözüňi dokundyrýan ýaşyl reňki, ylla diýersiň, dünýä gözelliklerinden gözbaş alyp gaýdýan ýaly. Ýaşyl reňk göze ýakymly, ruhy dünýäňi sazlaýar. Alymlar bu daşa uzak wagtlap seretseň, ýadawlygyňdan nam-nyşan galmaýar diýip hasaplaýarlar. Ol gözüň görşüne oňat täsir edýär.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Bürgüt

Köpetdag — täsinliklere baý mekan

Türkmen — Horasan daglarynyň demirgazyk şahasy bolan Köpetdagyň özboluşly ösümlik dünýäsi bar. Dagyň eňňitlerinde we jülgelerinde ösümlikleriň 1500-e golaý görnüşi ösüp, olardan 300-si diňe şu ýerlerde duş gelýär. Olar barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow şeýle gürrüň berýär: — Gojaman Köpetdag tebigy özboluşlylygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň köp bölegi gurak subtropiki howa zolagynda ýerleşýär. Dagyň landşafty, esasan, daşly dag ulgamyndan, meýdanynyň ujypsyz bölegi bolsa toýunsow dag pesliginden ybaratdyr. Sebitdäki uzynlygy we çuňlugy dürli-dürli bolan dag jülgeleriniň köpüsinde ýylboýy akýan suw akabalary bar. Bu bolsa ýerli ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitleýär.

Guşlar

Mundan 150 million ýyl öň — ýura döwründe ilkinji guşlar peýda bolupdyr. Guşlaryň nesil başlangyjy ylymda entek belli däl. Çaklamalara salgylansaň, olar gadymky süýrenijilerden — ýura döwri başlamazyndan öňürti triýasda ýaşap geçen psewdozuhilerden gelip çykypdyr. Guşlaryň köpüsi howada uçmaga uýgunlaşandyrlar. Olaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, olar pingwinler, düýeguşlar, tersaýakşekilliler, gaýbuşlukçylar, gotanşekilliler, leglekşekilliler, gyzylgazşekilliler, gazşekilliler, laçynşekilliler, towukşekilliler, durnaşekilliler, çulukşekilliler, kepderşekilliler, totuguşlar, ikatýokşekilliler, baýguşşekilliler, gündizkörşekilliler, atgarlawaçşekilliler, guş-syçanlar, trogonlar, gökgarlakşekilliler, doňuzguşşekilliler, serçeşekilliler ýaly toparlara bölünýärler. Guşlaryň bedeniniň ýelek bilen örtülenligi, uçmaga ukyply bolýanlygy, bedeniniň gyzgynlygynyň hemişe bir derejede ýokary (37,80 — 45,50) bolýanlygy, ýüreginiň dört kameralydygy, ýumurtga (1-24 çenli) guzlap köpelýänligi, öň aýaklarynyň ganata öwrülendigi olaryň esasy aýratynlygydyr. Guşlaryň iri sütükleri (ganat, guýruk, örtük ýelekleri) we ýelekleri bolýar. Guşlar örän özüneçekiji, guwandyryjy, ruhuňy göterijidir. Olar oňurgaly haýwanlaryň arasynda has bezemenleridir. Ýakymly owazlary, görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň olar bilen bäsleşip biljekleri ýok. Guşlar zeminiň ähli ý

Janly-jandarlar dünýäsi

Haýwanat dünýäsinde iň az ýaşaýan jandar suw siňegidir. Onuň 1 günlük ömri bar. * * *

Sazak

Türkmenistanyň tebigatynyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen döwletimizde goraghanalar we çäkli goraghanalar hereket edýär. 1928-nji ýylyň oktýabr aýynda Repetegiň daş-töweregindäki tebigatyň ajaýyplygyny goramak maksady bilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar bolup, bu ýerde çöl landşaftynyň ähli görnüşleri bardyr. Häzirki wagtda goraghananyň ösümlik dünýäsi 189 görnüşli bolup, şolardan sazak köpýyllyk agaç ösümligidir. Onuň köki çölde suw gatlagyna ýetýänçe, 18—20 metre çenli ösýär. Bu ösümlik jöwzaly yssa çydamly bolup, şahalarynda tiken görnüşli ösüntgileri bardyr. Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz durkuny saklaýan ösümlikleriň biridir. Sazak tokaýlyklary hem türkmen tebigaty, Garagum sährasy, onuň ösümlik dünýäsi ýaly müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, ýurdumyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýar.

Saýýaralar hakynda

Aýda gyzgynlyk käte 120 derejä, Marsda we beýleki saýýaralarda 400—500 derejä, sowuk bolsa 273 derejä çenli ýetýär. Ýeriň atmosferasy Günden gelýän zyýanly şöhleleri saklap, peýdalylaryny ýere goýberýär. Arşdan gelýän zyýanly şöhleler we meteoritler atmosferanyň içine girip bilmeýärler, girseler-de ýanyp ýok bolýarlar. * * *

Garynjalar — peýdaly jandarlar

Halkymyz bu jandarlary zähmetsöýerligiň, agzybirligiň, güýçlüligiň nyşany hasaplaýar. Muňa «Garynja gara günde...» diýilmegi hem şaýatlyk edýär. Eýsem, müçesi kiçi bolsa-da, öz agramyndan ep-esli agyr ýüki göterip, gije-gündiz gars kakyp ýören jandarlar hakynda nämeleri bilýäris? Biziň ýurdumyzda garynjalaryň 107 görnüşi duşýar. Olaryň 52-si daglarda we dag-eteklerinde, 29-sy derýalaryň jülgelerinde, 26-sy bolsa çöllük ýerlerde duş gelýär.

Köpetdag kyssalary

Bir çeti Garagum,Bir çeti Jeýhun,Bir çeti Köpetdag.Bir çeti Hazar.Aralygy jennet — Alla halan ýer...Çary ÝEGENMYRADOW. Giriş ýerine