"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Bilim özgertmeleri — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe badalga berlen giň gerimli maksatnamalar kämil bilimli, innowasion özgertmelere taýýarlykly, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýan, hünär taýýarlygy ýokary derejede bolan ýaş nesliň taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty öňde goýlan milli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlaryň taýýarlanylmagyna, okuw işine innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 26-njy maýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem bu syýasatyň bir bölegidir. Bu resminama häzirki döwürde bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ösüş-özgertmeler, gurulýan döwrebap desgalar, ylmyň hem tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar ýaş nesle berilýän bilimiň, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi zer

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ugrundan durmuşa geçirilýän işler her bir bilim işgärini, halkymyzy diýseň buýsandyrýar. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletli Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Şeýle döwletli işleriň ýola goýulmagy, ylym-bilimde özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmagy netijeli dowam etdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak ýaly işlerde berk binýat bolup durýar. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümizde mugallymlaryň hünär ussatlygynyň ýokarlanýandygyny, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýändigini, ösen şertleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ylym-bilim döwrebap ösdürilýär we giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledi

Tejribelik ― tejribe mekdebi

Institutymyzyň 1 ― 4-nji ýyl talyplary 22-nji iýundan tomusky okuw tejribeligine girişdiler. Birinji, ikinji we dördünji ýyl talyplarymyz institutyň binýadynda tejribelik geçýän bolsalar, üçünji ýyl talyplarymyz tutuş okuw ýylynyň dowamynda öwrenenlerini Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerde we çagalar bakja-baglarynda özleşdirýärler. Okuw tejribeliginiň meýilnamasyna görä, birinji we ikinji ýyl talyplarymyzyň tejribeligi 5-nji iýula çenli dowam eder. Üçünji, dördünji ýyl talyplarymyz bolsa 12-nji iýula çenli tejribelik geçerler.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 21-nji iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bilim ulgamynyň kämilligi – döwrebap ösüşleriň badalgasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň tala

2024-nji ýylyň öňdebaryjy mugallymlary kesgitlenildi

Öňňin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy — 2024» döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik her ýylda hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny, kabul edilen bilim konsepsiýalaryny durmuşa geçirmekde, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde döredijilikli işleýän, baý iş tejribesi bolan professor-mugallymlary ýüze çykarmak, olary täze üstünliklere höweslendirmek, pedagogik işjeňligini artdyrmak, iş tejribesini ýaýratmak maksady bilen guralýar. Bäsleşikde ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýandygyna, okadýan dersleri boýunça okuw kitaplarydyr gollanmalary işläp taýýarlaýandygyna, bilimi, ylmy we önümçiligi özara utgaşdyryp sapak okadýandygyna görä baha berilýär. Onuň esasy şertleriniň biri mugallymyň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny, sanly ulgamy, dünýä tejribesini ulanmak bilen, sapagy ylmy esasda guramagy başarýandygyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Şunlukda, tejribeli mugallymlaryň okadýan dersleri boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, elektron kitaplary, gollanmalary, wideo we audiomateriallary, interaktiw-multimedia programmalaryny, okuw-görkezme es

Ýoluňyz ak bolsun, uçurymlar!

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň uçurymlarynyň gutardyş dabaralary geçirildi. Geçen hepdäniň şenbe güni baýry bilim ojagy bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde guralan dabara hem ruhubelentlige, egsilmez şatlyga beslenip, many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlandy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenilýän şu ýylda ýokary okuw mekdebini hünärleriň 30-sy boýunça 1 müň 521 uçurym tamamlady. Olaryň 1 müň 461-si hünärmen, 40-sy bakalawr, 20-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular. Uçurymlaryň 94-si bolsa okuwlaryny tapawutlanan diplom bilen tamamladylar. Şunlukda, ýaş hünärmenleriň ýene-de bir tapgyry dabaraly ýagdaýda zähmet ýoluna ugradyldy. Uçurymlara ak ýol arzuwlamak maksady bilen guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we uçurymlary gatnaşdylar.

Üstünlikleriň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ýurdumyzyň durnukly ösüşinde oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu barada gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hakynda aýratyn durup geçmek gerek. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasy hökmünde kabul edilen bu Konsepsiýa bilim işgärleriniň kalbyna guwanç hem buýsanç duýgusy bolup doldy. Häzirki wagtda bu taryhy resminama we durmuşa geçirilýän özgertmeler barada bilim işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bilim röwşen geljegimizi üpjün edýän, ýaşlaryň kämilligini peşgeş berýän güýçdür. Ol döwlet syýasatynyň örän möhüm ynsanperwer düzümi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň netijeli guralydyr. Onuň işini hemişe kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap mekdepler, bilim edaralary hereket edýär. Şonuň üçin hem bilim işgärleriniň hünär derejesini hem yzygiderli ýokarlandyrm

Ýaş nesil röwşen geljegimizdir

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys». Şu parasatly sözlerden ugur alyp, kämil we watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek jana-jan borjumyzdyr. Häzirki döwürde milli terbiýä, asylly ýörelgelere, bilim öwretmegiň döwrebap usullaryna uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinde bilim bermegi terbiýe bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň watansöýüji bolmagyny gazanmak ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şonuň üçin hem perzentlere çagalygyndan berlen edebiň edil daşa ýazylan ýaly bolýandygyna pederlerimiz ynanypdyrlar. Bu ýörelgeden ugur alyp, terbiýäniň ene hüwdüsinden başlanýandygyny bellemek zerurdyr. Muny

Kämil bilimiň döwrebap binýady

Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde döwrüň talaplaryna we halkara ülňülerine eýermek, pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilim-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biri boldy.

Kitap — gymmatly baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Kitap — ylym-bilimiň, sowatlylygyň gözbaşy. Berkarar döwletimizde kämil, başarjaň, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde kitabyň ähmiýeti bimöçberdir. Kitap her bir adama durmuşda öz ornuny tapmaga, halallyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini hemra edinmäge ýardam berýär. Kitap okap, onda öňe sürülýän paýhasly pikirlerden ugur alyp bilýän adamlar sowatly ynsanlar hasaplanýar. Kitap ynsan ömrüni manyly we abraýly günlere besleýär.

Öwrenmek we öwretmek — ömrüň manysy

Ylym-bilim öwrenmek we öwretmek hemişe-de mertebeli häsiýet hasaplanylýar. «Hemmelerem hemişe okap, öwrenip durmaly, emma bu babatda alym hem-de mugallym has-da köp okamalydyr, köp öwrenmelidir» diýilýär. Şonuň üçin ýurdumyzda neşir edilýän täze kitaplar, çap edilýän gazet-žurnallar bilen birlikde daşary ýurt edebiýatynyň eserlerini hem ürç edip okaýarys. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda pedagogika degişli terjimeler biz — mugallymlar üçin has-da ähmiýetli. Şol ýerde berilýän terjime eserleri arkaly dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, milli ruhumyza laýyk gelýän düşünjeleri gündelik durmuşymyza ornaşdyrmaga çalyşýarys. Žurnalyň sahypalarynda berlen eserleriň birinde Konfusiniň sözleri has-da täsir galdyrdy. Konfusiý şeýle diýipdir:

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde uçurymlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdepleri tamamlady. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran ýaşlar orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň eýeleri boldular. Şu mynasybetli mekdeplerde guralan dabaralarda çykyş eden mugallymlar, il sylagly ýaşulular uçurymlara geljekki özbaşdak durmuşynda uly üstünlikleri arzuwladylar, ulus-ilimize wepaly bolmagy sargyt etdiler. Uly ruhubelentlige beslenen dabaralar aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Ýaşlary şatlandyran pursatlar

Sarahs etrabyndaky bilim ojaklaryny 2023-2024-nji okuw ýylynda tamamlanan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda şatlykly waka bolup geçdi. Bu waka mekdep uçurymlaryna orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bilen baglanyşyklydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabyň bagtyýar ýaşlarynyň 1091-si bilim alan ak mekdepleri bilen hoşlaşyp, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrdy. Şol ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalary gowşurmak dabarasy olaryň buýsanjyny goşalandyryp, kalbyny heýjana getirdi. Şatlykly günde etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy

2023-2024-nji okuw ýylynda Bäherden etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerini tamamlan ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Tamamlanan okuw ýylynda etrap boýunça ýaşlaryň 1 müň 659-sy mekdep uçurymlary bolup, olar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrdy. Şol bagtyýar ýaşlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy olaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ajaýyp arzuwy bar. Olaryň aglabasy bilimini ýurdumyzyň, ýene bir topary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirmäge höwes edýär. Munuň üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Biz ýaşlara durmuşda uly üstünlikleri, maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.

Bilim ojaklarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýär

Ak bugdaý etrabynyň çäginde orta mekdepleriň 46-sy hereket edip, olaryň ählisinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. Has anyk aýdylanda, mekdeplerde synpdan-synpa geçiş we gutardyş döwlet synaglarynyň tamamlanmagy bilen bilim ojaklarynda abatlaýyş işlerine bada-bat girişildi. Munuň özi ak mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işlerini irki möhletlerde ýerine ýetirip, bilim ojaklaryny täze okuw ýylyna taýýarlyk ýagdaýyna getirmäge şert döreder. Ýeňil abatlaýyş işleri geçirilenden soňra, okuw otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplar we beýleki abzallar bilen üpjünçiligine aýratyn ähmiýet berler. Mundan başga-da, etrapda hereket edýän çagalar baglarynda hem ýeňil abatlaýyş işleri göwnejaý alnyp barylýar. Bu tagallalar täze okuw ýylyna taýýarlykly barmaga mümkinçilik berer.

Bilim täzeçilligiň we döredijiligiň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tehniki ulgamdaky başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Garaşsyz Watanymyzy okgunly ösdürmek, dünýäniň ykdysady, medeni giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan möhüm işler bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Her ýylda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek işi üstünlikli amala aşyrylýar. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, şol sanda elektron kitaphanalara hem-de dürli maglumatlar gaznasyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär. Şonuň ýaly-da, bilim-terbiýe bermek işlerinde döwrüň talabyna görä innowasiýa esaslanýan täze başlangyçlar öňe sürülýär, hukuk, okuw-usuly esaslary pugtalandyrylýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ösüşiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ylmyň-bilimiň ösdürilmegi, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň täze gazananlarynyň, döwrebap tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy, zawod-fabrikleriň toplumlarynda ýokary netijeleriň gazanylmagy, ýerasty we ýerüsti baýlyklardan ýerlikli peýdalanylmagy döwletimiziň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagyna, uly ösüşlere beslenmegine, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna itergi berýär. Ähli ulgamlarda geçirilýän düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýýar we ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagy talap edýär. Şu nukdaýnazardan-da, ýurduň ykdysadyýetini we sosial ulgamyny ýokary hünärli ylmy işgärler bilen üpjün etmek, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen ylym-bilim edaralarynyň işgärleriniň ylmy we hünär derejeleri ýokarlandyrylýar. Häzirki wagtda ýurduň ylmy-tehniki kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriň we pudaklaýyn ylmy edaralaryň, şeýle hem ylmy-önümçilik we ylmy-tehniki merkezleriň işleri döwrebap ýola goýlup, olaryň ylmy-tehniki syýasatymyzy netijeli amala aşyrmak, täze tehnologiýalary döretmek maksatly maddy-tehniki binýatlary berkidildi. Bilşimiz ýaly, döwrebap habar beriş we kommunikasiýa tehnologiýasy jemgyýetiň ösmegine we adam gatnaşyklaryna uly täsir edýär. Çünki täze tehnologiýa diňe bir önümç

Ilkinji serkerdelik ýoluna gadam basdylar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni milli Ýaragly Güýçlerimiziň taryhynda ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp wakalaryň biri-de, ýakynda Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň nobatdaky uçurymlarynyň gutardyş dabarasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýokary harby hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň hem-de ykballaryny mukaddes Watan goragy bilen baglan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň, şol sanda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uçurymlary täze durmuş we harby zähmet ýoluna gadam basdylar. Ýokary bilim alyp, ata Watanymyzyň goranyş kuwwatyna, dost-doganlyk serhetleriniň mizemezligine mynasyp goşant goşjak, raýatlarymyzyň asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etjek

Belent maksatly ýaşlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýagty geljegiň eýeleri bolan ýaş nesiller, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe hem sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky tagalla döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de iş şertlerini gowulandyrmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Bu döredilýän mümkinçilikler Watan goragçylarynyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Ynha, şeýle giň möçberli özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirmekde biziň ýokary harby okuw mekdebimizde zähmet çekýän, öz käriniň hak eýesi bolan mugallymlar, serkerdeler belent maksatly işleri alyp barýarlar. Olar zähmetsöýerlik bilen, ýaş watançylaryň ykbalyny ata Watana baglap, olary geljegi aýdyň Watanymyzyň mynasyp eýeleri edip ýetişdirmek ýaly asylly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Harby ýaşlar institutymyzdaky tejribeli hünärmenler tarapyndan öwredilýän döwrüň öňdebaryjy tehnikalaryna we tehnologiýalaryna ezberlik bilen erk etmek, häzirki zaman türgenleşik enjamlaryny ulanmak ýaly bilimleri özleşdirýärler.