Ene dilimiz ata-babalarymyzyň durmuş tejribesidir, pähim-paýhasy saklanýan hazynadyr, biziň üçin ruhy iýmitdir, nesilleri baglanyşdyrýan köprüdir, aňyýeti ösdürmegiň, ylym-bilim öwretmegiň, edep-terbiýe bermegiň, maşgalada agzybirlik, sazlaşyk döretmegiň möhüm serişdesidir. Dil biliminde şiwe, umumyhalk dili, edebi dili adalgalary tapawutlandyrylýar.
Ata-babalarymyzdan galan baý ruhy mirasymyzyň: atalar sözi — nakyllaryň, şadessanlaryň, dessanlaryň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň dilini belli bir şiwelere degişli etmek mümkin däl. Olar türkmen umumyhalk diliniň nusgalarydyr. Edebi dilimiz türkmen umumyhalk diliniň söz ussatlary tarapyndan timarlanyp, dil birlikleriniň ulanylyşy taýdan kadalaşan iň kämil görnüşidir. Kadalylyk (normatiwlik) edebi diliň esasy aýratynlygydyr. Ol şiwelerde hem, halkyň ýönekeý gepleşiginden-de dil birlikleriniň ulanylyşynyň kadalaşandygy bilen tapawutlanýar.