"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ýaş watansöýüjileriň joşguny

Düýn Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagyndaky «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Umumybilim berýän mekdepleriň 3 — 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň gatnaşmagyndaky bu bäsleşikde merdana nesiller üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Şertlere laýyklykda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler.

Tomaşa jaýlarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry: 30-njy noýabrda «Şowhunly tomaşa» — sagat 19:00-da;

Şahyryň pähim-paýhasy — durmuş ýörelgämiz

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw-umytlary bu gün doly hasyl boldy. Bize çeper söz ussadynyň ýürek arzuwlarynyň wysalyna gowşan bagtyýar döwründe, parahat, asuda, berkarar döwletinde ýaşamak we döretmek bagty miýesser etdi. Hut şuňa laýyklykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy has uludan, dabaraly bellenilip, şahyryň döredijiligini öwrenmek ugrunda düýpli gözlegler, ylmy işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Şahyryň döredijiligi durmuşyň ähli meselelerini öz içine alýar. Çeper söz ussadynyň watançylyk, hoşniýetlilik, zähmetsöýerlik, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan dürdäne setirleri many-mazmun taýdan örän çuň hem güýçli bolmak bilen, ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir. Hut şuňa görä, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde ýüzlenilýän mowzuklar diňe bir türkmen halkyna degişli bolman, eýsem, dünýä halklaryna, umumadamzat meselelerine degişlidir.

«Hoş sözüň diý, gahryň gizle!»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen edebiýatynyň altyn hazynasynda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür ýoly we çeper döredijiligi içgin öwrenilýär hem-de okyjylar köpçüligine giňden ýetirilýär. Şol beýik şahsyýetlerimiziň biri-de nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Akyldar şahyrymyzyň nusgalyk edebi mekdebi indi üç asyrdan bäri dünýä alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanan daşary ýurtly magtymgulyşynaslar A.Wamberi, W.Bertels, A.Samoýlowiç dagy türkmen topragyna gelip, onuň edebi mirasyna degişli gymmatly maglumatlary topladylar. Mäti Kösäýew, Aşyrpur Meredow, Baýmuhammet Garryýew, Saýlaw Myradow, Annagurban Aşyrow, Nazar Gullaýew, Ahmet Bekmyradow, Muhammetguly Amansähedow, Aman Şyhnepesow, Akmyrat Täjimow ýaly alymlarymyz hem Magtymguly Pyragynyň kämil mekdebini öwrenmekde uly hyzmatlary bitirdiler.

Ynsanyýete hemra bolan gymmatlyk

Adamzat gymmatlyklarynyň mundan müňlerçe ýyl öň hem bar bolşy ýaly, olar häzir hem bar. Näçe wagt geçse geçsin, olar ynsan durmuşyndan çykyp gitmeýär. Olary aň, göwün baýlygy... diýip atlandyrybam bolardy. Ýöne islendik zatda tertip-düzgün bolsa ýagşy. Diýmek, biziň hem ýokardaky pikirlerimizi çugdamlap, tertipleşdirsek, «medeniýet» diýen düşünje ör-boýuna galýar. Islendik halka mahsus bolşy ýaly, türkmen halkynyň geçmişini bezän gymmatlyklar hem sanardan kän. Olar şol wagtlarda hem halkyň abraý-mertebesini belende göteripdi, häzir hem bu baglanyşyk öz täsirini ýitirmän gelýär. Medeniýetiň gülläp ösýän topragynda ýaşamak her kimiň arzuwy, islegi. Sebäbi medeniýet iň gözel ynsan häsiýetlerini açmagyň, belent adamkärçilik sypatlaryny düýpleýin kämilleşdirmegiň ajaýyp mekdebidir. Eýsem, ynsanyň kämillige ymtylmagy nireden başlanýar?! Elbetde, ilkinji sowat alan mesgeninden! Dogrudanam, pikir edip görsek, adam öz öwrenişen, ösüp-ulalan topragyny küýsegiç bolýar. Muňa Watan küýsegi diýilýär! Watany küýsemegiň ilkinji sebäpleri bolsa, şol ýerde galan bize degişli ruhy gymmatlyklardyr.

Milli mirasym — buýsanjym

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýurdumyzyň mirasy öwrenijileriniň arasynda yglan eden «Asyrlara ýörelge — nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemini jemlemäge bagyşlanan dabara geçirildi. Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynyň mirasy öwrenijileri keşdeçilik, zergärçilik, keçe we haly sungaty, milli lybaslary, alajalary, zähmet gurallary, türkmeniň ak öýüniň bezegleri, milli saz gurallary taýýarlamak bilen häli-häzire çenli ilat arasynda saklanyp galan maglumatlary, rowaýatlary, aýtgylary toplamak boýunça özara bäsleşdiler. Dabarada ýurdumyzyň etnograf alymlary, taryhçylary çykyş edip, ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy ösdürmäge berýän uly ünsi barada buýsanç bilen bellediler. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjysy Aýgözel Täşliýewa, 1-nji orna Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Ogulmaral Öwezowa, Baýramaly etrap medeniýet merkeziniň režissýory Nurgeldi Söýünow, 2-nji orna Türkmenbaşy şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Göwher Seýitjanowa, Tejen etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy Bibisoltan Sähetgurbanowa, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgär

Millilige ýugrulan nesil terbiýesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada aýratyn ähmiýete eýedir. Şunda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Her bir ene-ata öz perzendiniň edep-ekramly, maksada okgunly, myhmansöýer, asylly bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga ýaşlykdan nähili terbiýe berilse, ulalandan soň hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi ruhy-ahlak ýörelgeleri, adamkärçilik sypatlary, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň kepilidir. Ýaş nesli türkmen halkynyň öňden dowam edip gelýän däp-dessurlary, olaryň asylly häsiýetleri bilen kemala getirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler häzirki ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini we röwşen geljegimizi üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz ösdürilýär, belent üstünliklere ýetilýär. Şeýle beýik ösüşler ildeşlerimizde buýsanç döredýär, olary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bu gün mugallymlar hem ajaýyp döwrümize buýsanyp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, olaryň ylym-bilimli bolmaklaryna öz goşantlaryny goşýarlar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçynyň bilimi bilen bir hatarda, terbiýesine hem üns bermek zerurdyr. Bu işde mugallyma örän uly orun degişli bolup durýar. Mugally

Dil bilen dünýäni gezer

Ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy we bu ugurlary geljekde has-da ösdürmek ugrundaky maksatnamalar döwürdeş ýaşlarymyzdan dünýä dillerini içgin öwrenmekligi talap edýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn başarjaň hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga aýratyn üns berip, bu ugurda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasynda dil bilimine berilýän üns aýratyn uly mazmuna eýe bolup durýar hem-de köp dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, iň zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle bolansoň, güneşli Diýarymyzda hereket edýän bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleri talabalaýyk öwrenilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini suwara bilmeklerine, olaryň köptaraplaýyn bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýol açýar. Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýanyň ösmegi bilen, daşary ýurt dillerini öwretmegiň usulyýeti has-da kämilleşdi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwrebap özgerişleriniň ugry bilen ösýän milli bilim ulgamynyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda häzirki zaman kompýuterleriniň, multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy daşary ýurt dillerini öwretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Ata-babalarym

Dost-doganlyk sazlary

Tylla güýzüň soňky günleri bolan 18-27-nji noýabr aralygynda ak şäherimiz Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi türkmen sungatynyň barha dabaralanýandygyny äleme ýaýdy. Ýurdumyzyň we Ýewropanyň medeniýet, sungat wekilleriniň, döredijilik toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dünýäniň halklaryny gözel sungat arkaly birleşdirýän ajaýyp aýdym-sazlar we sahna eserleri arzyly muşdaklaryna gowuşýar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary tarapyndan gyzgyn garşylanýan köpugurly çäreler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň örän uly ähmiýetini şöhlelendirýär.

Türkmenistan — bagtyň mekany, Ýaňlansyn dostluk mukamy

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde özüni dünýä ykrar etdiren ata Watanymyzda gazanylýan ösüşler, özgerişler kalbymyzy joşduryp, nurana ertirlere bolan ynamymyzy has-da berkidýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, gazanylýan ösüşleriň, ýetilýän belent sepgitleriň diňe bir halkymyz tarapyndan däl, eýsem, dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldawa eýe bolýandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Ylaýta-da, medeni ulgamda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Şu ýylyň 18 — 27-nji noýabrynda merjen paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu hepdelik Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň, Germaniýanyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikde taýýarlan maksatnamasy esasynda geçirilýär.

Medeni wakalar

Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şunda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Gazanylan üstünlikler giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatyny giňden wagyz etmek, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň däp-dessurlaryny, milli medeniýetini öwrenmek we olar bilen tanyşmak üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri we paýtagtymyzda dostlukly ýurtlaryň şeýle çäreleri geçirildi. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri we beýleki medeni çäreler guraldy. Halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmekde, dost-doganlygy kemala getirmekde, Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmakda bu çäreleriň ähmiýeti uludyr.

Dirižýor näme üçin gerek? (Sungatyň dili)

Orkestri dirižýorsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Islendik simfoniki orkestriň baş gahrymany elmydama ortarada duran — eli taýajykly kişi. Ýöne biziň köpimizde şeýle sowal bar: «Eger-de sazanda öz notalaryny özi okap bilýän bolsa, onda dirižýor näme üçin gerek?». Bu sowala jogap edip, dirižýorlyk hakda käbir maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. «Dirižýor» sözi fransuz dilinden terjime edilende, «ugrukdyrmak», «gönükdirmek», «ýolbaşçylyk etmek» diýen manylary aňladýar. Ol orkestr we hor bilen ýerine ýetirilýän eserleri öwrenmekde hem-de diňleýjilere hödürlemekde esasy adamdyr. Saz eseriniň çeperçiligi gönüden-göni dirižýora bagly bolup, ol ansambl tarapynyň sazlaşygyny hem-de ýerine ýetirilişiň tehniki kämilligini üpjün edýär. Dirižýor diňe orkestrdäki sazandalaryň sazlaşygyny üpjün etmän, eýsem, olara haýsy wagt nähili tizlikde çalmalydygyny-da aýdýar. Eseriň häsiýetini, manysyny düşündirmek hem oňa baglydyr. Ol notalary üýtgedip bilenok, emma eseriň tizligine görä dürli öwüşginleri çaýyp bilýär. Eger-de eser gadymy bolsa, dirižýoryň işi kynlaşýar, çünki onuň hakyky heňini tapyp bilýänler örän az. Saz eserlerini kompozitoryň ýaşan döwrüne laýyk ýerine ýetirmek dirižýordan, ilkinji nobatda, ussatlygy we çuňňur sowatlylygy talap edýär. Diňe ussat dirižýorlar döwrüň ruhuny duýup, adaty nota ýazgylaryny janly mukama öwürmegi başarýar.

Hala baglanan ykbal

Gudrat Gijäniň bir wagtyna çenli at toýnagynyň sesine meňzeş darak sesi mylaýym owaz bolup eşidiler durardy. Men-ä, dogrusy, duldegşir goňşymyňkydan hüwdä çalymdaş gelýän owaza endik edinipdim. Çagalarymam, özümem şol jadylaýjy owaza imrinip, rahat uka giderdik. Ertesi güni öý işlerimi boldum edip, halyçy goňşymy görüp gaýtmasam kararym ýetmeýän ýalydy. Sebäbi ol bir halyçy hem däldi, kitaphondy, okan zatlaryny gürrüň bermegi halardy. Meniň üçin bu zatlar gyzyklydy. Soňky wagtlar-a Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ürç edinipdi. Bu günem gapydan girenimden, ol:

Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

18 — 27-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik üçin Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde medeni çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler. Tomaşaçylar nemes nusgawy sazlaryndan we opera eserlerinden lezzet aldylar.

Koreý owazlary ýaňlandy

22-23-nji noýabrda Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan eýýäm birnäçe ýyl bäri guralmagy asylly däbe öwrülen çäre bu ýyl hem täsirli pursatlara baý boldy. Medeni çäräniň ilkinji gününde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen çäre köp adamly boldy. Bu ýerde tematiki surat meýdançasy, dürli öwüşginli täsin sowgatlyklary ýasamak boýunça ussahana hereket etdi. Bu ýere gelenlere milli koreý tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçirildi

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr.

«El hünäri il gezer»

Şeýle at bilen 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň 10-sy gatnaşdy. «Milli ýörelge  — köpe görelde» diýlişi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gyz-gelinlerimiz milli däp-dessurlarymyza eýerip, milliligimizi, edep-ekramlylygy gorap saklamakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlygy hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar berlen wagtyň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Jemleýji dabara

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len çä­re­le­ri jem­le­mek da­ba­ra­sy hem-de onuň çäk­le­rin­de tür­ki döw­let­le­riň sun­gat us­sat­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy.

Şadyýan çagalar bäsleşdi

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3-5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen “Merdana nesil—2024” atly şadyýan bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry gyzykly geçdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi bilen etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bu bäsleşige etrabyň dürli ýerlerinden mekdebara saýlama gözden geçirişlerinde öňe saýlanan okuwçy oglanlar gatnaşdylar. Merdana nesliň özboluşly baýramçylygyna öwrülen bäsleşige okuwçy oglanlaryň örän taýýarlykly gelendigine göz ýetirmek diýseň ýakymly boldy. Olar şertleriň ählisini talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen, zehin-başarnygyny doly derejede görkezdiler. Zehinli, aýdym-saz sungatyna höwesli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly çagalary ýüze çykarmakdan ugur alan bäsleşigiň dowamynda ýeňijiler kesgitlendi.

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Watanymyzyň her biri güni toý-baýrama, şatlykly we buýsançly wakalara utgaşýar. Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berdi. Bu dabaranyň çäginde türki dilli halklaryň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi, onda türkmen, türk, özbek, gyrgyz, gazak dillerinde aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy her birimiziň şatlygymyza şatlyk goşdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli şanly ýylymyzyň dowamynda geçirilen çäreleriň üstünlige beslenendigini uly buýsanç bilen aýdyp bileris. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlaryň, teatr, kino işgärleriniň, suratkeşleriň, aýdymçy-sazandalaryň, döredijilik toparlarynyň işjeň gatnaşmagynda guralan çäreler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen guralan şeýle giň göwrümli çäreler türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda ähmiýetli boldy. Munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.