«El hünäri il gezer»

24 Noýabr 2024
204

Şeýle at bilen 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň 10-sy gatnaşdy.

«Milli ýörelge  — köpe görelde» diýlişi ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gyz-gelinlerimiz milli däp-dessurlarymyza eýerip, milliligimizi, edep-ekramlylygy gorap saklamakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çünki ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlygy hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, talyp gyzlar berlen wagtyň dowamynda
ene-mamalarymyzdan miras galan köjüme el işi boýunça öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny açyp görkezdiler.

Şanazar MUHYÝEW,
Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüm müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.