"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ruhubelentligiň ýörelgesi Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň maksady neşekeşligi we beýleki zyýanly endikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Sagdyn durmuş ilatyň saglygyny goramakda, maşgalalaryň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini üpjün etmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem neşekeşlik bilen birlikde, arakhorlugyň, çilimkeşligiň we naskeşligiň öňüni almak bilen bagly çärelerem möhüm işe öwrülýär.

Şadyýan tomus — 2024

Giň mümkinçilikler döredilýär Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, olar eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde açylyp, ulanylmaga berilýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alýarlar, wagtlaryny sapaly hem hoş geçirýärler. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalary tapgyrma-tapgyr kabul edýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň işgärleriniň çagalary “Nesil”, “Çeşme”, “Şöhle” we “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaga ugradylýar. Çagalaryň dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda 150, 2-nji tapgyrynda 160 çaga merkezlerde dynç alyp, möwsümiň 3-nji tapgyrynda 200-e golaý çaganyň dynç almaga gitmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, çagalar hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

It — wepa

(Bolan waka) Güýz paslynyň bir günüdi. Howa sowap, çigrek düşüpdi. Uly goýun sürüsi selin-sazakly Maýa bozlan çölüniň içi bilen suwly howza tarap eňip barýardy.

Kämil kanunçylyk ― ösüşleriň binýady

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda we berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Konstitusiýa möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna pugta eýerilip, biziň döwletimizde syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan özgertmeler amala aşyrylýar, kanunlar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä berk eýerilýär. Netijede ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşini dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan derejelere çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag, aragatnaşyk ulgamyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar döredilýär.

Täsirli geçen söhbetdeşlik

Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermegi bilen baglylykda, şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan işjeň agzalaryň gatnaşmagynda baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşlik hem täsirli çäreleriň biri boldy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan ugur alyp, gadymy Änew medeniýeti, bu topragyň şan-şöhrata beslenen taryhy we şu günki barha özgerýän keşbi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Bu gün halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakda aýdylanlar hem ünsi çekiji boldy.

Döredijiligiň we ruhubelentligiň baýramy

Bagtyýar türkmen ili 27-nji iýunda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabaralara besläp belläp geçdi. Ýurdumyzyň abadanlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ruhubelentliginiň we döredijiligiň baýramy hökmünde giňden dabaralandyrylan şanly sene gadymy Ahal ýaýlasynda hem baý dabaralara utgaşdy. Änew şäheriniň merkezi seýilgähinde — akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki toý meýdançasynda geçirilen dabara göwün göteriji duýgulara beslendi. Welaýat häkimligi, welaýat Medeniýet müdirligi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde guralan dabara edara-kärhanalaryň zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaşlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdy.

Berekediň başy — bugdaý

Güneşli Diýarymyzda galla oragynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde guralan «Berekediň başy — bugdaý» atly sergi-bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabaralandyrmak, zähmet toparlarynyň ugurtapyjylygyny, täzeçillige ymtylyşlaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen sergi-bäsleşige welaýatymyzyň etraplaryndan toparlar gatnaşdy. Olar bugdaý desseleridir dänelerden taýýarlan dürli şekilleriniň sergisini guradylar. Muzeýiň giň eýwanyny bezän owadan, göze gelüwli şekilleriň sergisi ünsi çekiji boldy. Özboluşly bäsleşige gatnaşyjylar sergä hödürlän işleriniň her biri hakda gürrüň berdiler. Ylaýta-da, bugdaý desselerini saýlap alyşlary, bugdaý desseleridir dänelerden dürli şekilleri ýasamagyň aýratynlyklary hakdaky täsirli gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlendi. Olar ýerine ýetiren we sergide görkezen owadan şekillerini goşgy setirlerinde labyzly wasp etmekde hem ukybyny görkezdiler.

Ýaşlygyň ýakymy (obama syýahat)

Ýaşlyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalaryny goýnunda saklap oturan obam bu gün gözlerime enem ýaly eziz, atam ýaly arzyly görünýär. Çünki men enemdir atamyň gujagynda önüp-ösüp, kemala gelşim ýaly, obamyň hem gujagynda ösüp, mähri bilen gurşalypdym. Oba diýilse gulagymda hüwdiniň sesi ýaňlanyp, kalbymda guşlar nagma kakyberýär. Oba agzalanda pikirlerim çar ýana atygsap, ganatly guşa öwrülýär-de alyslara uçuberýär. Syn edip otursak adam ömri üç bölege bölünýän eken. Olaryň birinjisi elwan gülli ýazlar ýaly çagalygymyz, joşgunly siller ýaly ýetginjekligimiz. Bu ýyllar nähili süýji bolsa-da, onuň tagamynyň, lezzetiniň manysyna akyl ýetirip ýetişmänkäk deňimizden ýyldyrym çaltlygynda geçip gidýär. Ömrüň ikinji böleginde tomus ýaly gyzgyn ýürekli ýaşlygymyz bar. Onda ilkinji söýgi, durmuşa aýgytly ädilýän ädimler, biziň geljekde kim, nähili adam boljakdygymyz hakyndaky çözgütleriň başlangyjy, gör, näçe sany öňde goýulýan maksatlar, arzuwlardyr hyýallar bolýar.

Lezzetli nygmat

Tagamynyň datlylygy bilen tapawutlanýan «Çupa çups» süýjüsi çagalaryň arasynda uly höwes bildirilýän kemputlaryň biridir. Süýjiniň bu görnüşiniň emele geliş taryhy hem özüne çekiji. Dürli süýjüliklerdir köke önümlerini öndürýän kärhananyň ýolbaşçysy Enrike Bernat bir zenanyň süýji iýensoň, elini-ýüzüni şire-şepbik eden perzendine käýäp duranyny görende, pikire batypdyr. Ol çagalaryň el-ýüzüni, egin-eşigini hapalamaýan süýjiniň görnüşini döretmegiň ugruna çykypdyr. Enrike Bernadyň şol döwür marmelad öndürýän kärhanasy bar eken. Telekeçi nähili bolanda süýjiniň şiresiniň çaganyň üst-başyna degmejekdigini, eliniň-ýüzüniň şire bolmajakdygyny göz öňüne getiripdir. Birnäçe tejribeden soň, ugurtapyjy Enrike Bernat süýjini çöpe ildirip görüpdir we şonda garaşylýan netijäni alypdyr.

Bugdaýdan taýýarlanan şekilleriň bäsleşigi

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň zähmete werziş gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna 1 million tonnadan geçirip, bugdaý hasylyny tabşyryp, işlerini üstünlikli depginde dowam etdirýärler. Olaryň gazanan üstünliklerini goşalandyrmak maksady bilen, geçen hepdäniň çarşenbe güni Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi Ak bugdaý Milli muzeýinde «Berekediň başy — bugdaý» atly bäsleşigini geçirdi. Welaýat derejesinde geçirilen bu bäsleşige 7 etrapdan şekil ýasamaga höwesek kärendeçiler bugdaý dänelerinden, hoşalaryndan hem-de samanyndan taýýarlan şekilleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyrynda bugdaý desseleriniň dürli görnüşleri hödürlenen bolsa, ikinji tapgyrynda bugdaý samanyndan ýasalan şekiller görkezildi.

Kitap okan gullar magnydan dokdur

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kitap okamagyň biraýlygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär» diýen sözlerinden ugur alnyp, uniwersitetde degişli kitaplar boýunça «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» ady bilen ylmy nutuklaryň döredijilik, «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan» atly şygryýet, «Meniň söýgüli eserim» ady bilen çeper eserleriň many-mazmunyny beýan etmek boýunça bäsleşikler yglan edildi. Diller kafedrasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri oturdylan daşary ýurtly söz ussatlarynyň eserlerine bagyşlanan «Kitap — iň gowy dost» atly bäsleşik hem geçirildi.

Ol jandarlaryň janköýeridi (oçerk)

Sahaplary könelip giden goňrumtyl kitap professor W.G.Geptneriň sözbaşy ýazmagynda TYA-nyň neşirýatynda 1962-nji ýylda çap bolupdyr. Geldi Şükürowyň rus dilinde ýazan bu kitaby «ФАУНА позвоночных животных гор большие Балханы» diýlip atlandyrylypdyr. Geldi Şükürow 1912-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki gadymy Bagyr obasynda daýhan maşgalasynda doglupdyr. Aýak bitenden öýleriniň gapdalyndaky Nusaýyň gadymy galasyny oýnaghanasyna öwren, üstüňe abanyp duran Köpetdagyň jülge-zawlarynda goýun-geçi bakan, düzlerinde kömelek çöplän, ýuwa-ýelmik ýygan oglanjygyň kiçijikliginden tebigat bilen höwrükjekdigi düşnükli zat. Durmuşdaky ýeter-ýetmezlik bilmäge, öwrenmäge telwasly, kitap görse gözi açylyberýän oglanjyga talabalaýyk okamaga mümkinçilik bermändir. Onsoň ata-ene perzendiniň gözleriniň alnyndan aýrylmagyny näler islemeseler-de, göwnüni ýykman, ony 13 ýaşynda Aşgabatdaky mekdep-internada ýerleşdirýärler. Üç ýyl okandan soň, Daşkentdäki Türkmen pedagogik tehnikumyna ugradylýar. Eline diplom alandan hem 1931-nji ýylda Kerki Peduçilişesine mugallym edilip ugradylýar. Üç ýyl geçensoň, işeňňir mugallym, guramaçy hökmünde tanalan Geldini Aşgabadyň Gidrotehnikumyna işe kabul edýärler. Şol döwürde onuň pedagogik başarjaňlygynyň artykmaçdygy, mugallym hökmünde sapak geçmekde usullary başarnykly peýdalanyp bilýändigi aýyl-saýyl bolýar. Özi weli «Wah, bilimiň kemterligi käte ýüňsakgal edäýýär. Y

Kitap bilen dost bolalyň, çagalar!

Şu gün — 2-nji iýulda paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda çäre geçirildi. Bu çäräniň maksady çagalar edebiýatyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek bolup, körpe nesliň söýgüsini gazanan kitaplaryň birnäçesi olaryň dykgatyna ýetirildi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri, suratlar bilen owadan bezelen hekaýalydyr goşguly, ertekili kitaplar çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalar kitaplarynyň bezeg aýratynlyklarynyň özboluşlylygy olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Kitaphananyň zähmetsöýer işgärleri bu ýere ýygnanan çagalary daşyna jemläp, olara gysga göwrümli kitaplary we kitaplardan bölekleri okap berdiler, okamaklygyň, öwrenmekligiň ähmiýetini dürli tymsallaryňdyr rowaýatlaryň üsti bilen düşündirdiler. Bu çäräniň üsti bilen dynç alyş möwsüminde hem kitapdan üzňe bolmaly däldigi çagalara ýene bir gezek maslahat berildi we kitaphananyň ýaşajyk okyjylarynyň ýylsaýyn köpelýändigi buýsanç bilen nygtaldy.      Bagtly çagalaryň mekany diýlip tanalýan ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň  bilim-ylym almaklary, dynç alyş möwsümlerini oňat geçirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar çagalaryň kitap bilen dost bolup, dünýägaraýyşlaryny, gözýetimlerini has-da giňeldýändikleri buýsançly bellenilmäge mynasypdyr. Hut şonuň üçin

Aýdym-sazly dabara

Biz — bagtyýar çagalar TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 4-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Biz — bagtyýar çagalar” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 4-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Döw­let­li­lik halallygyň tugudyr

Döwlet diýmek, belli bir araçägi, esasy şerti bir milletiň dilini, dinini, ygtykadyny, çäk bitewiligini üpjün edýän ýurt, mekan, administratiw birlik diýmekdir. Türkmen döwletiniň döwletlilik diýlen düşünjäniň çygryndaky iň kämil jemgyýetiň biridigini bolsa diňe bir türkmen milleti däl, eýsem, tutuş dünýä ykrar edýär. Onsoňam, döwletiň döwletli işlerine düşünmek üçin, adamlar hakdaky aladadan çen tutmagyň özi ýeterlik. Sebäbi döwletiň uly işleri millet, halk üçin kuýaşly Güneş halkasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz yhlasdyr aladasy milletimizi diýseň mertebelendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir işi halkyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan asylly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatdaky ägirt uly işleriniň netijesini has guwandyryjy ösüşlere besleýär.

Pyragynyň toýun toýlaýar türkmen

17-nji maýda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy hökmünde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy hem-de halkara maslahatlar geçirildi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde tanalýar.

Kons­ti­tu­si­ýa, Döw­let baý­dagy – döw­let­lili­giň we özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň ny­şan­la­ry

Her bir halkyň, döwletiň özygtyýarlylygyny aňladýan nyşanlary bar. Olar döwletleriň, halklaryň milli aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Olaryň biri-de Döwlet baýdagydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşany – Döwlet baýdagy. 2017-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilelikde dabaraly bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr. Garaşsyz Türkmenistan dünýäde häzirki emele gelen ähli hakykatlary ykrar etmek bilen, şol bir wagtda gadymy taryhy köklere daýanyp, syýasy, ykdysady, durmuş, medeni, täze filosofiýany döretdi. Bu syýasat taryhy geçmişi öz içine aldy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkiniň saýlanyp alynmagynda we ondaky alamatlaryň ýerleşdirilmeginde türkmen halkynyň ýüregine has ýakyn bolan niýetlerinden, ynamyndan, däp-dessurlaryndan, milli aýratynlyklardan we taryhy köklerimizden ugur alnandygy görünýär. Ýaşyl reňk tebigatyň joşan iň ajaýyp reňkleriniň biri. Ýaşyl öwüsýän ösümlikli meýdanlar gözelligi, bolçulygy, abadançylygy, asudalygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyzda Aý bilen bäş ýyldyz ýerleşdirilen. Alymlar we hünärmenler Aýyň alamatlandyrylmagynyň birnäçe manysynyň bardygyny belleýärler. Aý doganda, adamlar gadymy döwürde

Halk bilen Watan berkarar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:— Döwletimiziň adamlar hakyndaky aladasynyň mazmuny hem adamlaryň ýagşy edim-gylymlaryna, adalata garaýyşlaryna, halal we dogruçyl ýaşaýşyna aýratyn üns bermekdedir. Adamkärçiligiň asyly nusgalaryny ýaşaýşyň baş ýöregesi hökmünde ykrar etmekdedir. Watan — mizemez binýat. Bu binýadyň köküni guranlar bolsa biziň merdi-merdana ata-babalarymyz. Geçmişiň gatlarynda yz galdyran beýik-beýik döwletler bu günki gün bir Watanda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak, agzybir döwlet bolmak hakynda eden arzuwy bu gün wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ömri we ummanlara deňelýän döredijilik dünýäsi, beýik taglymatlary bu gün dünýä ýüzünde wagyz edilýär. Ýurdumyzda beýik filosofyň, Gündogaryň ýagty ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemek babatda alnyp barylýan işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.