Düýn paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Ykbaly hala siňen zenanlar» atly fotosurat sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Arşyň nepisligine deňelen haly sungatyny döreden we onuň ösmegine goşant goşan, gölleriniň syrly dünýäsiniň taryhyny biziň günlerimize ýetiren zenanlarymyzyň yhlasly zähmetini, ömrüni bu inçe käre bagyşlan ussat halyçylaryň zähmet ýoluny ebedileşdirmäge bagyşlanan sergi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi we “El darak” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraldy.