"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Aty­ryň za­ýa­la­nan­dy­gy­ny nä­dip bil­me­li?

Parf­ýu­me­ri­ýa önüm­le­ri gün­de­lik dur­muş­da giň­den ula­nyl­ýan se­riş­de­ler bo­lup, ys be­ri­ji­le­riň ula­ny­lyş düz­gün­le­ri­ni bil­mek esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Esa­san hem, ho­wa­nyň gyz­gyn gün­le­ri aty­ryň sak­la­nyş we ula­ny­lyş düz­gün­le­rine üns­li çe­me­leş­me­li. Ýag­ny haý­sy aty­ry ha­çan we nä­hi­li ýag­daý­da se­pin­me­li, ho­wa şer­ti­ne gö­rä haý­sy aty­ry saý­la­ma­ly? Şeý­le hem aty­ryň ga­pa­gy­ny aça­ny­myz­dan soň nä­çe wagt ula­nyp bi­le­ris? Ge­liň, atyr ula­na­nymyz­da üns ber­me­li ýag­daý­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Ysyň pe­sel­me­gi. Parf­ýu­me­ri­ýa se­riş­de­le­ri gym­mat­ly şah­sy ideg önü­mi bo­lup, her kim öz halaýan ysyna görä atyr saý­la­ýar. Kä­bir atyr açy­lan­dan soň ýu­waş-ýu­waş ysy­ny ýi­ti­rip ug­ra­ýar. Aty­ryň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­niň pe­sel­me­gi, onuň za­ýa­la­nan­dy­gy­nyň il­kin­ji ala­ma­ty­dyr. Aty­ry ka­gy­zyň üs­tü­ne se­piň we az sa­lym ýel­pä­ni­ňiz­den soň, ys­gap gö­rüň! Eger bur­nu­ňy­za baş­da­ky ýa­ly hoş­boý ys gel­se, on­da aty­ry ula­ny­ber­me­li. Eger-de ýa­kym­syz ys bur­nu­ňy­za ur­sa ýa-da hiç hi­li ys al­ma­sa­ňyz, on­da aty­ryň za­ýa­la­nan­dy­gy. Mun­dan baş­ga-da, aty­ryň za­ýa­la­nyp ug­ran­dy­gy­ny bil­me­giň bir­nä­çe usuly bar.

Ba­li ada­sy – te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň me­ka­ny

Ýaş ça­tyn­ja­lar­dan we sy­ýa­hat­çy­lar­dan «Dynç al­mak üçin iň meş­hur ýer ni­re?» – diý­lip so­ra­lan­da: «El­bet­de, Ba­li ada­sy» di­ýip jo­gap ber­ýär­ler. Te­bi­gy gö­zel­lik­le­riň me­ka­ny bo­lan Ba­li ada­sy In­do­ne­zi­ýa de­giş­li bo­lup, Ma­laý ar­hi­pe­la­gyn­da ýer­leş­ýär. Hin­di we Ýu­waş um­ma­ny bi­len ýu­wul­ýan bu ada­nyň tut­ýan meý­da­ny 5 müň 780 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, ady­bir we­la­ýa­tyň mer­ke­zin­de Den­pa­sar şä­he­ri bar. Ro­man­tik­le­riň ada­sy 1980-nji ýyl­lar­dan soň ýur­duň iň meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne öw­rül­ýär. Ba­li ada­sy di­ňe bir owa­dan de­ňiz ke­nar­la­ry, gür to­kaý­lyk­la­ry, tä­sin haý­wa­nat dün­ýä­si bi­len ta­nal­man, eý­sem, mil­li we döw­re­bap tans­la­ry, heý­kel­ta­raş­lyk, su­rat­keş­lik sun­ga­ty, de­ri we me­tal iş­läp be­jer­mek hem-de ösen aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len hem meş­hur­dyr. In­do­ne­zi­ýa­nyň hal­ka­ra film fes­ti­wa­ly hem her ýyl Ba­li­de ge­çi­ril­ýär. Ba­li­niň de­mir­ga­zyk we gün­do­gar ke­nar­ýa­ka­syn­da­ky çä­ge­lik­ler ga­ra reňk­li bo­lup, wul­kan­la­ryň se­bi­te ýaý­ra­ma­gy bi­len eme­le ge­lip­dir. Ba­li ada­sy «Müň yba­dat­ha­na ada­sy», «Taň­ry ada­sy» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Se­bä­bi ek­zo­tik ada­da, tak­my­nan, 10 müň­den gow­rak yba­dat­ha­na bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Lem­pu­ýang Lu­hur (Jen­ne­tiň der­we­ze­si) yba­dat­ha­na­sy iň meş­hu­ry bo­lup, bu yba­dat­h

ŞHG-niň sam­mi­ti ge­çi­ril­di

3-4-nji iýul­da As­ta­na­da «ŞHG+» gör­nü­şin­de 16 ýur­duň döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Bu sy­ýa­sy çä­rä Ga­za­gys­tan, Hin­dis­tan, Eý­ran, Hy­taý, Gyr­gy­zys­tan, Pa­kis­tan, Rus­si­ýa, Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan, Be­la­rus, Mon­go­li­ýa, Azer­baý­jan, Ka­tar, BAE, Tür­ki­ýe we Türk­me­nis­tan ýa­ly ýurt­la­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­la­ry hem-de BMG-niň we ŞHG-niň Baş sek­re­tar­la­ry gat­naş­dy. «Köp­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­ri güýç­len­dir­mek: dur­nuk­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de ösü­şi göz­le­mek» şy­ga­ry bi­len gu­ra­lan sam­mi­tiň gün ter­ti­bin­de mö­hüm hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň tä­ze Li­der­le­ri

27-nji iýun­da Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň sam­mi­ti Ur­su­la fon der Lýa­ýe­ni (Ger­ma­ni­ýa) Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne ikin­ji möh­le­te hö­dür­le­mek ka­ra­ry­na gel­di. Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Şarl Mi­şel bu mag­lu­mat­la­ry so­si­al ul­gam­da tas­syk­la­dy. Şeý­le hem Por­tu­ga­li­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri An­to­niu Koş­ta­ny Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy we Es­to­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ka­ýa Kal­la­sy Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­yl­dy. – Men öz borç­la­ry­ma çuň­ňur dü­şün­mek bi­len, Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň in­di­ki baş­ly­gy bol­mak jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ka­bul ed­ýä­rin – di­ýip, A. Koş­ta X jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da bel­le­di. Ol Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za 27 ýur­duň ara­syn­da ag­zy­bir­li­gi ber­kit­mä­ge do­ly yg­rar­ly­dy­gy­ny we sam­mit­de tas­syk­la­nan gel­jek bäş ýyl üçin stra­te­gi­k me­ýil­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ün­sü­ni jem­le­jek­di­gi­ni bel­le­di.

40 mil­liard ýew­ro­lyk şert­na­ma

29-30-njy iýun­da Mü­sür­de «EU-Egypt» gör­nü­şin­dä­ki iki gün­lük ma­ýa go­ýum fo­ru­my ge­çi­ril­di. Fo­ru­myň do­wa­myn­da Ýew­ro­pa kom­pa­ni­ýa­la­ry Mü­sür ta­ra­py bi­len umu­my ba­ha­sy 40 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak bo­lan şert­na­ma bag­laş­dy. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen mä­lim et­di. Fon der Lýa­ýen şert­na­ma­la­ryň dür­li pu­dak­la­ry öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şeý­le hem fon der Lýa­ýen Mü­sü­riň Pre­zi­den­ti Ab­dul-Fat­tah Ha­lil As-Si­si bi­len hem gep­le­şik ge­çir­di.

Do­lan­dy­ry­jy par­ti­ýa ýe­ňiş ga­zan­dy

2016-njy ýyl­dan bä­ri hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da­ky Mon­gol halk par­ti­ýa­sy 28-nji iýun­da ýur­duň Be­ýik Hu­ra­ly­na (par­la­men­ti­ne) ge­çi­ri­len saý­law­lar­da ýe­ne-de ses­le­riň kö­pü­si­ne eýe bol­dy. Bu ba­ra­da umu­my saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat mer­ke­zi ha­bar ber­di. Par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri se­kiz ýyl bä­ri hä­ki­mi­ýet­dä­ki Halk par­ti­ýa­sy­nyň 500 müň 123 ses alan­dy­gy­ny gör­kez­di. Ikin­ji orun­da 429 müň 456 se­se eýe bo­lan esa­sy De­mok­ra­tik par­ti­ýa gel­ýär. Zäh­met mil­li par­ti­ýa­sy 146 müň 665 ses bi­len üçün­ji or­ny eýe­le­di. Şeý­le­lik bi­len, bu üç par­ti­ýa ma­žo­ri­tar ul­gam bo­ýun­ça par­la­men­tiň tä­ze ça­gy­ry­şyn­da 78 orun alar. Il­ki bi­len Halk par­ti­ýa­sy 50, De­mok­rat­lar 26, Zäh­met par­ti­ýa­sy iki orun alar.

Daşky gurşawyň goragynda

Lon­don­da­ky Ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň ýyl­lyk ha­sa­ba­ty­na gö­rä, ge­çen ýyl at­mos­fe­ra kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň glo­bal zy­ňyn­dy­la­ry re­kord de­re­jä ýe­tip, 40 mil­liard ton­na­dan ge­çip­dir. Hü­när­men­ler mu­ny ga­zy­lyp alyn­ýan ýan­gy­jyň sarp edi­li­şi­niň ýo­ka­ry möç­ber­le­ri bi­len bag­la­nyş­dyr­ýar­lar. Eko­lo­gik däl ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne bo­lan is­leg, tä­ze­le­nip bil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň meş­hur­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, ös­me­gi­ni do­wam et­dir­ýär. Şeý­le­lik bi­len, 2023-nji ýyl­da ug­le­wo­do­ro­dyň sarp edi­li­şi 505 ek­sa­jou­la ýet­di. Kö­mür sarp edi­li­şi­niň ösü­şi 1,6 gö­te­rim, ne­bit 2 gö­te­rim bol­dy. Soň­ky ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, dün­ýä­de her gün 100 mil­li­on bar­rel ga­ra al­tyn sarp ed­ilýär.

Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler

Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew Mil­li mej­li­si ýa­ty­ryp, ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra möh­le­tin­den öň­ki saý­law­la­ry 1-nji sent­ýab­ra bel­le­di. De­giş­li ka­rar Pre­zi­den­tiň saý­tyn­da mä­lim edil­di. «Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 98.1-nji mad­da­sy­nyň bi­rin­ji bö­lü­mi­ne we 109-njy mad­da­sy­nyň 1-nji bö­lü­mi­ne esas­la­nyp, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li mej­li­si­ni­ň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­ny ýa­tyr­mak ba­ra­da ka­rar ka­bul et­dim. 2024-nji ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ry­nda Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li mej­li­si­ne no­bat­dan da­şa­ry saý­law­la­ry ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­me­li» diý­lip, res­mi­na­ma­da bel­le­nil­ýär.

Te­le­çe­kiş­mä­niň bi­rin­ji tap­gy­ry

28-nji iýun­da At­lan­ta­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň we­zi­pe­si­ne esa­sy da­laş­gär­ler – hä­zir­ki Pre­zi­dent Jo­zef Baý­den bi­len öň­ki Pre­zi­dent Do­nald Tram­pyň ara­syn­da te­le­çe­kiş­mä­niň bi­rin­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bu ABŞ-nyň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek öň­ki we hä­zir­ki Pre­zi­dent­le­riň ara­syn­da gu­ra­lan saý­law­dan öň­ki te­le­çe­kiş­me­dir. Gyz­ga­laň­ly ge­çen çe­kiş­me 90 mi­nut do­wam et­di. Bu çä­re ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak bi­len baş­lan­dy. Ta­rap­lar infl­ýa­si­ýa, iş ýer­le­ri we sal­gyt sy­ýa­sa­ty ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar we pre­zi­dent­lik döw­rün­de sy­ýa­sy kar­ýe­ra­syn­da­ky esa­sy bär­den gaýt­ma­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ýaň­zyt­dy­lar. Bäs­deş­ler yk­dy­sa­dy­ýet­den baş­ga-da da­şa­ry sy­ýa­sa­ta-da de­gip geç­di­ler. Ta­rap­la­ryň kä­bir me­se­le­ler­de ga­ra­ýyş­la­ry­nyň düýp­gö­ter çap­raz ge­len ha­lat­la­ry hem bol­dy. Baý­den Ýew­ro­pa bi­len ýyg­jam gat­na­şyk­la­ry sak­la­ma­ga ça­gyr­sa, Tramp baş­ga ýo­ly ile­ri tut­dy.

Ikin­ji tap­gy­rda belli bolar

Şu gün Eý­ran­da möh­le­tin­den öň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ry ge­çi­ri­lip, onuň ne­ti­je­sin­de iki da­laş­gä­riň bi­ri Pre­zi­dent saý­la­nar. 28-nji iýun­da ge­çi­ri­len bi­rin­ji tap­gyr­da da­laş­gär­le­riň hiç bi­ri-de ýe­ňiş ga­zan­mak üçin ze­rur se­si alyp bil­me­di­. Saý­law­la­ryň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da re­for­ma­çy Ma­sud Pe­zeş­ki­ýan we kon­ser­wa­tor Sa­id Ja­li­li ses­ler do­ly sa­na­lan­dan soň ikin­ji tap­gy­ra çyk­dy­lar. Ma­sud Pe­zeş­kiý­an Mej­li­siň ag­za­sy, bel­li bir dö­wür­de Eý­ra­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we luk­man­çy­lyk bi­li­mi mi­nist­ri bo­lup iş­le­di.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Baş­lyk­ly­gy­ ka­bul et­di. Weng­ri­ýa Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň al­ty aý­lyk baş­lyk­ly­gy­na baş­la­dy. Weng­ri­ýa 1-nji iýul­da bu we­zi­pä­ni Bel­gi­ýa­dan ka­bul edip, de­kabr aýy­nyň ahy­ryn­da ro­ta­si­ýa esa­syn­da ge­ze­gi­ni Pol­şa be­rer. Baş­lyk­ly­gyň res­mi ny­şa­ny, Ru­bi­giň ku­bi­gi bol­dy. Bu ýyl wen­ger in­že­ne­ri Ern­ýo Ru­bi­giň oý­lap ta­py­şy­na 50 ýyl dol­dy. Mon­ro­nyň öýi me­de­ni ýa­dy­gär­lik bol­dy. Ame­ri­ka­ly akt­ri­sa Me­ri­lin Mon­ro­nyň Los-An­je­le­siň Brent­wud et­ra­byn­da­ky öýi me­de­ni ýa­dy­gär­lik hök­mün­de yk­rar edil­di. Los-An­je­les şä­her ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan ja­ýyň ýy­kyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýan de­giş­li ka­rar ka­bul edil­di. Mon­ro bu ja­ýy 1962-nji ýyl­da 75 müň dol­la­ra sa­tyn alyp­dyr.

ŞATLYGA BESLENÝÄN TOMUS PASLY

Bi­ziň ýur­du­myz bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy. Bu jüm­lä­niň aňyr­syn­da Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nes­liň ter­bi­ýe­li, wa­tan­sö­ýü­ji, ah­lak­ly, ru­hy hem-de be­den taý­dan sag­dyn ne­sil bo­lup ke­ma­la gel­me­gi üçin ed­ýän ir­gin­siz ala­da­la­ry ýa­tyr. Ça­ga­lar bi­ziň er­tir­ki gü­nü­miz. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň saz­la­şyk­ly ösü­şi, bi­lim al­mak­la­ry, boş wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly we peý­da­ly ge­çir­mek­le­ri üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär.

Gün ur­madan nädip goranmaly?

Gün şöh­le­si dür­li şöh­le­len­me­le­riň güýç­li çeş­me­si bo­lup, ola­ryň için­de ult­ra­me­lew­şe şöh­le­si wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Olar az muk­dar­da adam be­de­ni­ne, esa­san hem, ça­ga­lar üçin has ze­rur­dyr. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, olar adam be­de­ni­niň ös­me­gi we kä­mil­leş­me­gi üçin ge­rek bo­lan wi­ta­min­le­riň eme­le gel­me­gi­ne gat­naş­ýar. Çen­de­na­şa güýç­li Gün şöh­le­si agyr ke­sel­le­riň, şeý­le-de howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bil­ýär. Her bir adam ça­ga­lyk­dan baş­lap, Gün şöh­le­si­ni dür­li de­re­je­de du­ýup baş­la­ýar. Gün şöh­le­si­niň uzak wagt­lap ada­myň en­da­my­na tä­sir et­me­gi de­ri­niň ýan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gün uran adam­da il­ki­baş­da ýa­daw­lyk, ys­gyn­syz­lyk, kel­la­gy­ry, ba­şaý­lan­ma, aýak­la­ryn­da we ar­ka­syn­da agy­ry eme­le gel­ýär. Soň­ra gu­la­gy­nyň şaň­la­ma­gy, de­mi­niň gys­ma­gy, ýü­re­gi­niň çalt ur­ma­gy müm­kin. Gün ur­ma­dan

Edep-ter­bi­ýe yn­san dur­mu­şy­nyň be­ze­gi­dir

Gündelik durmuşda «Alym bolmak aňsat, adam bolmak kyn» diýen aýtgyny köp eşidýänsiňiz. Aslyýetinde, bu ýerde göz öňünde tutulýan «adam bolmak» – kämillik, sypaýyçylyk, akýüreklilik hem edeplilikdir. Ilhalar kişileri beýleki adamlardan tapawutlandyrýan sypatlar, ine şu häsiýetlerdir. Per­zent ter­bi­ýe­si­ne bi­parh ga­ra­ma­ly däl­di­gi ga­dym­dan bä­ri aýdylyp gelinýän pent. Mö­min­le­riň emi­ri Aly ibn Abu Ta­lyp: «Ça­ga­la­ry­ňy­zy di­ňe şu dö­wür üçin däl, gel­jek za­man­la­ry hem göz öňün­de tu­tup ter­bi­ýe­läň» di­ýer eken. Gys­ga hem bol­sa, aky­la mu­wa­pyk söz. Ter­bi­ýe­çi­ler, mu­gal­lym­lar, ene-ata­lar ça­ga­la­ryň edep-ter­bi­ýe­si­ni kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly ola­ra ýa­şaý­şyň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni, üs­tün­li­giň he­niz el deg­me­dik ga­py­la­ry­ny açyp ber­mä­ge, bag­ta elt­ýän ha­lal ýol­la­ry öw­ret­mä­ge – gel­je­ge my­na­syp taý­ýar­la­ma­ga borç­lu­dyr­lar. Şu wagt­dan per­zent­le­riň aňy­na se­pi­len tä­lim to­hum­la­ry, ýü­rek­le­ri­ne otur­dy­lan ýag­şy­lyk na­hal­la­ry mä­käm boý al­sa, tüýs di­ýen çag­la­ryn­da ol dü­şün­je­le­riň ha­syl be­rip baş­la­jak­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim. Yn­san­lar gel­je­ge taý­ýar­lyk­ly bol­ma­ly, taý­ýar­lyk­ly bar­ma­ly.

Glo­bal söw­da 32 tril­li­on dol­la­ra ýe­ter

Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy (WTO) ýy­lyň do­wa­myn­da glo­bal söw­da­nyň 32 tril­li­on dol­la­ra ýe­tip bil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Gu­ra­ma­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de hal­ka­ra ha­ryt söw­da­sy 1 gö­te­rim, hyz­mat söw­da­sy 1,5 gö­te­rim ar­typ­dyr. Glo­bal söw­da­nyň Hy­ta­ýyň eks­por­ty­nyň 9, Hin­dis­ta­nyň 7 we ABŞ-nyň 3 gö­te­rim art­ma­gy­na tä­si­ri uly bo­lup­dyr. De­giş­li dö­wür­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň eks­por­ty öň­kü­li­gi­ne ga­lan bol­sa, Af­ri­ka­nyň eks­por­ty 5 gö­te­rim pe­se­lip­dir. Ýan­war-mart aý­la­ryn­da «ýa­şyl» ener­gi­ýa we eme­li aň bi­len bag­ly ha­ryt­la­ryň eks­por­ty ýokary de­re­je­de ar­typ­dyr.

Gä­mi­le­riň gel­me­gi çäk­len­di­ri­ler

Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­da­ma her ýyl­da 20 mil­li­on tö­we­re­gi myh­man bar­ýar. Şä­he­riň ýer­li hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len tä­ze ka­rar ka­bul et­di. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, ýy­lyň do­wa­myn­da iň köp 100 gä­mi şä­he­riň por­tu­na ba­ryp bi­ler. Hä­zir­ki wagt­da şä­he­riň esa­sy de­mir ýol wok­za­ly­nyň go­la­ýyn­da­ky der­ýa ke­na­ryn­da­ky ýo­lag­çy por­tu­na ýyl­da 190 gä­mi ýa­na­şyp bil­ýär. Ge­çen ýyl bol­sa şä­her­de daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len uly ýo­lag­çy gä­mi­le­riň şä­he­riň mer­ke­zin­de la­byr taş­la­ma­gy ga­da­gan edi­lip­di. Tä­ze düz­gün 2026-njy ýyl­dan baş­lap güý­je gi­rer. Has uly gä­mi­ler Rot­ter­dam por­tu­na git­me­li bo­lar. Şeý­le hem ýer­li hä­ki­mi­ýet 2035-nji ýy­la çen­li por­ty şä­her mer­ke­zin­den do­lu­ly­gy­na aýyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Kos­mo­sa şar­ly sy­ýa­hat

Kos­mos sy­ýa­hat­çy­ly­gy­ny ama­la aşyr­ýan «Space Pers­pective» kom­pa­ni­ýa­sy ýo­lag­çy­la­ry kos­mo­sa çy­kar­jak ho­wa şa­ry­nyň il­kin­ji sy­nag uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Ýo­lag­çy­lar kos­mos gi­ňiş­li­gi­ne çy­kyp, Ýe­riň to­ga­lak­dy­gy­ny öz gö­zi bi­len gö­rüp bi­ler­ler. Bir ge­zek­lik pe­te­giň ba­ha­sy­nyň 125 müň dol­lar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Kos­mos şa­ry 8 orun­lyk bo­lup, ýy­lyň ahy­ryn­da ýo­lag­çy­la­ry as­man gi­ňiş­li­gi­ne gat­na­dyp baş­lar. Kom­pa­ni­ýa maş­ga­la ag­za­la­ryň, dost­la­ryň, iş­deş­le­riň bi­len na­har­lan­mak ýa-da ýyg­nak ge­çir­mek üçin as­man gi­ňiş­li­gi­ne git­me­gi mas­la­hat ber­ýär. Kos­mos şa­ryn­da Wi-Fi hyz­ma­ty hem bo­lar. Şar kos­mo­syň çä­gi­ne çen­li ba­ryp, at­mos­fe­ra­nyň 29 ki­lo­metr ýo­kar­syn­da du­rar. Sy­ýa­hat 6 sa­gat do­wam eder. «Space Pers­pective» kos­mo­sa bir ge­zek­de äki­di­len ýo­lag­çy sa­ny ba­bat­da hem re­kord goý­ma­gy me­ýil­leş­dir. Ogul­şat SÜ­LEÝ­MAN­GU­LY­ÝE­WA,

«Go­og­le ter­ji­mä» 110 tä­ze dil go­şul­dy

In­ter­ne­tiň iň meş­hur saý­ty «Go­og­le» ula­ny­jy­la­ry­na dür­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Şo­la­ryň ara­syn­da on­laýn ter­ji­me hem bar. «Go­og­le ter­ji­me» hyz­mat­la­ry­na tä­ze 110 dil go­şul­dy. Bu dil­le­riň ara­syn­da 5 dil ural-al­taý dil­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan tür­ki dil­ler­dir. Şeý­le­lik­de, bu hyz­mat çu­waş­ça, ky­rym ta­tar­ça­sy, baş­gyr­ça, tu­wa­ça we ýa­kut­ça ula­ny­jy­lar üçin el­ýe­ter­li bol­dy. Şu­nuň bi­len ter­ji­me hyz­mat­la­ry­na go­şu­lan tür­ki dil­le­riň sa­ny 13-e ýet­di. Mun­dan öň «Go­og­le ter­ji­me» ar­ka­ly azer­baý­jan, ga­zak, gyr­gyz, ta­tar, türk, türk­men, öz­bek we uý­gur dil­le­ri­ni ter­ji­me et­di­rip bol­ýar­dy. «Go­og­le» bu ba­ra­da­ky ha­ba­ryn­da şu ge­zek hä­zi­re çen­li iň köp di­liň go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­di. «Go­og­le ter­ji­me» 2008-nji ýyl­da hyz­ma­ta hö­dür­le­nip­di. Me­kan MAH­TU­MOW,

Dün­ýä­niň iň go­wy awia­kom­pa­ni­ýa­la­ry

Awia­si­ýa pu­da­gyn­da­ky iň ýo­ka­ry baý­rak ha­sap­lan­ýan «Skyt­rax» baý­rak­la­ryna mynasyp bolan awiakompaniýalar mä­lim edil­di. Ka­ta­ryň mil­li awia­si­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Skyt­rax»-yň 25 ýyl­lyk ta­ry­hyn­da se­ki­zin­ji ge­zek birinji boldy. Lon­don­da ge­çi­ri­len da­ba­ra dün­ýä­niň iri awia­kom­pa­ni­ýa­la­rynyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­. «Skyt­rax» 1999-njy ýyl­dan bä­ri 100 ýurt­dan 350 awia­kom­pa­ni­ýa ba­ra­da 21 mil­li­on­dan gow­rak müş­de­ri­si bi­len ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şy­gyň ne­ti­je­sin­de sa­naw taý­ýar­la­ýar. «Sin­ga­po­re Air­li­nes», «Emi­ra­tes», «ANA All Nip­pon Air­wa­ys» we «Cat­hay Pacific» de­giş­li­lik­de il­kin­ji bäş­li­ge gir­di. My­rat ŞA­MY­RA­DOW,

Ýel ener­gi­ýa­syn­da re­kord go­ýul­dy

Dün­ýäde de­ňiz­ler­dä­ki ýel be­ket­le­rin­den alyn­ýan ener­gi­ýa­da re­kord go­ýul­dy. Ge­çen ýyl ke­nar­dan uzak­da gur­lan bu be­ket­ler­dä­ki önüm­çi­li­giň 24 gö­te­rim ar­typ, 75,2 gi­ga­wa­ta ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Glo­bal ýel ener­gi­ýa ge­ňe­şi (GWEC) ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­ma­ta gö­rä, ge­çen ýyl gur­lup ulan­ma­ga ber­len ýel tur­bi­na­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 10,8 gi­ga­wat bo­lup­dyr. Bu ugur­da al­ty ýyl­dan bä­ri bi­rin­ji bo­lup gel­ýän Hy­taý ge­çen ýyl umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 6,3 gi­ga­wat bo­lan su­wüs­ti be­ke­di işe gi­ri­zip­dir. Bu gör­ke­zi­ji Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 3,8 gi­ga­wat bo­lup­dyr. Se­bit ýurt­la­ryn­da Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk (833 me­ga­wat), Fran­si­ýa (360 me­ga­wat), Da­ni­ýa (344 me­ga­wat) we Ger­ma­ni­ýa (257 me­ga­wat) öň­de­li­gi eýe­läp­dir. Aý­gül Ha­jy­na­za­ro­wa,