Gündizleri — görkana, gijeleri — nurana

19 sagat öň
20

Gözel paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda Ýer ýüzünde beýik ösüşleriň, ajaýyp binagärligiň, parahatçylygyň we abadançylygyň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleri ýurdumyzyň sebitlerinde açylan häzirki zaman şäherçeleriň, obalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň ajaýyp keşbinde has-da aýdyň duýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň beýik söýgüsine hem buýsanjyna beslenen, eziz hem mukaddeslik saýylan gymmatlyklar hemişe göwnüňi telwaslandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Paýtagtymyzyň tutuş çägini gurşap alan ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, dynç alyş meýdançalary gözel şäherimiziň binagärlik aýratynlyklaryny has-da baýlaşdyrmak bilen birlikde, türkmen döwletiniň kuwwatyny hem dabaralandyrýar. Ajaýyp binalaryň töwereginiň dürli güller, täsin baglar, seýilgähler bilen bezelişi bolsa ýaşaýşa bolan höwesimizi artdyryp, ruhyňy belende galdyrýar. Ak şäherimiziň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, gök baglara, ter güllere beslenip durşy göwünleri galkyndyrýar, joşgunly zähmet çekmäge, yhlasly okamaga höweslendirip, her birimize lezzet eçilýär.

Paýtagtymyzyň adyny göterýän «Aşgabat» seýilgähi hem arassa we jana tenekar howasy, gyşyn-ýazyn gök öwüsýän agaçlary bilen bu ýere dynç almaga gelýän raýatlaryň söýgüsine mynasyp bolýar. Şeýle-de, bu seýilgähde çagalara we ululara niýetlenen oýun attraksionlarynyň iň döwrebap görnüşleriniň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Eziz ÇARLYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.