"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Terbiýäniň terezisi

Zähmete nesil terbiýesiniň özeni, ölçeg terezisi diýsek, biz bilen ylalaşjaklaryň köp boljakdygyna berk ynanýarys. Hut şonuň üçinem biz şu pikir ýöretmämizde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky nesil terbiýesine degişli parasatly aýtgylar dogrusynda söhbet etmekligi ýerlikli hasapladyk. Gahryman Arkadagymyzyň her bir jümlesi altyna barabar manylary özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ösüp gelýän ýaş nesillere zähmet terbiýesini ündeýän «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüm ýerleşdirilen. Bölümiň sözbaşysyndan hem belli bolşy ýaly, ynsanyň iň bir gowy gylyk-häsiýetleriniň kemala gelýän tejribe mekdebi, elbetde, zähmet terbiýesi bolup durýar. Milli Liderimiz bu eserinde bir akyldaryň zähmetiň adamy üç sany dertden — garyplykdan, näsaglykdan, ýürek gysmadan halas edýändigini belländigini agzaýar. Hakykatdanam, ynsanyň durmuş menzilindäki bagtyň, üstünligiň we berekediň rysgal çeşmesiniň gözbaşyndaky sakçysydygyny pelsepewi manyda alsak, onda erjellik we tutanýerlilik şol sakçynyň badalga nokadydyr. Ynsan arman-ýadaman zähmet çekip, bagtyň açaryny edinýär. Şonuň üçinem ata-babalarymyz nesillere ýaşlykdan zähmete söýgi we sarpa goýmagy ündäpdirler. Olar ilkinji basgançaga gadam basmagy çagalaryna hojalygyň ýönekeýje ýumuşlaryny tabşyrmak bilen amala aşyrypdyrlar. Bu bolsa nesillerde ýaşlykdan m

Bagtyň gözleginde (Durmuş we biz)

Gadymy ertekilerde, rowaýatlarda we dessanlarda adamlar kynçylyklaryň, şowsuzlyklaryň, ýeter-ýetmez durmuşyň soňuna çykmak üçin mukyt garaşylýan bagtyň gözlegine çykypdyrlar. Bagtyň gözlegine çykanlar ony köplenç bir gurruk guýynyň düýbünden tapypdyrlar. Gurruk guýy munuň özi içiniň suwy guran, ynsan oglunyň ulanmaýan kör guýusydyr. Eýsem, ýagty jahanda şeýle gözel hem-de owadan ýerleriň bar wagty bagtyň baryp gurruk guýynyň içinde gizlenmeginiň sebäbi nämedekä?! Bagty Kap dagyndan agtaranlar hem bolupdyr. Ol ýerden bagty tapmadyklar bolsa: «Bagt Kap dagynyň arkasynda mesgen tutupdyr» diýipdirler. Emma bagtyň gözleginden aýlanyp-öwrülip ýene-de öňki giden ýerine dolanan adamlaryň arasynda bagtyň elmydama öz ýanynda hemradygyna düşünenler hem bolupdyr. Şonuň üçin adamlara elýetmez gymmatlyk bolan bagtyň nämedigini, ony nireden, nädip agtaryp tapyp bolýandygyny düşündirmek üçin taryhda ençeme akyldarlar, ýazyjy-şahyrlar bagtly bolmagyň ýollaryny ündäp geçipdirler. Emma adamlaryň hersi bagt diýen düşünjäni özleriçe maddylaşdyryp, ony käbir maddy gymmatlyklara syrykdyrypdyrlar. Edil süýji nygmatlar taýýarlanylanda goşulmaly önümleriň sanawynyň düzülişi ýaly, bagtly bolmak üçin hem edilmeli işleriň, zerur şertleriň sanawy kesgitlenilipdir. Ýöne şeýle-de bolsa bagtyň örän ýönekeý zatdygyna düşünenler hem az bolmandyr. Beýle adamlar bagty saglykda, ruhy baýlykda, agzybirlikde,

Tebigy gazy howpsuz ulanalyň!

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz alada edýär. Şonuň netijesinde raýatlara durmuşy eşretler barha elýeterli bolýar. Olaryň arasynda tebigy gaz hem bar. Ojaklarymyzda alawlaýan «mawy ýangyç» ýaşaýşymyzy eşrete besleýär. Bu amatly ýangyjy howpsuz we tygşytly ulanmak bolsa adamlaryň möhüm borçlarynyň biridir. Sebäbi tebigy gazyň partlamak we zäherlemek ýaly howply häsiýetleriniň bardygyny unutmak bolmaz. Biz aşakda bu ýangyjy howpsuz ulanmagyň möhüm düzgünleri hakynda durup geçmekçi bolýarys. Gaz bilen baglanyşykly garaşylmadyk hadysalaryň öňüni almak üçin aşakdaky düzgünleri berjaý ediň:

Şamar saçy wasp edip

Ýakynda welaýat medeniýet müdirliginiň maslahatlar zalynda «Iň uzyn saçly gyz ― 2021» diýen at bilen bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi we welaýat baş bilim müdirligi bilelikde guradylar. Bäsleşige welaýatymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 8―11-nji synp gyzlary gatnaşdylar. Jemi üç şert boýunça geçirilen bu bäsleşigiň dowamynda türkmen gelin-gyzlarynyň gelşigi bolan uzyn saçlaryň tarypy belentden ýetirildi. Bäsdeşler saçlaryny ösdürmekde we olara timar bermekde ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlary berjaý edişlerini, milli emleri ulanyşlaryny gysgaça sahnalaryň üsti bilen beýan etdiler. Şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda okuwçy gyzlar dürli nusgadaky türkmen milli lybaslaryny geýip, öz saçlarynyň gözelligini görkezdiler we uzyn saçlaryň waspyny etdiler. Netijede baş baýraga Farap etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Jennet Gündogdyýewa mynasyp boldy. Köýtendag etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Leýli Hemraýewa we Halaç etrabyndaky 49-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jemal Jumadurdyýewa degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler. Çärjew etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Jumaşowa bolsa bäsleşigiň üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy. Ýeňijilere we oňa gatnaşan

Demokratik ýörelgelere esaslanyp

28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy, ýagny saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 37-si, Balkan welaýatynda 39-sy, Daşoguz welaýatynda 39-sy, Lebap welaýatynda 38-si, Mary welaýatynda 39-sy, Aşgabat şäherinde 39-sy hasaba alyndy.

Keşbi gözel Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ornuny has-da ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işler uly üstünliklere beslenýär. Sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen, ak mermere beslenen paýtagtymyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat sebitiň çalt depginler bilen ösýän şäherleriniň hatarynda giňden tanalýar.

Aşgabat: geçmişden şu güne

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk hem ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatynda Aşgabadyň köp wakalary başyndan geçiren gadymy şäherdigini, köpsanly pidalara hem-de weýrançylyklara getiren 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soňra onuň düýbünden täzeden dikeldilendigini, soňky ýyllarda ony ösdürmäge ägirt uly üns berilýändigini, munuň üçin uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilýändigini, çäginiň has-da giňeldilýändigini belledi. Hakykatdan hem, häzirki zaman uly şäherlerde döwrebap ýaşaýyş olaryň abadanlaşdyrylyşyna baglydyr. 140 ýylyň içinde Aşgabat agyr we kyn taryhy ýollary başdan geçiripdir. Ol uly bolmadyk türkmen obalygyndan döwrüň iri megapolis şäherine öwrüldi. Aşgabat türkmenleriň merkezi şäheri hökmünde esaslandyrylandan soň, amatly geografik çäkde ýerleşendigi üçin tiz wagtda ähmiýetli söwda merkezine öwrülipdir. Ol örän çalt depginde ösüpdir. Döränine ýaňy 8 ýyl bolup geçende, «Tуркесmанские ведомосmи» gazeti Aşgabat şäheri barada şeýle ýazypdyr: «Aşgabat — uly we söwdagärler şäheri. Bu ýerde Eýran bilen söwda edýän merkez bar. Köçeler göni, olarda simmetriýa saklanypdyr. Umuman, şäher örän medeniýetli, diňe jaýlaryň ýasy üçekliligi onuň Aziýa şäheridigini bildirýär. Bag köp, wokzal uly, amatly we owadan. Ondaky naharhana örän oňat, ähli zat bol we arzan». 1889-njy ýylda Aşgabatda

Aýdyň geljegiň nury

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda şu ýyl mähriban halkymyz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryny uludan belleýär. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýan baş şäherimiziň aňrybaş şertleri, binagärlik özboluşlylygy, çeperçilik-estetiki jähetden ajaýyp çözgüdi bu gün köpleri haýrana goýýar. Gün nuruna öwşün atýan ak mermerli binalaryň töwerekleriniň al-elwan güllere, gür baglyga bürenmegi, gijelerine täsin yşyklandyryjylaryň özboluşly owadan sazlaşygy, täze gurlan giň hem owadan ajaýyp ýollaryň nuranalygy bilen goşulyşyp ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzda tutuş etraplar, şeýle hem onuň taryhy merkezi doly döwrebaplaşdyryldy. Ähli durmuş düzümleri bilen üpjün edilen täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ençemesi guruldy. Şunda köpsanly binalar halkara derejesindäki abraýly baýraklara, şahadatnamalara mynasyp boldy, özboluşly täsin binagärligi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändigini we Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýandygyny şertlendirýär. Aşgabadyň şähergurluşyk taý

Maslahat geçirildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň taryhy günlerinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Golaýda lukman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň saglyk ulgamyny ösdürmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp, Mary şäher iç keselleri hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň guramagynda maslahat geçirildi. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Abdylla Kakalyýew, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Soltangözel Kulyýewa, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Beknazarowa, welaýat onkologiýa hassahanasynyň şepagat uýasy Zöhre Agajanowa, Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň newropatolog lukmany Kömek Aýdogdyýew çykyş etdiler.

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Ähli şertler döredilýär Garaşsyz Diýarymyzda ýurduň geljegi bolan ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, ýaşlarymyzyň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Olaryň okamagy, işlemegi, dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Täze ulgamyň uly geljegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiz ösüş-özgerişli menzilleri külterleýär. Milli ykdysadyýetimize häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň barha giňden ornaşdyrylyp, halk hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň we beýleki ugurlaryň ösdürilmeginde iňňän wajyp orny eýeleýän täze ulgamyň ösdürilmegine ýurt Baştutanymyz uly üns berýär.

Bähbitli tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamy düýpli özgertmeleriň zamanasy boldy. Garaşsyz döwletimiz ykdysady taýdan depginli ösüşleriň ýoluna düşdi. Ýurt Baştutanymyzyň badalga beren özgertmeleri rowaçlandy. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi döwlete degişli däl möhüm çygryň — hususyýetçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi bilen sazlaşykly utgaşdy. Telekeçiligiň ösdürilmegi täze öndüriji güýjüň kemala gelmegine giň ýol açdy. Täze iş orunlary peýda boldy. Gürrüňi edilýän ulgamdaky ösüş-özgerişleriň oňyn täsiri welaýat merkezimizde-de aýdyň duýulýar. Raýatlaryň ýüzlerçesi telekeçiligiň bähbitli işi bilen meşgullanýar. Olar dürli önümleri öndürip, ilatyň ýokary hilli önümlere we harytlara bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmakda netijeli işleri bitirýärler. Gurluşyk-gurnama işlerini bitirmekde, halka hyzmatlary we işleri edip bermekde adygan hususyýetçilerem bar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Adyl kazyýetliligiň ýörelgeleri Demokratik, hukuk döwleti bolan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşli ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler döwletimiziň ykdysady taýdan ösdürilmegine itergi bermek bilen bir wagtda milli kanunçylygymyzyň täze eýýamyň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna-da ýol açdy. Ajap eýýamymyzyň täze kanunlary kabul edilip, jemgyýetimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk ýol-ýörelgelerini düzgünleşdirýär.

Ýüpek gurçugy idedilende ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory Orazmyrat Çaryýew bilen duşuşdy we ýüpek gurçugy idedilýän döwürde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri hakda gürrüň bermegini haýyş etdi. — Ýurdumyzda ýüpege bolan isleg ýylsaýyn artýar. Sebäbi ýüpek halk hojalygynyň hajatlary üçin zerur bolan çig maldyr. Ýüpekçiligi ösdürmekde welaýatymyz hem öňdebaryjylaryň biridir. Ýüpek gurçugynyň çykarylýan, iýmitlendirilýän döwründe we pile gaýnadylýan wagtlarda dürli gurluş elementli hem ýangyna çydamly jaýlar, saraýlar, mal saklanylýan jaýlar we başgalar peýdalanylýar. Ýörite gurlan peçleriň kömegi bilen şol jaýlaryň gyzgynlygy hemişe 23-24 gradusda saklanylmalydyr. Köplenç, hemişelik peçler, aýry-aýry halatlarda bolsa wagtlaýyn peçler ulanylýar.

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň ýeňijileri

1 - «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça «Ýylyň işewür zenany» adyna eýe bolan Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 23-nji «Dostluk» çagalar bakja-bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanow.

Zenanlar hakynda

Zenanlaryň gözýaşlary dür ýalydyr. Olar döküldigiçe, siziň gymmatyňyz gaçar. * * *

Ýönekeý pikir — ýokary netije

Dünýädäki oýlanyp tapylan zatlaryň köpüsi ýönekeý pikiriň ýa-da bolmasa, täsin wakalaryň netijesinde ýüze çykypdyr. Geliň, gündelik durmuşymyzda kiçi we ýönekeýdigine garamazdan, giňden ulanylýan käbir zatlaryň nähili dörändigini öwreneliň. Ýapyşýan kagyzlar

Demokratiýanyň ýörelgelerini berkitmegiň ýoly bilen

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi AŞGABAT, 28-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.

Halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagy

Düýn ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty palatasynyň agzalarynyň saýlawlary boldy. Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilen bu saýlawlar halk häkimiýetliliginiň mizemez ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen saýlawlar işjeň häsiýetde boldy. Aşgabat şäherinde bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre «Mekan» köşgünde geçirildi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary çärä baýramçylyk ruhuny çaýdy. Bu ýerde guralan sergide hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserlere, şeýle-de şekillendiriş we amaly-haşam sungatyna degişli önümlere giň orun berildi.

Demokratiýanyň dabaralanmasyna öwrüldi

Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boldy. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen bu saýlawlar welaýatymyzda, degişli kanunçylyga laýyklykda, guramaçylykly geçirildi. Munuň üçin Änew şäherindäki Medeniýet öýünde döredilen saýlaw uçastogynda ýokary derejedäki mümkinçiliklerdir şertler üpjün edildi.