"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ösüşlere ýarandyr halk bähbitli ýolumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr. Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Maksatnamanyň amala aşyrylmagy pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ösüş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Bu döwletli Maksatnama şu ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitara maýa goýum maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, raýatlaryň abadan, b

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody deňiz gämi gatnaw pudagynda müşderileriň dürli isleglerini kanagatlandyrmak üçin Deňiz agentirleme işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär. Deňiz agentirleme – gämi eýesiniň wekili hökmünde çykyş edýär we gämi eýesinden talap edilýän ähli zerur borçlary we talaplary ýerine ýetirýär. «Balkan» zawody araçy hyzmatlaryň giň toplumyny, şeýle hem gümrük barlagy üçin resminamalary resmileşdirmek, ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek, port geçelgeleri üçin rugsatnamalary we ekipaž agzalary üçin wiza resminamalaryny resmileşdirmek we ş.m. hyzmatlary hödürleýär.

Ykdysady kuwwatlylygyň berk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk maksady iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanýar. Bu ugurda döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurduň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek arkaly ykdysady kuwwaty has-da berkitmäge hem-de bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işler oňyn netijelerini berýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler işewürligi we hususy haryt öndürijileri döwlet tarapyndan goldamaga, bäsdeşlik giňişligini kemala getirmäge, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmek arkaly, ykdysady ösüşi hem-de amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge mümkinçilik berýär. Ykdysadyýetiň düzümleýin özgerdilmegi bolsa jemi içerki önümiň durnukly artmagyna getirýär. 2023-nji ýylda milli ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi gazanylyp, ol, 2022-nji ýyla garanyňda, 6,3 göterim ýokarlandy.

Döwrebaplaşdyrmak — möhüm talap

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmäge, senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýyl toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 8,4 göterim ösüş gazanyldy. Bu ösüşiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dowam etdirilýändigi ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynda döwrebap özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu babatda 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi taryhy ähmiýete eýe boldy. Onuň dowamynda seredilen meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek meselesine-de aýratyn üns çekildi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we şonuň netijesinde ösüşi tizleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artd

Ýüplükleriň möçberi artýar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýalary ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge mümkinçilik berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan nah ýüplükler bu gün diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli önümlerine öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda toplumda 720 tonna ýokary hilli nah ýüplük taýýarlanyldy. Bu görkeziji, geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, 20 tonna önümiň artyk taýýarlanandygyny aňladýar. Şanly ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemegi maksat edinýän agzybir işgärler şol döwürde sarp edijilere ýetirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberini 15,3 million manatlyga golaýlatmagy başardylar. Munuň özi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür. Hasabat döwründe kärhana boýunça sarp edijilere ugradylan tebigy ýüplügiň möçberiniň dört esse köp bolmagy balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmagy başarýandyklaryndan habar berýär.

Okgunly ösüşleriň ýoly bilen

Milli ykdysadyýetimiz strategik maksatlar esasynda uly üstünliklere eýe bolýar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň uzak möhletli ösüş strategiýasynyň baş maksadynyň ykdysady ösüşi üpjün etmek bolup durýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz, hususan-da, dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde munuň aýratyn ähmiýetlidigini bellemek bilen, şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýşyň, anyk maksatly dolandyryş çözgütleriniň, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalaryň depginli ösüşiň esasy şerti bolup durýandygyny belledi.

Hak ýalkawly beýik döwlet

Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalar biziň her birimiziň ýüregimizde aýratyn orun eýeleýär. Döwletimizde bolup geçýän her bir taryhy wakanyň diňe bir synçysy bolmak däl-de, şol wakalaryň içinde bolup, onuň täsirini duýmak has-da ýakymly, has-da buýsandyryjy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi Watanymyzy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakda möhüm wakalaryň biri bolup, serimize doldy. «Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk» diýip, Gahryman Arkadagymyz juda jaýdar belledi. Bu jümleler diňe bir geçmiş taryhymyzyň şöhratly sahypalarynda yz goýan şahsyýetlerimize degişli bolman, eýsem, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri bilen hem berk baglanyşyklydyr. Döwlet başyna geçen gününden: «Döwlet adam üçindir!» diýen belent şygary öňe süren Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde hem çuň many-mazmunly, maksatnamalaýyn çykyş edip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçir

Gurluşyklar üçin ýerli önümler

Häzirki wagtda welaýatyň dürli künjeklerinde bina edilýän köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işlerinde Daşoguz welaýat häkimliginiň Gurluşyk önümleri kärhanasynda öndürilýän keramzit, bişen kerpiç, beton gurnawlary hem-de beýleki ýerli önümler ulanylýar. Munuň özi gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna, goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň tygşytlanylmagyna, iň esasysy-da, işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösen talaplaryna laýyk guralmagy, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň işe başlamagy netijesinde, kärhananyň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy. Gurluşyk önümleri kärhanasy boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda 1,5 müň kub metr beton gurnawlary, 200 müňden gowrak bişen kerpiç, 600 kub metre golaý keramzit taýýarlanyp, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy. Kärhananyň degişli döwrüň içinde öz güýjüne ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleri pul mukdarynda ýarym million manatlyga golaý bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň ýokarlanandygyny duýmak bolýar.

«Demirýollary» AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýükleriň daşalyşyny, importyny we eksportyny ösdürmek, şeýle hem üstaşyr wagonlaryň Türkmenistanyň çäginden çalt geçirilmegini üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barýar. Şu maksat bilen «Demirýollary» AGPJ tarapyndan häzirki wagtda ulag we logistika pudagynda goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Alnyp barylýan şeýle işleriň netijesinde «Demirýollary» AGPJ 2024-nji ýylyň fewral aýyndan başlap aşakdaky ugurlarda üstaşyr ýükleriň geçiş wagtlarynyň gysgalandygyny habar berdi.

Durnukly ösüş — röwşen geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmäge, senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bolan we durnukly ösüş depginini gazanmaga gönükdirilen ykdysadyýeti ýokary hilli hem-de tapgyrlaýyn kemala getirmek ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýyl durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, esasy makroykdysady ösüşi alamatlandyrýan jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi we bu görkeziji 6,3 göterim artyp, senagatda 4,3, gurluşykda 2, ulag we aragatnaşykda 8,4, söwdada 12,8, oba hojalygynda 4,4, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. Geçen ýyllar bilen deňeşdirme geçirilende, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda 5,9, 2021-nji ýylda 6,2, 2022-nji ýylda 6,2 göterime deň bolmagy 2023-nji ýylda ýokary netije gazanylandygyny görkezýär. Hökümet mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasynda hem-de

Sanly ykdysadyýetiň şowly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ýola goýlan sazlaşykly işleriň netijesinde karz edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňelýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy bolsa, diňe bir müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär. Bank ulgamynda «Menzilara bank» («Internet bank») we «Mobil bank» hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bilen galtaşyksyz sanly töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi. «Menzilara bank» hyzmaty web brauzerler, «Mobil bank» hyzmaty ulgamyna bolsa banklar tarapyndan taýýarlanylan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly ulgama birikdirilýär. «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini tizleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalary arkaly bank kartlaryny «Menzilara bank» hyzmatyna özbaşdak birikdirip bilýärler.

Ykballynyň başlan işi oň bolar

Mundan bir hepde ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi, sözüň doly manysynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky ösüşli gadamlarymyzyň täze ädimine öwrüldi. Ajaýyp döwrümizi esaslandyryjy Gahryman Arkadagymyz mejlisde il-günümiziň abadan we bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň birnäçesini orta atdy. Mejlisiň esasy aýratynlygy «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşylmagydyr.

Maksatlar aýdyň, ösüşler batly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamy häzirki wagtda dünýä derejesine çykaryldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi bilen pugta baglydyr.

Durmuş ulgamynyň sazlaşygy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen eziz Diýarymyz häzirki döwürde ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymüsti köprüsi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-kommunikasiýa toplumyny döretmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gündogar−— Günbatar we Demirgazyk−— Günorta ugurlarynda esasy ýollar boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmegi bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda goýýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkasyna öwrüljek ulag ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle-de sebit hem-de sebitara ýollary döretmegiň we olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädimler ädilýär. Eziz Diýarymyzyň çägi gadymy döwürlerde çekilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hemişe goňşy döwletlerden söwdagärleri, syýahatçylary özüne çekipdir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda bu gadymy ýol döwrebap transmilli awtomobil we demir ýollary hem-de gaz geçirijiler görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, yklymda üstaşyr gatnawlaryň, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýal

Azyklyk önümler bol bolar

welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edýär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak hem-de ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen möhüm Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda welaýatlar boýunça 2024-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

2024-nji ýyl üçin ykdysady Maksatnama: giň gerimli işler halkyň bähbidine

Oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasaty esasynda, ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeler amala aşyrylýar. Kabul edilen milli, döwlet, pudak we maýa goýum maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, ykdysadyýetde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýokary depginli ösüş üpjün edilýär. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde degişli Karara gol çekip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady. 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem, ilkinji nobatda, hut şu maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly gaýragoýulmasyz meselä bagyşlanyp, onuň barşynda bu ugurdaky möhüm wezipeler kesgitlendi. Maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri şu ý

Eziz Diýarymyz üstünliklere beslenýär

Häzirki ajaýyp döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Maksatnamanyň amala aşyrylmagy pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ösüş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasat türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu döwletli Maksatnama şu ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitara maýa goýum maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga,

«Demirýollary» AGPJ halkara ugurlary boýunça ýükleme we düşürme hyzmatlaryny hödürleýär

«Demirýollary» AGPJ-niň 20-nji şahamçasyna degişli bolan ýük howlulary halkara ulaglar boýunça ýurdumyzdan geçýän gatnawlardaky import, eksport hem-de üstaşyr ýükleri ýükleme we düşürme işlerini amala aşyryp, öz hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Änew ýük howlusy demirýol ulagy arkaly import edilýän ýükleri ýagny, gurluşyk harytlary bolan armatur, kafel, şpaklýowka önümlerini, iýmit ýüklerinden bolsa un, ösümlik ýagy ýaly önümleri düşürmek hyzmatlaryny ýerine ýetirip, müşderiler üçin dürli amatlyklary döredýär. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat ýükleýiş-düşüriş ýük howlusynda häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyndan demirýol ulagy arkaly armatur hem-de sement getirilip, şol ýükler wagondan awtoulaglara geçirilýär we Owganystan döwletine üstaşyr ugratmak işleri amala aşyrylýar. Häzirki wagtda 20 wagona barabar bolan 1 müň 360 tonnalyk armatur ýüki wagondan awtoulaglara geçirilip, takmynan her aýda 5-10 müň tonna aralygyndaky önümleri ugratmak meýilleşdirilýär.

Haýraton – Mazari-Şerif özbek-owgan halkara demir ýolunyň durky täzelener

Özbegistanda demir ýollary ulgamynyň operatory «Uzbekiston temir ýullari» Owganystandaky Haýraton – Mazari-Şerif demir ýolunyň durkuny täzelemäge girişdi diýip, döwlet kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär. Özbegistan durnuky täzeleýiş işleriniň birinji tapgyryny ýerine ýetirmek üçin 120 işçi iberdi. Naibabad stansiýasyna ýük gatnawyny iň tiz wagtda gaýtadan dikeltmegiň esasy wezipe bolup durýandygy habarda bellenilýär. Şu maksat bilen birbada Haýraton stansiýasynyň «B» parkynda we demir ýol şahamçasynyň 57-nji kilometrinde toplumlaýyn işler alnyp barlar.

Özbegistan we Litwa awtoulagda ýük daşamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Golaýda Halkara ýük daşamak işi boýunça bilelikdäki özbek-litwa komissiýasynyň maslahatynyň geçirilendigini «Trend» habar berýär. Berlen maglumatlar bu ýerde halkara ýol ulaglary üçin şertleri gowulandyrmak, ýükleriň üznüksiz gelip gowuşmagyny üpjün etmek we milli ýük daşaýjylar üçin has amatly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny tassyklaýar.