«Mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edilýär
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Köneürgenç, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny hem-de Garagum sährasynyň jümmüşinde, Sarygamyş kölüniň boýlarynda we Bötendag sebitlerinde bar bolan öri meýdanlarynda häzirki günlerde ýazlaga çykan, çarwaçylyk bilen meşgullanýan maldarlarymyzy suwuklandyrylan gaz bilen ýeterlik derejede üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarlar. Aýratyn hem, medeni zolakdan has alysda ýerleşýän Ataguýy, Ajyguýy, Damla, Kyrkguýy, Gamyşly, Akmolla ýaly ençeme öri meýdanlarynda ýylyň bütin dowamynda maldarçylyk bilen meşgullanýan çarwa ilaty müdirligiň gazçylarynyň hyzmatyndan diýseň hoşal. Halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran döwlet Baştutanymyzyň adyna aýdylýan hoşallyk sözleri welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagynda bolan Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk», Köneürgenç etrabyndaky «Maldarçylyk» hem-de Görogly etrabynda bar bolan «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda bolanyňda-da her pursatda eşitmek bolýar. — Garagum sährasyndaky adamlary suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek biziň jana-jan borjumyz. Biziň gaz dolduryjy bekedimiziň hyzmatyndan Garagum sährasynyň Mürzeçyrla, Akmolla, Böwrüdeşik, Kyrkguýy, Damla, Sözenli, Ataguýy, Yslam, Gyzyljaburun, Baleýşem, Göbe, Ýekeje hem-de Sarygamyş kölüniň etekle