Täjigistanyň hökümeti daşary ýurtly taraplar bilen hyzmatdaşlygyň çäginde elektrik ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmak isleýär. Bu barada Täjigistanyň senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir metbugat ýygnagynda habar berdi.
Şerali Kabiriň sözlerine görä, elektrik ulaglaryny öndürmek üçin tehnologiýalary geçirmek işi üçin hytaý kompaniýalarynyň üçüsi bilen işjeň gepleşikler alnyp barylýar. «Hyzmatdaş saýlan badymyza biz önümçilik işine başlarys» — diýip, ministr belledi.