"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Elektrik energiýasy ojaklara nur paýlaýar

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda elektrik energiýasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän ýokary tehnologiýaly gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň bu ugurdaky tagallalarda möhüm ähmiýeti bar. Ak bugdaý etrabyndäki Derweze döwlet elektrik stansiýasy şeýle desgalaryň biridir. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu elektrik stansiýasynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça guwandyryjy işler alnyp barylýar. Gürrüňi edilýän elektrik stansiýasy kuwwatly gazturbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir. Bu ýerdäki gazturbinalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly galyndylaryň möçberiniň azalmagyna mümkinçilik berýär.

Döwrebap işleriň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ähli ugurlarda öz wagtynda maksadalaýyk döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarynda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak we kepillendirmek ilkinji nobatda durýar. Häzirki wagtda dürli (okuw, işewürlik we maşgalasynyň ýanynda hemişelik ýaşamak) maksatlar bilen daşary ýurtlarda uzak möhletli bolýan raýatlarymyzdan, bolýan ýurtlarynyň düzgünlerine laýyklykda, uzak möhletli pasportlarynyň bolmagynyň talap edilýändigi sebäpli, biometrik maglumatly pasportlaryň hereket edýän möhletleriniň belli bir senä çenli uzaldylmagynyň zerurlygy ýüze çykýar.

Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň bäş aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

Gazhimiýa toplumy: döwrüň talabyndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berýär. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary gaýtadan işlemek boýunça innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar. Şeýlelik bilen, ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny artdyrmak, nebiti we gazy gaýtadan işläp, uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça işler hem giň gerime eýe bolýar. Kabul edilen maksatnamalarda ýurdumyzda gazhimiýa senagatyny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda hyzmatdaşlyga dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy kompaniýalary gyzyklanma bildirýärler. Uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň netijesinde, ýurdumyzda ammiak, karbamid, polietilen, polipropilen, benzin öndürmek ýola goýuldy. Metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid we wodorod önümlerini öndürmäge hem ýurdumyzda uly mümkinçilikler bar.

Işiň ýokary depgini

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigi häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde ykdysady ýörelgeleri we innowasion tehnologiýalary netijeli peýdalanmak arkaly dokma önümçiliginde ýokary ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolan bu fabrik tehnologik taýdan doly täzelenildi, onuň ähli önümçilik ulgamlaryna pagta egriji enjamlaryň kämil nusgalary ornaşdyryldy. Munuň özi ahyrky netijeleriň ýokarlanmagyna getirdi. Fabrik boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri dürli ölçegdäki nah ýüplügiň 600 tonna golaýy öndürilip, içerki hem daşarky bazarlara ugradyldy. Egriji enjamlaryň sazlaşykly we bökdençsiz işledilmegi bilen, kärhanada önümçiligiň ähli ugurlary boýunça şu wagta çenli 6,5 million manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 129,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Bu ýerde nah ýüplükler bilen bir hatarda, dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy. Şu ýylyň başyndan bäri mebel pamyk önümleriniň 300 tonnadan gowragy öndürilip, 182,9 göterim ösüş üpjün edildi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri

Tebigy baýlyklarynyň gorlary, infrastruktura düzümleri we adam mümkinçilikleri boýunça sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda uzak geljek üçin sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda innowasion tehnologiýalary peýdalanmak esasynda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ugrunda möhüm wezipeler öňe sürülýär. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin milli maksatnamalar, meýilnamalar, konsepsiýalardyr kanunlar işlenip taýýarlanylýar. Şolaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Gün şöhlesiniň, ýeliň, suwuň, tolkunlaryň energiýasyny, biomassany, tebigy ýangyç almak üçin ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ösümlikleri önümçiligi we halk hojalygyny ekologiýa zyýan ýetirmeýän çeşmelerden gözbaş alýan energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Energiýanyň şeýle görnüşiniň çeşmeleriniň artykmaçlyklary hökmünde olaryň Ýer ýüzünde bolup geçýän tebigy we hemişelik ýagdaýlaryň esasynda üpjün edilip, gorlarynyň çäklendirilmedikligi, düzüminde gymmat bahaly ýangyç komponentiniň bolmazlygy, adaty energiýa çeşmelerinden tapawutlylykda, bütin dünýä boýunça deň derejede paýlanylmagy, şeýle hem ykdysady taýdan oň

Döwrebap işler

Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamyna möhüm orun degişli bolup, onuň wezipeleri halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň netijeli paýlanylmagyny üpjün etmekden, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakdan we oňa täzeçillikleri ornaşdyrmaga ýardam bermekden ybaratdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda alnyp barlan döwlet syýasatynyň netijesinde, durmuş ugurly ykdysadyýetiň talaplaryna esaslanýan milli bank ulgamy kemala geldi. Soňky ýyllarda milli bank ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň paýynyň artdyrylmagy ugrunda çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron töleg ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklaryň sany hem barha artýar. Şeýlelik bilen, pul dolanyşygynyň kadaly hereketi ýola goýulýar.

«Hasyllynyň» bereketli hasyly

Telekeçi Döwlet Hojamyradowyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çäginde açylan «Hasylly» ýyladyşhanasynda eýýäm ikinji hasyly ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. 2019-njy ýylda açylan we geçen ýyl 250 tonnadan gowrak pomidor beren ýyladyşhanada şu ýylda alnan hasyl 280 tonnadan geçdi. Şu aýyň 25-ine çenli tamamlanjak möwsümiň galan böleginde ýene-de 50-60 tonna çemesi hasyla garaşylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda, şol sanda gündogar sebitde hususyýetçilik boýunça üstünlikli işleýän ildeşlerimiziň sany barha artýar. Olaryň agramly böleginiň ýaşlardygy bolsa aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.

Gazna biržasy — sanly ykdysadyýetiň möhüm guraly

Maliýe edaralarynyň işini kämilleşdirmekden ötri maliýe usullarynyň görnüşini giňeltmegiň hasabyna ykdysadyýetde bu serişdeleri amatly paýlamak, şeýle hem durnukly esasda uzak möhletli maýa goýumlary çekmek maksady bilen, milli gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, ýurdumyzyň paýdarlar jemgyýetlerine gymmatly kagyzlar babatda geleşikleriň amala aşyrylyşy boýunça degerli maslahatlar berilýär. Munuň özi gazna biržasynyň işiniň halkara tejribäniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edip, diňe döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenmegi bilen çäklenmän, eýsem, hususy taraplaryň hem paýnamalaryny dolanyşyga çekmegiň ýola goýulmagyna itergi berýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen, milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Hususan-da, şeýle tehnologiýalaryň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi näçe köp boldugyça, şonça-da maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzümi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň halkara ülňülere laýyk gelmegine ýardam berýär.

Ählumumy abadançylyga goşant

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Pudagyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, önümçilige kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşilýär. Türkmenistan özüniň energetika baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmak babatdaky ynsanperwer ýörelgelerini netijeli amala aşyrýar. Şu maksatlardan ugur alnyp, ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň kuwwatyny has-da artdyrmaga, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge itergi berýär. Ýurdumyzyň energetika syýasaty içerki zerurlyklary bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtly sarp edijilere elektrik energiýasyny ibermäge gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi möhüm taslamadyr. Şu ýylyň başynda ulanylmaga berlen Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň artýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýolunda

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinde Watanymyzyň berkararlygy, her bir raýatyň abadan hem-de bolelin durmuşy hakyndaky alada çuňňur beýanyny tapýar we döwlet syýasatynyň baş ugry aýdyň şöhlelenýär. Ykdysady ösüşiň ýokary depginleri durnukly ösüş maksatlaryna ygrarly bolup, tebigy, önümçilik we zähmet serişdelerini amatly ugurlarda rejeli ulanmak hem-de maliýe serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak arkaly üpjün edilýär. Bu ösüş depgininiň ýurduň ilat sanynyň ösüşinden ýokary derejede üpjün edilmegi bilen, halkyň hal-ýagdaýynyň we durmuş şertleriniň ýokarlanmagy gazanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen uzak möhlete niýetlenen toplumlaýyn işlerden hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň wezipelerini kesgitleýän ösüş maksatnamalaryndan ugur alyp, döwletimiziň ykdysady we maliýe görkezijilerini özünde jemleýän esasy ykdysady-maliýe meýilnamalaryny işläp düzmek boýunça çäreler işjeňleşdirilýär. Şolaryň hatarynda 2022-nji ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň we çykdajylarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellemek bolar. Bu resminamalarda infrastruktura özgertmelerini goldamagyň hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 — 2025-nji ýyllarda ýurdumyzy

Nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklary

Halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, ilata hödürlenilýän hyzmatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Raýatlarymyza täze bank hyzmatlary elýeterli edilip, innowasion tehnologiýalary peýdalanmak arkaly olaryň täze görnüşleri hödürlenilýär. Netijede, karz bazarynyň gerimi giňäp, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýär. Olara mysal hökmünde ilata goýum hasaplarynyň açylmagyny, hasaplar boýunça pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyny, pul serişdeleriniň saklanylmagyny, bu barada müşderilere we olaryň ynanylan wekiline degişli tassyknamalaryň berilmegini, töleg tabşyryklary, çekler, inkasso, akkreditiw, bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklary, müşderilere töleg terminallarynyň gurnalmagyny, milli we daşary ýurt pulunda serişdeleriň talap edilýänçä, şeýle hem möhletli goýumlara kabul edilmegini, halkara töleg ulgamlarynyň üsti bilen daşary ýurtlara nagt däl görnüşinde tölegleriň geçirilmegini hem-de kabul edilmegini, «Altyn asyr» bank karty arkaly ýerine ýetirilýän amallary görkezmek bolar.

Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň täzeçillik häsiýetine ýugrulan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň rowaçlanmagy döwletimiziň çalt depginler bilen ösüşinde aýdyň görünýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagy ýurdumyzyň ýokary ösüş kuwwatyny kesgitleýär. Ykdysady netijeliligiň ýokary derejesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryň maksatlaýyn esasda gönükdirilmegi, önümçiligiň döwrebap hilde guralmagy önümleriň hili we olara hyrydarlaryň köplügi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Berkarar ýurdumyzda ähli ugurlary öz içine alýan, hil taýdan täze, okgunly ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine kybap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara badalga berildi. Olaryň çäklerinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Konsepsiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksadyny nazarlaýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Karary esasynda, «

Önümçiligiň ýokary netijeleri

Milli Liderimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzda ykdysadyýetiň gurluşyk we senagat önümçiligi, elektrik energetikasy, himiýa senagaty ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ägirt uly maýa goýumlarynyň goýulmagy, pudaklaryň netijeli işlemegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagy, maddy enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bolsa olaryň okgunly we sazlaşykly ösmegine ýardam edýär. Soňky ýyllarda gurlup, ulanylmaga berlen dürli maksatly desgalar, durky täzelenen zawoddyr fabrikler Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, röwşen ýollara tarap öňe barýan Watanymyzyň kuwwatynyň artýandygynyň subutnamasydyr. Welaýatymyzda şunuň ýaly uly aladalardan ýerlikli peýdalanyp, çig maly gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen kärhanalaryň onlarçasy hereket edýär. Häzirki wagtda olaryň senagat düzümi dürli ugurlardan we dürli kuwwatlykly şahsy önümçilikleriň hasabyna çalt depginlerde ösdürilip, önümleriň hili gowulandyrylýar. Şunuň ýaly kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Polimer önümleri» zawodydyr. Zawodda önümçilik ulgamlarynyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berlip, sarp edijiler bilen baglaşylan şertnama esasynda polietilen we polipropilen turbalar öndürilýär. Zawodyň ýyllyk kuwwatlylygy 920 tonna önüm öndürmäge

Gazhimiýa pudagy ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýyllary içinde ýurdumyzyň himiýa senagatynda amala aşyrylýan işler dünýä bellidir. Bu ugurda gazhimiýa senagatynyň ösüşleri aýratyn ünsüňi çekýär. Ýurdumyz tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde iň öňdäki orunlary eýeleýär. Bu ýagdaý Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň gazy tebigy çig mal görnüşinde dünýä bazarlaryna çykarmak bilen bir hatarda, işlenen himiki çig mal, şonuň ýaly-da tebigy gazy gaýtadan işlemekden alnan taýýar önüm görnüşinde eksport etmäge giň mümkinçilikleri açýar.  Tebigy gazdan ilkinji gezek işlenen taýýar çig malyň alnyşy barada gürrüň edilende, mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda, 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Gyýanlydaky Polimer zawody barada buýsanç bilen bellemek bolar. Şu ýerde zawodyň açylyş dabarasynda onuň enjamlaşdyrylyşy we öndürjek önüminiň hili barada güwänamalaryň birbada üçüsiniň gowşurylandygy buýsançly ýagdaýdyr. Olar: Germaniýanyň Julius Kühn institutynyň «Innowasiýa we tehnologiýa» boýunça sertifikaty we nyşany, ABŞ-nyň Enviromental Health Trust guramasynyň «Ekologiýa taýdan arassa» diýen sertifikaty we nyşany, Şweýsariýanyň Paul Scerrer institutynyň Energiýa ylmy-barlag guramasynyň «Durnuklylyk we netijelilik» boýunça sertifikaty we nyşanydyr.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 176-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň telekeçileri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Sanly ulgam — bagtyýar durmuş

Ýurdumyzyň bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär. Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, senagat kuwwatlyklarymyz has-da artýar. Bu babatda ýokary sepgitlere ýetmekde Diýarymyzda maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly ykdysadyýetiň tutýan orny örän uludyr. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyz 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Işewürleriň işi ileri

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly maslahat geçirildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň milli söwda-senagat hem-de sebitleriň edaralarynyň, işewürlik düzümleriniň hem-de guramalaryň ýolbaşçylaryny we wekillerini onlaýn usulda bir ýere jemlän bu çäräniň maksady COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ykdysady şertlerde kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek boýunça tejribe alyşmakdan, häzirki ýagdaýy nazara alyp, iň gowy tejribelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Malaý — ösüşleriň mekany

Ozallar ymgyr Garagumuň gyrkylyk yzly alaňlarynyň arasynda ýerleşýän bu öri meýdany diňe maldarlaryň azsanlysyna mälimdi. Ýurdumyzyň köp ýerlerinde bolşy ýaly, bu sebitiň hem ýerasty tebigy baýlyklarynyň köpçülikleýin özleşdirilip başlanmagynyň netijesinde Malaý diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem iri tebigy gazly ýataklaryň biri hökmünde ykrar edildi. Şu ýylyň başynda bolsa bu ýerde taryhy waka bolup geçdi: hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirkizaman gaz gysyjy desgasy işe girizildi. Öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerine, kämil tehnologiýalara daýanýan döwrebap desga bu ýatagyň tebigy gazyny has doly gazyp almaga we onuň daşarky hem-de içerki bazarlara ugradylýan möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi.