"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Islegli harytlar köp öndürilýär

Türkmenabat şäherindäki «Wepa-Sapa» hususy kärhanasynda plastmassa önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Esasy çig malyny Gyýanlydaky polimer zawodyndan we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alýan bu hususy kärhanada her aýda 3 tonna golaý dürli görnüşli plastmassa önümleri öndürilýär. «Wepa-Sapa» şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda hem öý hojalygynda zerur bolan dürli görnüşli plastmassa önümleriniň 18 tonna golaýyny öndürip, ýurdumyzyň içerki bazarlaryna ugratdy. Hususy kärhananyň önümçiligi Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň ýokary öndürijilikli, kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar.

Ulag we logistika kompaniýalarynyň eksport edijileriň işindäki orny

Ulag we logistika kompaniýalary halkara söwdasyny ýeňilleşdirmekde we harytlaryň serhetlerden aňsat geçmegini üpjün etmekde möhüm rol oýnaýar. Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde kompaniýalar önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda müşderilere öz wagtynda we az çykdajyly iberilmegini üpjün etmek üçin netijeli transport we logistika hyzmatlaryna bil baglaýarlar. Bu makala ulag we logistika kompaniýalarynyň daşary ýurtlara harytlary eksport edýän kompaniýalara hödürleýän dürli hyzmatlary, şeýle hem bu pudakdaky öňdebaryjy kompaniýalaryň mysallary barada gürrüň berer.

Suw desgasynyň hyzmaty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça gaz känlerinden tebigy gazy çykarmak, önümi harytlyk derejesine ýetirip, sarp edijilere ugratmak boýunça öňde goýulýan meýilnamalaýyn tabşyryklar gazçylar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Gazanylýan üstünliklerde müdirligiň hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Kärhananyň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleriniň gazçylara hyzmat etmekdäki alyp barýan işleri-de bellärliklidir. Hanhowuz suw arassalaýjy desgasy sehiň iň baýry kärhanasydyr. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlarynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän baý gaz gorly Şatlyk gaz ýatagynyň özleşdirilip başlanmagy bilen gurlan bu desganyň işe girizilenine ýarym asyrdan-da köp wagt geçipdir. Ilkibaşda müdirligiň Günbatar Şatlyk hem-de Gündogar Şatlyk gaz känlerini arassa suw bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan desga şu ýerde işleýän hünärmenleriň, işçileriň çekýän yhlasly zähmeti arkaly häzirem durnukly işläp, sarp edijilere gije-gündiziň dowamynda arassa suwuň ýeterlik mukdaryny ugradýar. Indi «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Şatlyk» önümçilik edarasyny hem, «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň «Döwrebap» gaz paýlaýjy bekedini-de, şu sebitde gurlup işe girizilen telekeçilik kärhanalaryny hem hut şu desga suw bilen üpjün

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 16 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de «Türkmenpagta» döwlet konserninde öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 598 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

3 milliard 675,2 million kub metr tebigy gazy eksport etdi

Azerbaýjan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkiýäni tebigy gaz bilen üpjün etmekde öňdäki orny eýeledi. Hasabat döwründe Azerbaýjan Türkiýä 3 milliard 675,2 million kub metr tebigy gazy eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň ilkinji 4 aýy bilen deňeşdirilende, 4,6 göterim köpdür. Ýeri gelende bellesek, diňe aprel aýynyň özünde Azerbaýjanyň türk bazaryna iberen tebigy gazynyň mukdary 1 milliard kub metrden gowrak bolup, bu görkeziji 2023-nji ýylyň apreli bilen deňeşdirilende, 12,02 göterim artykdyr. Häzirki wagtda Türkiýäniň daşary ýurtlardan satyn alýan tebigy gazynyň 41,8 göterimi Azerbaýjanyň paýyna düşýär.

5,2 milliard amerikan dollaryna deň boldy

2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygy 5,2 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27,7 göterim ýokarydyr. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 19,7 göterim, importy bolsa 29,2 göterim artdy. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 4 aýynda Gyrgyz Respublikasynyň GDA ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygy 11,45 göterim artyp, 1 milliard 659 million amerikan dollaryna deň boldy.

Importyny 3 essä golaý artdyrdy

Hytaý 2024-nji ýylyň maý aýynda Russiýadan gallanyň we unuň importyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 3 essä golaý artdyrdy. Hytaý Halk Respublikasynyň Gümrük edarasynyň habar bermegine görä, hasabat döwründe hytaý bazaryna umumy bahasy 33 million amerikan dollaryna deň bolan galla we un Russiýadan satyn alnypdyr.

Nýu-Ýorkda 110 milliarder bar

«Forbes» iň köp milliarderli şäherleriň sanawyny neşir etdi. Onda mälim edilşine görä, 10 sany iri şäherde dünýä milliarderleriniň dörtden bir bölegi ýaşaýar. Olaryň umumy baýlygy 3 trillion amerikan dollaryna deň. Sanawda umumy baýlygy 694 milliard amerikan dollaryna deň bolan 110 sany milliarderiň ýaşaýan ýeri bolan Nýu-Ýork şäheri birinji orunda ýerleşipdir. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Moskwa (74 milliarder), Gonkong (74 milliarder), Mumbaý (69 milliarder) hem-de Pekin (63 milliarder) şäherleriniň hem ady bar.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: ŞWESIÝA KOROLLYGY

Sirkulýar ykdysadyýetiň ösmeginde galyndylary dolandyrmak ulgamynyň netijeli ýola goýulmagy aýratyn orny eýeleýär. Şwesiýada galyndylary dolandyrmak, gaýtadan işlemek we ýok etmek çygrynda ýokary netijeleri gazanmak raýatlaryň bu işe işjeň we jogapkärçilikli gatnaşmaklary arkaly mümkin bolýar. Raýatlar ýa-da öý hojalyklary galyndylary dolandyrmak ulgamynyň ilkinji we iň möhüm bölegi hasaplanýar. Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, galyndylaryň islendik görnüşi sortlanan tertipde kabul ediş nokatlaryna hökmany tabşyrylýar, mysal üçin, aýratynlykda galyndy kagyzlar, plastmassa, kagyz, metal, açyk we reňkli aýna gaplary, elektrik galyndylary, batareýalar, uly göwrümli galyndylar we ş.m. Öý hojalyklaryna galyndylara özbaşdak eýelik etmäge, sortlanmadyk tertipde tabşyrmaga, niýetlenilmedik ýerlere taşlamaga rugsat berilmeýär. Sortlamak mümkinçiligi bolmadyk öý hojalyk galyndylaryna ýangyç hökmünde seredilýär. Galyndylary kabul ediş nokatlar iki derejä bölünýär: jemgyýetçilik kabul ediş we öndürijileriň kabul ediş nokatlary.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 6,3% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim artdy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri” işewürlik maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy. Mergen Gurdowyň aýtmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji bäşligine girýär.

Kuwwatlylygyň mizemez ýörelgesi

Bu gün bir ýakymly hakykat ildeşlerimiziň kalbyny nurlandyryp, bagtyýar durmuşymyzy buýsanja besleýär. Bu hakykatda bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi, rowaçlygymyzyň çeşmesi, üstünliklerimiziň esaslary jemlenipdir. Milli Liderimiz tarapyndan esaslandyrylan halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly, döredijilikli syýasatyň yzygiderli dowam etdirilmegi hem bagtymyzyň getirdigidir. Bu syýasatyň baş maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede takyk beýanyny tapdy. Hut şu syýasatyň göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen möhüm taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz Diýarymyzyň keşbi has owadanlaşýar we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Şanly ösüşlere mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen obasenagat toplumynda gazanylýan ösüşlerdir amala aşyrylýan düýpli özgerişlikler ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda we halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyrmakda ajaýyp miwesini berýär. Edermen babadaýhanlaryň sahawatly topragymyzda ýetişdiren ak bugdaýyny gaýtadan işläp, şondan ýokary hilli un öndürýän kärhanalarda-da işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Ynha, Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän Dostluk galla önümleri kärhanamyzda alnyp barylýan işler, gazanylýan zähmet görkezijileri munuň bir mysalydyr.

«Enaýdan» tomus sowgady

Tomus paslynda halkyň sowadylan önümlere bolan islegi barha ýokarlanýar. Gyzgyn howada sowuk çaýlardyr dürli tagamly doňdurmalar bedene aram berýär, şähdiňi açýar. Şeýle islegli önümleri bilen tanalýan Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň Garamahmyt geňeşliginde ýerleşýän «Enaý» süýt önümlerini öndürýän hususy kärhananyň işgärleri hem tomusky iş möwsümine yhlasly girişdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Jümägül Annaýewa degişli bolan bu hususy önümçilik 2010-njy ýylda açyldy. Süýt önümlerini öndürýän kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, önümçilik doly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Buzgaýmak önümçiliginde zerur bolan esasy çig mal, ýagny, süýt şol çäkdäki obalardan satyn alynýar. Bu ýerde her günde süýji tagamly buzgaýmaklaryň 200—300 kilogramy, ýagny, 1600-den 2000-e çenlisi öndürilýär.

Býujetleşdirmegiň maksatnamalaýyn-maksatly usuly

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda býujet işini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleriň çäklerinde býujet meýilleşdirmesiniň gurallaryny kämilleşdirmeklige hem aýratyn üns berilýär. Hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 ― 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» salgylansak, ýurdumyzy ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda býujetleşdirmegiň maksatnamalaýyn usulyny giňden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýokary netijeli maksatlaýyn býujetleşdirmäniň girizilmegi 2022 ― 2028-nji ýyllar döwründe ykdysady ösüşiň has wajyp we ähmiýetli ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär.

Beýik işleriň şuglasy

Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan şeýle ösüşler ýurdumyzy dünýä meşhur edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalardyr ýaşaýyş jaýlary ykdysady ösüşiň oňyn görkezijisidir. Şeýle ösüşler, aýdyň maksatlar halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda raýatyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli beýik işler amala aşyrylýar, durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda belent binalaryň, desgalaryň gurulmagy durnukly ösüşi, beýik şu güni we röwşen geljegi aýdyň beýan edýär. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi, Ahal welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň netijesidir.

Hindistanda dünýäniň iň beýik demirýol köprüsi synagdan geçirildi

Hindistanyň demirgazygynda ýerleşip Jammu we Kaşmir şäherlerine uzaýan dünýäniň iň beýik demirýol köprüsi synagdan geçirildi. Hindi demirýol işgärleri onuň üstünde synag otlusyny hereketlendirdiler. Häkimiýet dagyň gözel tebigatynda ýerleşýän köpriniň üstünden geçip barýan otlynyň wideoýazgysyny paýlaşdy. Dünýädäki iň beýik demirýol köprüsi Jammunyň we Kaşmiriň hindi bileleşiginiň sebitinde gurlup, Çenab derýasynyň üstünden, Gimalaý daglarynyň eteginden – 359 metr beýiklikden geçýär. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Çinap köprüsi sebitde ýygy-ýygydan gaýtalanýan, ýertitremelere we 74 m/s çenli bolan güýçli ýele garşy durmaga ukyplydyr. Köpriniň uzynlygy 1,3 km bolup, onuň merkezi aralygy 467 metrdir. Onuň esasy aýlawyny gurmak üçin dünýäniň iň uzyn kabel krany ulanyldy.

Üstünlikde paýlary bar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginiň agzybir we başarjaň işgärleri tutanýerli zähmet çekýärler. Olar şanly ýylyň geçen bäş aýynda guýularyň 11-sini abatlamagyň hötdesinden geldiler we bu baradaky meýilnamany berjaý etdiler. Müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýew bu üstünlikde bölegiň köp sanly işgärleriniň saldamly paýynyň bardygyny guwanç bilen habar berdi. Olaryň bir topary tebigy gazyň köp möçberlerde gazylyp alynýan ýeri bolan Malaý gaz käninde zähmet çekýär. Bu kän boýunça şu ýylyň geçen döwründe tebigy gazyň 2 milliard 227,3 million kub metrden gowragy öndürildi. Ýeri gelende müdirlik boýunça öndürilýän tebigy gazyň agramly böleginiň hut şu gaz käninde gazylyp alynýandygy-da bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle öňegidişlik Malaýda kuwwatly gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi netijesinde mümkin boldy. Kämil desganyň giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak arkaly «mawy ýangyjyň» akymy barha artdyrylýar. Gazanylýan üstünlige Nurjan Akgaýewiň ýolbaşçylyk edýän abatlaýjylar toparynyň gaýratly hünärmenleri mynasyp goşant goşýarlar. Munuň şeýledigine toparyň agzalarynyň şu ýylyň geçen döwründe bitiren işlerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirip bolýar. Olar tarapyndan 76-njy belgili guýy düýpli abatlanyldy. Bu bolsa «mawy ýangyjyň» öndürilişini

Pakistan Türkmenistan bilen ýük dolanyşygyny artdyrar

Pakistan dökünlere barha artýan içerki talaplary kanagatlandyrmak maksady bilen gönüden-göni hökümetara ylalaşygynyň çäklerinde 200 müň tonna karbamidiň importy boýunça Türkmenistan bilen gepleşiklere başlady. Bu barada Pakistanyň ýokary wezipeli ýolbaşçysy “The News International” neşirine penşenbe güni beren interwýusynda tassyklady. Bu başlangyç Pakistanyň oba hojalyk pudagy üçin zerur bolan karbamidiň durnukly iberilişini üpjün etmek boýunça ýurduň giň gerimli strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň maksady bu möhüm çig malyň Türkmenistandan iberilişini durnukly üpjün etmekden ybaratdyr.

Hindistanyň günbatar kenarynda megaport gurlar

«Spalsh» tarapyndan berlen habarda hindi hökümetiniň ýurduň günbatar kenarynda, Mumbaý şäherinden 125 km uzaklykda portuň gurluşygyna başlajakdygy aýdylýar. Wadhawan port taslamasynyň bahasynyň 9,1 milliard dollar boljakdygy çaklanylýar. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň 2029-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Portuň gurluşygy 74 %-lik paýa eýe boljak Jawaharlal Neru Port dolandyryşynyň (Nawa-Şewa portunyň resmi ady) we Maharaştra Deňiz geňeşiniň (Hindistanda bir ştat) bilelikdäki kärhanasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

Hytaýdan konteýnerlerde ýük daşamagyň wagty we nyrhlary 1,5-2 esse ýokarlandy

Mart-aprel aýlarynda Hytaýdan importyň azalmagy bilen, maý aýynda konteýner ýetmezçiligi meselesini has-da kynlaşdyrýan goşmaça ýük islegi ýüze çykdy. Iýun aýynda gämide boş konteýner we boş ýer üçin garaşmagyň ortaça möhleti iki hepdä çenli artdy we saýlanan ulag ugruna baglylykda ýük daşamagyň wagty 36 – 50% ýokarlandy. «Piter.tv» tarapyndan habar berlişi ýaly, şu aýyň başyndan Hytaýdan deňiz + demir ýoly arkaly harytlary ibermegiň ortaça wagty maý bilen deňeşdirilende 55–60 güne, göni demirýol gatnawy bolsa 30 gün çenli artdy (iki esse).