"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Dubaýdan Bakuwa uzaýan ýol

«СОР29-yň» üstünlikli geçiriljekdigini wada berýär 12-nji iýunda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýaýbaňlandyrylan çäre «COP28-iň» başlyklygynyň şu ýylyň noýabrynda «COP29» maslahatyny kabul etjek Azerbaýjana geçirilmegine bagyşlandy. BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy we ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan duşuşykda Dubaý forumynyň jemlerine garalyp, Bakuwda boljak çärede çözgütleriň kabul edilmegine ýaşlary çekmek meselesi barada pikir alşyldy. Şoňa görä, oňa Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, ýaş ekoişjeňler hem gatnaşdylar. Tebigaty söýüjileriň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, milli derejede dürli çäreleri geçirmek boýunça alyp barýan işleri, daşary ýurtlardaky forumlarda toplan tejribeleri hakynda tanyşdyrylyşlar bilen utgaşdyrylan çykyşlary duşuşyga gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Degişli ýolbaşçylara BAE-niň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili tarapyndan ýaşajyk bag nahallarynyň sowgat berilmegi bolsa özboluşly simwoliki mana eýe boldy.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu jähetden, 10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. IŞJEŇLIK. NETIJELILIK. YNANYŞMAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-koreý işewürlik maslahatyndaky çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-nji iýuny) Hormatly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol!

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy: täze ugurlar, giň mümkinçilikler

Dostlukly Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana ilkinji sapary iki halkyň we döwletiň taryhynda möhüm waka bolup durýar. Çünki saparyň çäklerinde möhüm ylalaşyklaryň ençemesi gazanylyp, 11-nji iýunda paýtagtymyz Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz we myhman işewürlik maslahatyna gatnaşdylar. AŞGABATDA GAZANYLAN YLALAŞYKLAR GELJEGI NAZARLAÝAR

Işewürlik. Ynanyşmak. Netijelilik

Ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli alyp barmak arkaly dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda abraýly kompaniýalar bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirýär. Muny 11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşlarymyz bolan meşhur iri kompaniýalaryň ençemesiniň ýolbaşçylaryny kabul etmegi aýdyňlygy bilen subut edýär. Hormatly Arkadagymyzyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen bolan duşuşygynyň dowamynda Türkmenistan bilen BAE-niň dünýäde tebigy gaza we nebite iň baý döwletleriň biridigi hem-de nebitgaz senagatyny ösdürmekde uly tejribä eýedigi nygtaldy. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeler we işewürlik üçin döredilýän oňaýly şertler barada aýdyp, Türkmenistanyň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygy

13-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Ulag-logistika aragatnaşyklary – Merkezi Aziýa sebitini gülledip ösdürmegiň möhüm ugry

Ýakynda Özbegistanyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa-Hytaý» seljeriji merkezleriniň dördünji forumy geçirildi. Seljerijileriň abraýly maslahatynyň işine gündogarşynas, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň bilermeni Döwletmyrat Mämmedow gatnaşdy. Türkmenistan «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy alymdan forumyň işi barada özünde galan täsirlerini paýlaşmagyny hem-de onuň pikiriçe, biziň sebitimizi ösdürmek üçin aýratyn möhüm görünýän ugurlar barada gysgaça durup geçmegini haýyş etdi.  – Ilki bilen, okyjylara sebitiň bilermenleriniň mundan ozalky forumynyň geçen ýylyň sentýabrynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilendigini ýatlatmak isleýäris. Şonda ýüzden gowrak bilermenleri hem-de alymlary bir ýere jemlän maslahatyň esasy meselesi «Hytaý-Merkezi Aziýa» görnüşinde bitewi ykbalyň has ýakyn jemgyýetçiligini döretmek boýunça tagallalary birleşdirmekden ybarat boldy. Sianda medeni-siwilizasiýa dürlüliginiň şertlerinde gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de sebitara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan söwda, ýük daşamak işlerini ýeňilleşdirmek boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

“Türkmen Logistika” assosiasiýasynyň uly utgaşdyryjysy Sapa Gurbanberdiýew Türkmenistanyň wekili hökmünde şu ýylyň 11-12-nji iýunynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen söwda we ýük daşamak işini ýeňilleşdirmekde mümkinçilikleri ýokarlandyrmak boýunça 15-nji halkara okuw maslahatyna gatnaşdy. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar geçiş ykdysadyýetli sebit ýurtlarynda port aragatnaşyk ulgamyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesine, maglumatlary we resminamalary alyşmagy standartlaşdyrmak boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanyşyna, söwda we ulag resminamalaryny sanlylaşdyrmak mümkinçiliklerine, utgaşykly daşalýan harytlara, TMTM, TRASEKA we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda maglumat alşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk barlagyny synagdan geçirmäge garadylar.

Aşgabatda gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy sebitara maslahaty geçirildi

11-12-nji iýunda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri duşuşyga synçy hökmünde wekilçilik etdiler. «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjy BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä Gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýowyň arasynda duşuşyk boldy. Onda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň nobatdaky Parlamentara forumyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada pikir alşyldy. Bu duşuşygyň maksady özara bähbitli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Köpugurly gatnaşyklaryň täze gözýetimleri

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahaty iki ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda toplanan tejribelerdir gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Biz koreýaly myhmanlaryň bu barada beren gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Dukgeun AHN,Koreýa Respublikasynyň söwda, senagat we energetika ministri:

Häzirki zaman tejribelerini ilerledip

Ýakynda paýtagtymyzda Ylymlar güni, şeýle hem halkara ylmy-tehnologiýa parky hukuk derejesini alan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň esaslandyrylmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli utgaşykly görnüşde geçirilen «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat netijeli häsiýete eýe boldy. Halkara guramalaryň, dünýä meşhur ylmy merkezleriň, öňdebaryjy ylmy tehnologiýa parklarynyň wekillerini, görnükli alymlary we inženerleri bir meýdança jemlän forumyň dowamynda häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň şu günki hem-de geljekki ösüş ugurlary, olary döwrüň talabyna görä peýdalanmagyň ýollary baradaky çykyşlar diňlenildi. Biz hem halkara ylmy maslahatda söz sözlän wekilleriň käbiriniň degişli forum hakdaky pikir-garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ebba LUND,Ylmy parklaryň we innowasiýa meýdançalarynyň halkara assosiasiýasynyň Baş direktory:

Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

12-nji iýunda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleri we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çäreler öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýapon tarapy bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, dostana gatnaşyklary jebisleşdirmek, Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny işjeň ösdürmek ugrunda alyp barýan daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişine goşant goşmak hem-de ýapon halkyny türkmen medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alyp, ýurdumyzyň edebiýat, sungat ussatlaryndan, alymlardan ybarat bolan uly düzümdäki wekiliýeti Tokio şäherine geldi. Düýn ýapon paýtagtynda ýerleşýän «Okura Tokyo» myhmanhanasynyň «Orçard» konsert merkezinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky Medeniýet günleriniň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýyla bagyşlanan çäreleriň açylyş dabarasy boldy. Onuň öňüsyrasynda gürrüňi edilýän konsert merkeziniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň hem-de Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Oňa gatnaşyjylar bu ýerde görkezilýän eserlere we gelin-gyzlarymyzyň el hünärleriniň önümi bolan milli egin-eşiklerimize uly gyzyklanma bildirdiler. Munuň özi milli gymmatlyklarymyzyň ýokary kämillik derejesiniň dünýädäki ykrary bolmak bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň medeni diplomat

Strategik hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri hem-de abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu bolsa häzirki döwrüň möhüm meýilleriniň çuňňur we toplumlaýyn seljerilmeginde hem-de ösüşiň ählumumy işlerine köpugurly goşulmagynda döwletimiziň tutýan ornunyň has-da pugtalanmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. BMG-niň bütin dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlary ýurdumyzyň milli ösüş we umumadamzat abadançylygynyň özara arabaglanyşygyna bolan garaýyşlary bilen kybap gelýär.

Türkmen-koreý işewürlik maslahaty: mümkinçilikleriň aýdyň ugurlary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimize  täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak syýasaty yzygiderli durmuşa geçirilýär. Netijede, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şu ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Gahryman Arkadagymyz we belent mertebeli myhman işewürlik maslahatyna gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatynda çuňňur manyly, giň dünýägaraýyşly pikirlerini aýdyň beýan etmek bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz özüniň çykyşynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has ýokary derejelere çykandygyny, esasan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarymyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetendigini, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny belledi. Şeýle hem häzirki wagtda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 sany resminama gol çekilendigini, şolardan 26-synyň  döwletara we hökümetara resminamalar, 79-synyň bolsa pudagara resminamalar bolup durýandygyny buýsanç bilen nygtady.

Türk­men-ko­reý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­rini gi­ňelt­me­giň ýo­lun­da

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyz we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoly hem-de sapar wagtynda ýanynda bolýan maşgalasy Kim Kon-Hini mähirli mübäreklediler. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Başlygy dost­luk­ly döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny bi­len du­şu­şy­gyn­da şu ge­zek­ki sa­pa­ryň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka­dy­gy­ny bel­le­di. Türk­me­nis­tan Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­na dost we yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýar hem-de bu ýurt bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Hyz­mat­daş­ly­gyň bar bo­lan uly kuw­wa­ty­nyň do­ly de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi umu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýär. Pre­zi­dent Ýun Sok Ýol bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­ga üýt­gew­siz gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Türkmenistan — Koreýa: hoşniýetli gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan açyk we netijeli dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy şertini emele getirýär. 10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary hem bu ugurda möhüm ädim boldy. Mö­hüm ugur­lar anyk­laş­dy­ryl­dy

Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda müňlerçe kilometr uzaklyk bar. Ýöne iki döwletiň arasyndaky dostluga daýanýan gatnaşyklar bu uzak menzilleri has ýakynlaşdyrýar. Bu gün biri-biri üçin ygtybarly hyzmatdaşlara öwrülen Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bu gatnaşyklaryň gerimini geljekde has-da giňeltmek üçin ynamly ädimleri ädýärler. Şol ädimler ýakynda dostlukly döwletiň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň biziň ýurdumyza amala aşyran iki günlük döwlet saparynda hem öz beýanyny tapdy. Ilki bilen hormatly Prezidentimiziň belent mertebeli myhman bilen geçiren gepleşikleriniň iňňän netijeli bolandygyny nygtamak gerek. Netijeli gepleşiklerden soň ikitaraplaýyn resminamalaryň 8-sine we Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Dünýä belentliginiň täze basgançagy

Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy eýýäm 32 ýyldan gowrak wagt bäri ygtybarly hyzmatdaşdygyny subut edip gelýän Türkmenistana ýene bir belent mertebäni ynandy: biziň ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň möhüm çözgütlere baý boljak 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy. Mälim bolşy ýaly, bu hoş habar Hökümetiň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde ilki bilen hormatly Prezidentimize ýetirildi. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň hem nygtaýşy ýaly, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 6-njy iýunda kabul eden çözgüdine laýyklykda dünýäde Bitaraplygy hut şu gurama tarapyndan kabul edilen ilkinji döwlet bolan Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Başlygyň orunbasary wezipesini alyp barar. Munuň özi Watanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde-de dünýäniň syýasy giňişliginiň biziň ýurdumyza bolan belent ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.