Öňňin Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi düýn öz işini dowam etdi. Türk kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir meýdança jemlän serginiň ikinji gününde täze önümleriň, döwrebap tehnologiýalaryň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Biz hem serginiň çäklerinde türkiýeli işewürleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.
Adem TAÝFUN,
«Hilal Alüminyum» kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjysy: