"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ne­sil­le­re nus­ga­lyk yn­san

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Har­by gul­luk­çy­lar we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri Wa­ta­ny­my­zyň we hal­ky­my­zyň öňün­dä­ki mu­kad­des bor­ju­ny my­na­syp ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gah­ry­man­çy­lyk­ly däp­le­ri­ni do­wam et­dir­ýär­ler. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy Wa­ta­ny­my­zyň şöh­rat­ly ogul­la­ry­nyň çäk­siz eder­men­lik­le­ri­niň hem-de gaý­duw­syz­lyk­la­ry­nyň my­sal­la­ry­na baý­dyr. Ola­ryň ha­ta­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­sy Berdimuhamet An­na­ýew hem bar. Mu­gal­lym we es­ger, öz top­ra­gy­nyň wa­tan­çy­sy bol­mak bi­len, ol Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da gaý­duw­syz sö­weş­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy, mu­gal­lym, es­ger, il­ha­lar yn­san Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň ýo­ka­ry nus­ga­lyk gö­rel­de­si bü­tin hal­ky­myz üçin edep-ter­bi­ýä­niň, wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň mek­de­bi­dir. Berdimuhamet aga­nyň Wa­ta­ny go­ra­mak­da, ýaş­la­ra bi­lim ber­mek­de bi­ti­ren iş­le­ri, maş­ga­la, per­zent ter­bi­ýe­si ba­ba­tyn­da kä­mil ýö­rel­ge­si, ýo­ka­ry adam­kär­çi­li­gi kal­by­myz­da yn­san­per­wer­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry­ny ös­dür­ýär.

Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­ri ruh­lan­dyr­ýar ne­sil­le­ri

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri: «Ki­tap adam­za­dyň kö­ňül nag­şy­dyr, ol me­de­ni gym­mat­lyk hök­mün­de ru­hy baý­ly­ga öw­rü­lip, adam­la­ryň ýü­rek­le­ri­ne ýol sa­lyp bil­ýär» di­ýip bel­le­mek bi­len, ki­ta­ba mu­kad­des­lik hök­mün­de ga­ra­ýar. Ki­tap hiç wagt hem gym­ma­ty­ny ga­çyr­ma­ýan ru­hy baý­lyk­dyr. On­da çäk­siz gud­rat, güýç bar. Ol geç­miş bi­len gel­je­giň, halk­lar bi­len ýü­rek­le­riň ara­syn­da­ky köp­ri. Kalp­la­ra bar­ýan ýol göz­ba­şy­ny ki­tap­dan alyp gaýd­ýar. Çün­ki «Ýü­rek­den çy­kan söz ýü­re­ge ba­rar» diý­li­şi ýa­ly, ki­tap­da kal­byň owa­zy ýaň­lan­ýar. Oky­jy ki­ta­by özü­ne ýol­daş edi­nip, dö­wür­le­re, älem-ja­ha­na sy­ýa­hat ed­ýär.

Arkadag şäherine 1 ýyl

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň toý da­ba­ra­la­ry­na bes­le­nip açy­lyp ula­nyl­ma­ga ber­le­ni­ne bir ýyl boldy Ta­ryh üçin bu bir ýyl uly möh­let däl. Ýö­ne ta­ry­hy dö­red­ýän Milli Li­deriň baş­lan­gyç­la­ry bilen Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy nuk­daý­na­za­ryn­dan al­nan­da, bu ju­da ulu­lyk, ju­da be­ýik­lik.

Kämilligiň nusgasy

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Wagt bir ýerde duranok. Eliňde suwy saklap bolmaýşy ýaly, wagty-da saklap bolmaýar. Sebitde we ýurdumyzda deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň açylanyna-da eýýäm bir ýyl bolupdyr. Bir ýylyň içinde bu şäheriň dabarasy daglardan aşdy diýsek ýalňyşmarys. Halkara derejesinde bu şäheriň mertebesiniň belentdigini onuň mynasyp bolan halkara güwänamalarydyr diplomlary, bu şähere gelýän syýahatçylaryň sanynyň juda kändigi, olaryň berýän bahalary-da aýdyň görkezýär. Arkadag şäheri sebitde dürli halkara forumlaryňdyr ýygnaklaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bularyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary, çäksiz zähmeti bar.

Bir suprada eda boldy aşymyz

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 1992-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly we deň­hu­kuk­ly ag­za­sy bol­mak bi­len, hal­ka­ra hu­ku­gyň ka­da­la­ry­ny yk­rar ed­ýän­di­gi­ni we hor­mat­la­ýan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Şeý­le­lik­de, Ga­raş­syz, özyg­ty­ýar­ly döw­le­ti­miz­de umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra ýö­rel­ge­ler­den ugur al­nyp, ýur­duň Esa­sy Ka­nu­nyn­da de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­ler, ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­mek, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň hu­kuk bin­ýa­dy ber­ki­dil­di. Onuň maz­mu­ny­ny döw­let hä­ki­mi­ýe­ti, gur­lu­şy, eýe­çi­li­giň gör­nüş­le­ri, şah­sy­ýe­tiň hu­kuk ýag­da­ýy ba­ra­da­ky ka­da­lar düz­ýär. Her ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi, kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­riň ösüş ugur­la­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy hä­si­ýet­li se­bäp­ler bi­len şert­len­di­ri­len. Kons­ti­tu­si­ýa, il­kin­ji no­bat­da, özün­de şol jem­gy­ýet­dä­ki eýe­çi­li­giň we yk­dy­sa­dy işiň gu­ra­ma­çy­ly­gy­nyň gör­nüş­le­ri­ni, döw­le­tiň ra­ýat­la­ry­nyň ola­ra gat­na­şy­gy­ny be­ýan ed­ýär. Adam­la­ryň jem­gy­ýet­de we döw­let­de ýa­şa­ma­gy­nyň esa­sy düz­gün­le­ri­ni, ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny we borç­la­ry­ny ber­kid­ýär. Şol san­da ýur­duň hä­ki­mi­ýet ul­ga­my­ny, onuň we­zi­pe­le­ri­ni we yg­ty­ýar­l

Habarlar we wakalar

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ker­ki et­rap Ge­ňe­şi bi­len Ker­ki et­ra­by­nyň Mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da har­by gul­luk­çy­la­ryň we es­ger­le­riň ara­syn­da «Mag­tym­gu­ly — ja­han­keş­de şa­hyr» at­ly dö­re­di­ji­lik du­şu­şy­gyny ge­çi­r­di.

«Akyl­ly» şä­he­riň owa­zy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Di­ýa­ry­my­zyň gü­nor­ta kün­je­gin­de se­leň­läp gö­rün­ýän Kö­pet­da­gyň gö­zel goý­nun­da tä­ze «akyl­ly» şä­he­riň — Ar­ka­dag şä­he­ri­niň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­le­ni­ne en­tek köp wagt ge­çe­nok. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň mä­hir-söý­gü­sin­den, ýü­rek ýy­ly­syn­dan bi­na bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri bu gün dün­ýä­niň na­za­ryn­da. Se­bit­de il­kin­ji «akyl­ly» şä­her hök­mün­de ady­ny ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na ýaz­dy­ran şä­he­r gö­zel­li­gi, ak­ly­gy, «akyl­ly» teh­no­lo­gi­ýa­la­ra baý­ly­gy bi­len hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ar­ka­dag şä­he­ri bu gün toý-baý­ram­la­ryň mes­ge­ni­ne öw­rül­di. Ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­ýan her bir baý­ram­çy­lyk, şow­hun-da­ba­ra «akyl­ly» şä­he­riň gu­ja­gyn­da hem tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, uly şat­ly­ga bes­le­nip bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu gün toý­la­ry ulu­dan tu­tul­ýan türk­me­niň tä­ze şä­he­ri­ni — Ar­ka­dag şä­he­ri­ni gör­mä­ge göz ge­rek.

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy geçirildi

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma te­at­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şi­giň mak­sa­dy be­ýik şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny gi­ňiş­le­ýin öw­ren­mek­den, wa­gyz et­mek­den, onuň çuň ma­na, pä­him-paý­ha­sa we ýo­ka­ry ah­lak ýö­rel­ge­le­ri­ne ýug­ru­lan gym­mat­ly goş­gu­la­ry­nyň ägirt uly äh­mi­ýe­ti ba­ra­da ýaş ne­sil­le­riň dü­şün­je­le­ri­ni gi­ňelt­mek­den yba­rat­dyr.

Dünýä nusgalyk şäher

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemleýän paýtagtymyz sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde dünýäde bellidir. Türkmen paýtagtynda yzygiderli geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, gepleşikler hem oňa aýdyň mysaldyr. Soňky ýyllarda Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik toplumynda gurulýan täze binalar diňe bir paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşman, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda-da möhüm orny eýeleýär. Munuň özi ýaşamak we işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aňladýar. Şu hili we birnäçe aýratynlyklary bilen merjen şäherimiz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna, takmynan, 11 gezek girizildi.

Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Il-hal­ky­my­za he­mi­şe ýa­ran bo­lan be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ta­ryh­da dur­nuk­ly ösüş­de hem-de öz or­nu­ňy ber­kit­mek­de der­wa­ýys bo­lan iň go­wy hä­si­ýet­le­riň hem-de mer­da­na­ly­gyň nus­ga­sy­dyr. Hut şo­nuň üçi­nem biz be­dew­le­ri­mi­zi ösü­şiň hem-de bag­tyň ala­ma­ty ha­sap ed­ýä­ris. Çün­ki ta­ry­hyň gat­la­ryn­da bo­lup ge­çen äh­li wa­ka­la­ra be­dew­le­ri­miz gö­nü­den-gö­ni da­hyl­ly bol­ma­sa-da, ola­ry be­dew­siz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn­dyr. Be­dew ba­ra­da­ky dü­şün­je bi­ziň dur­mu­şy­myz­da düýp­li orun alan­dyr. Be­dew — ösüş­le­re ýet­me­giň nus­ga­sy, bi­zi be­ýik üs­tün­lik­le­re tel­was­lan­dyr­ýan uly güýç.

Bedew — yhlasly zähmetiň miwesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň mi­ze­mez ara­bag­la­ny­şy­gy­ny özün­de jem­le­ýän ga­nat­ly be­dew­ler tu­tuş adam­za­dyň me­de­ni mi­ra­sy­na ägirt uly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň dö­re­di­ji­lik­li ze­hi­ni­niň aý­dyň mi­we­si­dir.

Döw­le­tiň go­şa sü­tü­ni

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bu gün gö­zü­mi­ziň gö­re­ji­ne de­ňel­ýän ýa­şyl Tu­gu­myz kal­by tä­miz hal­ky­my­zyň hem gör­ka­na Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na keş­bi bo­lup, dün­ýä­niň de­pe­sin­de er­ka­na pa­syr­dap dur. Baý­dak­da tu­tuş hal­kyň ru­hy dün­ýä­si, mer­te­be­si, päk gel­je­ge bo­lan be­ýik yna­my hem kal­by­nyň gö­zel­li­gi jem­le­nen­dir. Hä­zir­ki wagt­da türk­men top­ra­gy­na ba­har gül­le­ri­ni saçyp, lä­le-reý­han ýaz­la­ra ky­bap gö­zel­li­gi bi­len dik de­pä­miz­de pa­syr­dap du­ran ýa­şyl Tu­gu­myz ýü­re­gi­mi­ze nur, kal­by­my­za ýag­ty­lyk ça­ýýar. As­lyn­da-da, al as­man­da ow­sun at­ýan baý­da­gy­my­zyň ýa­şyl reň­ki ýa­zyň je­ma­lyn­dan, gör­ka­na­ly­gyn­dan göz­baş alan­dyr.

Ak şä­he­riň ýal­ky­my

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gö­zel­li­gi, tä­sin­li­gi, be­ýik bi­na­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat hä­zir­ki wagt­da gül­läp ös­ýän şä­her­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanly­gyn­da ýur­du­myz­da tä­ze gu­rul­ýan bi­na­lar, be­lent yma­rat­lar, des­ga­lar sa­nar­dan kän­dir. Paý­tag­ty­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan iri möçber­li iş­le­riň ne­ti­je­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri özü­niň ka­şaň bi­na­gär­lik top­lum­la­ry bi­len dün­ýä­niň iň owa­dan we amat­ly şä­her­le­riň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar. 

Ha­ýyr­ly iş­le­riň sa­ka­sy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy di­ňe bir türk­me­nis­tan­ly ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra däl, eý­sem, ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da, dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ejir çe­ken ça­ga­la­ry­na hem he­ma­ýat ber­mek mak­sa­dy­ny hem öz içi­ne al­ýar.

Ýa­şa­syn pa­ra­hat dur­muş!

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky bu gün­ki gün be­ýik Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň sa­ýa­syn­da asu­da as­ma­nyň, pa­ra­hat ze­mi­niň üs­tün­de ýa­şa­ýar. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da biz 1941 — 1945-nji ýyl­lar­da­ky Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan be­ýik Ýe­ň­şiň 79 ýyl­ly­gy­ny bel­le­dik.

Saňa at diýmerin, gardaş diýerin...

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Pe­der­le­ri­miz­den ga­lan bir pä­him bar: «Er­tir tur-da, ata­ňy gör, ataň­dan soň — aty­ňy». Bu pent­de ju­da te­reň ma­ny bar. Be­hiş­di be­dew — hal­kyň buý­san­jy. Türk­me­ni şon­suz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Ta­ry­hy kö­kü­ni heň­ňam­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan, äh­li ba­bat­da mil­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan hal­kyň geç­mi­şem, şu gü­nem, er­ti­rem be­dew at bi­len bag­ly­dyr. Be­dew­ler — türk­me­niň ga­na­ty, toý­da şöh­ra­ty, dur­muş­da we­pa­dar hem­de­mi.

Atalaryň arzuwlan berkarar döwleti

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Hal­ky­my­zyň umu­my­mil­li şa­hy­ry ha­sap­lan­ýan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy kül­li yn­san kow­mu­nyň ru­hy gen­ji-ha­zy­na­sy­nyň baý­laş­ma­gy­na, aňy­ýe­ti­niň kä­mil­leş­me­gi­ne ägirt uly go­şant go­şan şa­hyr­dyr. Dün­ýä­niň halk­la­ry türk­men­le­riň iň go­wy hä­si­ýet­le­ri, baý adam­kär­çi­lik sy­pat­la­ry bi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry ar­ka­ly has ýa­kyn­dan tan­şyp bil­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, olar be­ýik akyl­da­ryň eser­le­rin­den da­şy­my­zy gur­şap alan te­bi­gat hem jem­gy­ýet bi­len nä­hi­li saz­la­şyk­da ýa­şa­ma­ly­dy­gy­ny gö­rüp bil­ýär­ler. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi türk­me­niň halk ha­ky­da­sy­nyň üz­nük­siz­li­gi­niň, do­wa­mat-do­wam­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne ýar­dam edip­dir.

Magtymgulynyň şygyrlarynda sagdyn durmuş ýörelgesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga ba­gyş­lap ýa­zan «Yn­san kal­by­nyň öç­me­jek nu­ry» at­ly aja­ýyp ki­ta­byn­da: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy sö­züň güý­ji, gud­ra­ty bi­len şyg­ry­ýet äle­min­de ady ar­şa ga­lan be­ýik akyl­dar şa­hyr­dyr» di­ýip, örän jaý­dar bel­le­ýär. Söz sun­ga­ty­nyň zer­gä­ri ha­sap­lan­ýan şa­hy­ry­my­zyň şy­gyr­la­ryn­da päk ah­lak­ly­lyk, ru­hu­be­lent­lik, gel­je­ge ýag­şy umyt-ni­ýet, adam­kär­çi­lik du­ýul­ýar. Alym Ar­ka­da­gy­myz Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär. Dür­dä­ne pi­kir-paý­has­la­ry il-gü­ne ba­gyş­lan da­na şa­hyr hal­ky­myz­da şy­gyr bos­sa­ny­nyň bil­bi­li sa­ýy­lyp­dyr. Çün­ki akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň çuň­ňur ma­ny­ly şy­gyr­la­ry­ny okan we diň­län adam­la­ryň kal­by­na siň­ýär we ýü­re­gi­niň tö­rün­den orun alyp, ru­hy lez­zet paý­la­ýar.

Mil­li buý­san­jy­myz

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­men hal­ky özü­niñ uzak ta­ry­hy döw­rün­de dün­ýä­niñ mad­dy we me­de­ni ha­zy­na­sy­na hiç ha­çan gaý­ta­lan­ma­jak mil­li gym­mat­lyk­la­ry go­şup­dyr. Şo­la­ryñ bi­ri-de ga­myş­gu­lak ahal­te­ke be­dew­le­ri­miz­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziñ buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz» at­ly ki­ta­byn­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niñ ge­lip çy­ky­şy, ta­ry­hy ösüş ýo­ly, owa­dan­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy, çy­dam­ly­ly­gy, dün­ýä at­çy­lyk me­de­ni­ýe­tin­de tut­ýan or­ny we mad­dy gym­mat­lyk hök­mün­de gör­ke­zen ne­ti­je­le­ri ba­ra­da baý mag­lu­mat­lar be­ýan edil­ýär. Biz bu ki­ta­by oka­ny­myz­da ahal­te­ke be­dew­le­ri­niñ yk­ba­ly­nyñ türk­men hal­ky­nyñ yk­ba­ly bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­na göz ýe­tir­ýä­ris.

Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko — kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Oleg Ko­no­nen­ko­nyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­de gör­kez­ýän ne­ti­je­le­ri­ne bu gün dün­ýä şa­ýat bol­ýar. Go­laý­da ol Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gi­je-gün­di­zi ge­çi­ren dün­ýä­de il­kin­ji adam bol­dy. Bu ba­ra­da «Ros­kos­mo­s» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy­na sal­gy­la­nyp, TASS ha­bar­lar agent­li­gi ha­bar ber­ýär.